Türki döwletleriň arasynda dowam edýän bitewileşme tapgyry

Ýewraziýa Syn

2100476
Türki döwletleriň arasynda dowam edýän bitewileşme tapgyry

2024-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türki hyzmatdaşlyk guramasynyň Utgaşdyryjy topary 4-nji maslahatyny geçirdi. Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahada TÜRKPA-nyň we TÜRKSOÝ-yň baş sekretarlary, Halkara türki akademiýanyň we Halkara türki medeniýeti we miras gaznasynyň başlyklary gatnaşdylar. Maslahatda 2024-nji ýylda ediljek işler, türki döwletleriň döwlet ýolbaşçylarynyň kararlarynyň hem-de görkezmeleriniň iş ýüzüne geçirilmegi hakynda pikir alyşyldy. Türki döwletleriň halkara guramalarynyň utgaşykly hyzmatdaşlygy dowam eder.

2023-ji ýylda depgini güýçlenen türki döwletleriň arasyndaky bilelikde işleşme tapgyry dowam edýär. Mysal üçin  2024-nji ýylyň 19-nji ýanwarynda Bakuwda Türki dünýäniň kino pudagynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Özbegistandan we Türkiýeden kino pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda bilelikdäki Nasretdin Hoja Ependi kino-film taslamasy giňişleýin seljerildi.

Türki döwletleriň kärdeşler arkalaşyklarynyň döredilmegi boýunça taýýarlyklar hem dowam edýär. 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Stambulda Türki döwletleriň Bäsdeşlik guramasynyň döredilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Soň bolsa Türki döwletleriň Bäsdeşlik guramasynyň 1-nji maslahaty geçirildi. Türki döwletleriň Bäsdeşlik guramasynyň nobatdaky maslahaty Azerbaýjanda geçiriler.

1-nji fewralda Türki dünýäniň Töwellaçylar bileleşiginiň Başlygy Ýakup Erikel Azerbaýjana sapar etdi. Erikel Azerbaýjanyň Töwellaçylar geňeşiniň başlygy Nadir Adilow, Azerbaýjanyň Kazyýet akademiýasynyň Başlygy Şahin Aliýew bilen duşuşyklar geçirdi. Türki dünýäniň Töwellaçylar bileleşiginiň Başlygy Erikel geljekki aýlarda türki döwletlere sapar edip, ýolbaşçylar bilen duşuşyklar geçirjekdigini beýan etdi. Awgust aýynda Özbegistanda Türki dünýäniň Töwellaçylar bileleşiginiň 1-nji gurultaýynyň geçiriljekdigi habar berildi.

2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy döwletleriň Demir ýol ederalarynyň wekilleri ilkinji onlaýn maslahatyny geçirdi. Maslahatyň maksady Türki döwletleriň Demir ýol edaralarynyň Geňeşini döretmek.

Ýanwar aýynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Türkiýä, Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministri Özbegistana, Türkiýäniň Daşary işler ministri Gazagystana, Türkiýäniň Prezidentiniň Orunbasary Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna, Türkiýäniň Milli goranmak ministriniň orunbasary Azerbaýjana, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň Içeri işler ministrleri Gazagystana, Özbegistanyň Mejlisiniň  başlygynyň Orunbasary Azerbaýjana, Türkiýäniň Energetika we tebigy çeşmeler ministri Azerbaýjana, Gazagystanyň Daşary işler ministri Gyrgyzstana, Gyzgystanyň we Özbegistanyň Premýer-ministrleri Gazagystana sapar etdiler.

Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň arasynda bitewileşme başlangyçlary öz netijesini bermäge başlady. Gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda mukdary 2022-nji ýylda 33 milliard dollar bolan bolsa, şol mukdar 2023-nji ýylda 42 milliard dollara ýetdi. Türki maýa goýum gaznasynyň işe girişmegi şol mukdaryň hasam artmagyna goşant goşar.



Degişli Habarlar