Terrorizme garşy göreşde täze döwür

Hepdäniň Syny

2119400
Terrorizme garşy göreşde täze döwür

Prezident Erdoganyň çykyşlaryndan soň Hakan Fidanyň sebite guran saparlary we netijede ýerlerde edilmäge başlanan başlangyçlar Türkiýäniň terrorizme garşy göreş çäginde Yrakda we Siriýada täze harby operasiýalary guramaga başlajakdygyny görkezýän bolsa, ABŞ-nyň sebitden çekilip, çekilmejekdigi, Russiýa we Eýran ýaly güýçleriň etjek başlangyçlary hem Türkiýäniň degişli operasiýa usulyny kesgitlejege meňzeýär.

Türkiýe taýdan sebitde oňyn wakalar bolup geçýär. Esasanda resmi Bagdat bilen dowam edýän syýasy we diplomatik gepleşikler terrorizme garşy göreşde ilkinji netijelerini bermäge başlady. Yragyň hökümeti PKK-ny resmi taýdan gadagan edilen guramalaryň hataryna goşan bolsa, geçirilen bilelikdäki howpsuzlyk maslahatynda PKK garşy Yrakda ediljek başlangyçlar seljerildi. Türkiýe sonunda hem Bagdat hem-de Erbil bilen utgaşyklykda PKK garşy göreşmek isleýän bolsa, Bagdadyň hem indi PKK belasyndan dynmak isleýändigini görkezýän güýçli alamalatlar bar. Netijede Türkiýäniň we Yragyň birek-biregi tamamlaýyjy güýçli ykdysady bähbitleri bar. Söwda mukdarynyň artdyryljakdygy, suw meselesiniň has netijeli çözüljekdigi, türk firmalarynyň Yrakdaky maýa goýumlarynyň artjakdygy garaşylýan netijelerden käbirleri. Esasanda geljek aý Prezident Erdoganyň Bagdada sapar guramagyna garaşylýar. Şol çäkde degişli ugurlarda has anyk başlangyçlaryň edilmäge başlanjakdygyny aýtsak ýerliksiz bolmaz. Şeýle hem Galkynyş ýoly taslamasy Pars aýlagyndan başlap, Yragyň üstaşyr Türkiýä çenli gelip ýetjek global logistika ulgamynyň döredilmegi boýunça taraplaryň ylalaşmagy we oňa maýa goýmaga başlamaklary hem indi PKK meselesiniň çözülmelidigini görkezýan beýleki bir görkeziji.

Bu hususda elbetde Eýranyň eýelejek pozisiýasy möhüm. Eýran islän halatynda Bagdatdaky güýjünden peýdalanyp, muňa zyýan ýetirip biler we Türkiýe şol çäkde geljekki ýyllarda PKK garşy bir taraply başlangyçlar etmeli bolup biler. Emma onuň ne Ankaranyň ne-de Bagdadyň bähbidine bolmandygy mälim.

Türkiýe taýdan beýleki bir mesele bolsa Siriýa. Ol ýerde amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilip-çekilmejekdigi meselesi gün-tertibiniň esasy meselesi bolmagynda galýar. Emma Türkiýäniň Yrakda etjek başlangyçlary esasanda guramanyň Yrak-Siriýa arabaglanşygynyň kesilmegi Siriýada hem terrorizme garşy göreş boýunça oňyn netijeleri ýüze çykarar. Türkiýe häzirki wagtda serhet zolagynda PKK bilen göreşýär. Emma wagtal-wagtal dekapitasion tapgyrynyň çäginde PKK terrorçylary Milli howpsuzlyk guramasynyň gullukçylary tarapydan Siriýada nyşana alynýar. Emma täze bir giň gerimli operasiýa üçin ABŞ-nyň Siriýadan çekilip-çekilmejekdiginiň kesgitlenmegi möhüm.



Degişli Habarlar