BMG-nyň 69-njy sessiýasynyň döwürleýin ýolbaşçysy saýlanar

BMG-nyň Baş Asambleýasynyň 69-njy sessiýasynyň döwürleýin ýolbaşçysy saýlanýar.

90533
BMG-nyň 69-njy sessiýasynyň döwürleýin ýolbaşçysy saýlanar

193 agzasy bolan BMG-nyň Baş Asambleýasy şu gün 69-njy sessiýanyň döwürleýin ýolbaşçysyny saýlar.
Simwoliki taýdan BMG-nyň Baş Asambleýasynyň ýolbaşçysy 5 geografiýanyň arasynda her ýyl üýtgeýär we nobat Afrika ýurtlary toparyna geldi.
Afrika ýurtlarynyň öz aralarynda ylalaşyk gazanandygy we diňe Ugandanyň Daşary işler ministri Sam Kutesaýy dalaşgärlige hödürlejekdigi nygtalýar.
Beýleki toparlar bolsa Aziýa, Gündogar Ýewropa, Günbatar Ýewropa we beýlekiler.
Türkiýe Günbatar Ýewropa we beýlekiler toparynda ýer alýar.
Döwürleýin ýolbaşçylyk her ýylyň sentýabr aýynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän BMG-nyň Baş Asambleýasynyň oturlyşyklary bilen başlaýar we 1 ýyl dowam edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar