Azerbaýjan Ermenistanyň goşunyna degişli harby ulag kerwenini ýok etdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi geçirilen operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1519792
Azerbaýjan Ermenistanyň goşunyna degişli harby ulag kerwenini ýok etdi

Azerbaýjanyň goşuny, öz topraklaryny basyp alyşlykdan azat etmek üçin başladan operasiýasynyň çäginde Ermenistanyň goşunyna degişli harby ulag kerwenini ýok etdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, 31-nji oktýabrda ýerli wagt bilen sagat 17:00-da, Hojawend şäheriniň golaýynda Ermenistanyň goşunyna degişli harby ulag kerweniniň hereket edýändigi anyklanandygy mälim edildi. 

Beýanatda harby ulag kerweniniň şol bir wagtyň özünde hem gury ýerden hem-de howadan nyşana alynyp od açylandygy habar berildi. 

Ermenistanyň goşunyna degişli harby ulaglaryň käbirleriniň ýok edilendigi, harbylarynyň bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi guralan hüjümiň wideo ýazgylaryny hem halk köpçüligi bilen paýlaşdy. 

Nyşana alynyp hüjüm guralan ulag kerweninde Daglyk Garabagdaky Ermeni dolanşygynyň başlygy Araýik Harutunýanyň hem bolandygy barada habarlar paýlaşyldy. 



Degişli Habarlar