Kalyn we Hajyýew Ermenistanyň Premýer ministrine nägilelik bildirdiler

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň "Garabag boýunça diplomatik çözgüt ýok" diýip beýanat bermeginiň, Ermenistanyň niýetini orta goýandygyny belledi

1513669
Kalyn we Hajyýew Ermenistanyň Premýer ministrine nägilelik bildirdiler

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Paşinýanyň Garabag boýunça diplomatik çözgüt ýok diýip beýanat bermegi, Ermenistanyň niýetini orta goýar. Kimiň söweş isleýäni belli boldy. Bu Türkiýäniň we Azerbaýjanyň edýänleriniň dogrulygyny subut etdi, Günorta Kawkazda parahatçylyk we asudalyk diňe Garabag basyp alyşlykdan azat edileninden soň geler" diýip nygtady. 

AZerbaýjanyň Wise-prezidenti Hikmet Hajyýew hem, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň raýatlaryny front liniýasyna çagyrmagyny we meseläniň diplomatik çözgüdi ýok diýip beýanat bermegini, halkara jemgyýetiň diplomatik tagallalaryna hormat goýmaýanlygy hökmünde häsýetlendirdi. 
 



Degişli Habarlar