Global Güýç: Türki Döwletleriň Guramasy

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasatynyň gün-tertibiniň ileri tutulýan esasy ugurlaryndan biri Türki döwletleriň guramasynyň we guramanyň çäginde hyzmatdaşlyklaryň güýçlendirilmegidir.

2112893
Global Güýç: Türki Döwletleriň Guramasy

Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasatynyň gün-tertibiniň ileri tutulýan esasy ugurlaryndan biri Türki döwletleriň guramasynyň we guramanyň çäginde hyzmatdaşlyklaryň güýçlendirilmegidir. TDG, özüne mahsuslygy bilen öňe saýlanýan halkara guramadyr. TDG, beýleki sebitleýin guramalarda bolşy ýaly, diňe bir agza ýurtlary baglanşdyrýan umumy strategiýadan, ikitaraply bähbitlerden ýa-da integrasiýadan ybarat däl. Bu gurama, umumy taryhymyza, dilimize, medeniýetimize we däp-dessurlarymyza esaslanýar. Şeýlelikde TDG-na agza ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar doganlyk gatnaşygydyr.

Umumy maksat: Global derejede güýç merkezi bolmak

Azerbaýjan elmydama türki dünýäniň jebisligine goşant goşan ýurt we şol jebislige wepaly bolmagynda galar. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň 14-nji fewralda geçirilen kasam ediş dabarasynda beýan edişi ýaly “Türki döwletleriň guramasy biziň üçin esasy halkara guramadyr, sebäbi ol biziň maşgalamyz. Biziň başga maşgalamyz ýok. Biziň maşgalamyz türki dünýädir.” 2009-njy ýylda Nahiçewan ylalaşygynyň kabul edilmegi bilen döredilen TDG, 14 ýyldan gowrak wagtda syýasy, ykdysady, ulaglar, energetika, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sanly öwrülşik, syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk platformalaryny döretdi. Guramanyň çäginde türki döwletleriň arasynda özara we köptaraply formatda hyzmatdaşlyk, yzgiderli we ulgamlaýyn dowam etdirilip ýylsaýyn güýçlendi. Emma dünýädäki bar bolan halkara howpsuzlyk meseleleri, çaknyşyklar, syýasy we jemgyýetçilik-ykdysady çökgünlikler, her bir döwletiň durnuklylygyny we abadançylygyny gorap saklama zerurlylygyny talap etdi. Şol jähtden doganlyk türki döwletleriň has ýygydan jemlenşip, arkalaşyklaryny güýçlendirmekleri we netijede bir güýç hökmünde hereket etmekleri möhüm. Ähli taraplaýyn hemleler we kynçylyklar bilen gurşalan sebitimizde, ýurtlarymyzyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny güýçlendirilmeli, geosyýasy diwersifikasiýa we özgerlişik çäreleri iş ýüzüne geçirilmeli.

Bar bolan geostrategik şertler bu ugurda ösüş üçin amatlydyr we türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyra geçmegi üçin iň amatly şertler bar. Hazar deňizini, Gara deňizi we Orta ýer deňizini öz içine alýan sebitdäki güýçli pozisiýasy bilen geostrategiýanyň kesgitleýiji faktory bolan türki dünýäniň täze global ulgamyň kesgitlenmeginde möhüm orun tutmagy 21-nji asyryň türk ideologiýasynyň taryhy missiýasydyr. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem beýan edişi ýaly “Biziň syýasatymyz Türki döwletleriň guramasyny güýçlendirmekdir. Bu giň sebit, uly territoriýa, uly harby güýç, uly ykdysadyýetdir, tebigy baýlyklar, aragatnaşyk ýollary, ýaş ilat, artýan ilat sany we şol bir kökden gelip çykýan halklardyr. Mundan güýçli bileleşik bolup bilermi? Elbetde bolup bilmez. Türki döwletleriň guramasynyň global derejede güýç merkezine öwrülmegi üçin bilelikde tagalla edilmeli. Onuň hötdesinden diňe bilelikde gelip bileris.” Azerbaýjanyň Prezidentiniň bu ägirt we öňdengörüji strategi ýaly pikirleri möhüm ähmiýetlidir we türki dünýäniň has ýakyn integrirlenmegi üçin iňňän möhüm çagyryşdyr.

Türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti

Ýetilen sepgitde türki döwletleriň arasynda howpsuzlyk we goranyş ugurlarynda özara arkalaşygy ýola goýjak mehanizm döredilmegi göz öňünde tutulmaly. Tagallalarymyzy bu ugurda birleşdirmegimiz, ýurtlarymyzyň özygtyýarlylygynyň we garaşsyzlygynyň güýçlendirilmegine, durnuklylyga hem-de galkynyşa hyzmat eder. Şol bir wagtda dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga hem möhüm goşant goşar. Şol bir wagtda-da türk dünýä galkynyşa we durnuklylyga hyzmat edýän parahatçylygy söýüji jemgyýet. Döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we integrasiýanyň ýany bilen howpsuzlyk hem-de goranyş ugurlaryndaky özara hyzmatdaşlyklar haýsydyr bir döwlete ýa-da döwletler bileleşigine garşy däldir. Aziýany Ýewropa birikdirýän Merkezi koridorda ýerleşýän türki döwletleriň ulag we aragatnaşyk infrastrukturalarynyň güýçlendirilmegi, gümrük we üsatşyr geçiş usullarynyň ýönekeýleşdirilmegi we bir-birlerine utgaşykly ýagdaýa getirilmegi, sebitiň söwda we üstaşyr geçiş potensialynyň artdyrylmagyna goşant goşar. Ykdysady, senagat we maliýe pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk taslamalarynyň giňişleýin iş ýüzüne geçirilmegi, türki döwletleriň arasynda haryt we hyzmat dolanşygynyň ýeňilleşdirilmegini ýola goýşy ýaly, sebitimiziň önümçilik hem-de eksport ukybyny hem artdyrar.

Jemgyýetlerimiziň sagdyn ösüşi üçin saglygy saklaýyş potensialyndan ýokary derejede peýdalanmak möhüm. Şol çäkde doganlyk türki döwletleriň arasynda maglumat, tejribe we tehnologiýa alyşmak, ösen saglygy goraýyş şertleriniň iş ýüzüne geçirilmegini ýola goýjak mehanizmleriň döredilmegi üçin anyk başlangyçlaryň edilmegi hökmany bolup durýar.  Türki döwletleriň ilatynyň 40 göterimine golaýy ýaşlardan ybarat. Türki dünýäniň intellektual potensialynyň güýçlendirilmegi, bilim pudagynda konstruktiw aragatnaşyk tejribeleriniň ähli türki döwletleriň bilim ulgamyna integrirlenmegi başlangyç maksat bolmaly. Şonuň bilen bilelikde türki dünýä sebitinde döwrebap, döwrüň kynçylyklarynyň öňünde utgaşykly maglumat sferasynyň döredilmegi, kiber howpsuzlyk taýdan netijeli başlangyçlaryň edilmegi hem öňde durýan borçlardan biridir. Türki medeniýet mirasynyň goralmagy we onuň tanyşdyrylmagy, şol bir wagtda-da şol mirasyň halkara derejesinde tanyşdyrylmagy üçin bilelikdäki işleriň alynyp barylmagy we degişli halkara guramalarda bu ugurda pozisiýa eýelemek hem möhüm. Döwlet ýolbaşçylarymyzyň syýasy ygtyýary, TDG-nyň güýçlendirilmegine we beýan edilen ugurlarda anyk netijelere ýetmäge şert döreder. Döwletlerimiziň we halklarymyzyň bilelikdäki işleriniň negijesinde bileleşigimiziň güýçlenmegi, türki dünýäniň, dünýäniň öňdebaryjy güýç merkezlerinden birine öwrülmeginiň şertlerini döreder.

(Halef Halefow, Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýörite görkezmeleriniň iş ýüzüne geçirilmeginden jogapkär wekili.)

*Makaladaky pikirler awtoruna degişlidir we “Anadoly” habarlar gullugynyň editorial syýasatyny gabat gelmän biler.



Degişli Habarlar