Titanik gämisinde ýazylan iň soňky hat 200 müň dollara satyldy

Britaniýada geçirlen auksiona telefon arkaly gatnaşan bir adam gol ýazma haty doly 200 müň dollara satyn aldy

61449
Titanik gämisinde ýazylan iň soňky hat 200 müň dollara satyldy

1912-nji ýylda batan meşhur Titanik gämisinde ýazylan belkide iň soňky hat 200 müň dollara satyldy.

Britaniýada geçirlen auksiona telefon arkaly gatnaşan bir adam gol ýazma haty doly 200 müň dollara satyn aldy.

Ester we Benžamin Hart bilen 7 ýaşyndaky gyzlary Ewa Titanikde syýahat edýärdi.

Nýu Ýorka gaýdyp baranlaryndan soň Kanada göçmegi meýilleşdirýärdiler.

Ester Hart gämi batmazdan 7 sagat ozal ejesine hat ýazýar we poçta bermegi üçin adamsyna berýär.

Adamsy hem haty paltosynyň jübüsine goýýar emma poçta berip ýetişmeýär. Üşemesim diýip paltosyny aýalyna berýär.

Titanik pajygasynda 700 adam halas boldy, 1500 adam ýogaldy. Benžamin hem ýogalanlardan biridi.

Ester 1928-nji ýylda gyzy, Ewa bolsa 1996-njy ýylda ýogalýar.

Paltonyň jübüsünde galan hat düýn Britaniýada geçirlen auksionda 200 müň dollara satyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar