Fahrettin Altun Azerbaýjanyň Wise-prezidenti Hikmet Hajyýew bilen söhbetdeş boldy

Altun, Azerbaýjanyň Wise-prezidenti we Prezidentiň Daşary syýasat edarasynyň başlygy Hikmet Hajyýewi dogulan güni bilen hem gutlady

1509546
Fahrettin Altun Azerbaýjanyň Wise-prezidenti Hikmet Hajyýew bilen söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Azerbaýjanyň Wise-prezidenti we Prezidentiň Daşary syýasat edarasynyň başlygy Hikmet Hajyýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Fahrettin Altun, Hikmet Hajyýew bilen örän netijeli gepleşik geçirendiklerini belläp: "Azerbaýjany Ermenistanyň Daglyk Garabagdaky bikanun basyp alyşlygyny bes etmäge çalyşýan bu döwürde, dezinformasiýa garşy göreş başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça goldamaga dowam ederis" diýip 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Azerbaýjanyň Wise-prezidenti we Prezidentiň Daşary syýasat edarasynyň başlygy Hikmet Hajyýewi dogulan güni bilen hem gutlady. 

Hikmet Hajyýew bolsa telefon söhbetdeşligi bilen bagly beren beýanatynda: "Dostum Fahrettin Altun bilen ýurtlarymyza garşy alynyp barylýan propoganda we dezinformasiýa garşy göreşmek üçin umumy ädimleri we hyzmatdaşlyklary gözden geçirdik. Azerbaýjan-Türkiýe Media platforma tagallalarymyzy berkitmek üçin möhüm bir göçüm bolar"diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar