Ermenistana Degişli SU-25 Kysymly Harbý Uçar Urlup Düşürildi

Çaknyşyklar Agdere, Hojawendi we Gubadly liniýalarynda dowam edýär

1520122
Ermenistana Degişli SU-25 Kysymly Harbý Uçar Urlup Düşürildi

Azerbaýjanyň goşunlary, ylalaşyga garamazdan front liniýasynda düýn gije hüjümlerini dowam etdiren, azerbaýjanly esgerlere we ilatly ýerlere od açan Ermenistana zarba urmaga dowam edýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, çaknyşyklaryň esasan Agdere, Hojawendi we Gubadly liniýalarynda dowam edendigi nygtaldy.

Beýannamada, Ermenistanyň goşunlarynyň hüjümleriniň yza serpikdirlendigi, soňky 24 sagatda front liniýalarynda Ermenistanyň goşunlaryna degişli 4 sany “Grad” roketa ulgamynyň, dürli görnüşli 10 topuň, ýaragdan doly 3 ýük ulagynyň we 5 ulagyň hatardan çykarlandygy, birnäçe esgeriň hem täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Uly ýitgi çeken ermeni güýçleriniň yza çekilmeli bolandygy, ýaraglarynyň we azygynyň tükenendigi ýatladyldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen başga bir beýannamada bolsa, Ermenistana degişli SU-25 kysymly ýene-de bir harby uçaryň urlup düşürlendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar