Ýakyn Gündogarda uly söweş başlarmy?

Hepdäniň syny

2096804
Ýakyn Gündogarda uly söweş başlarmy?

Yrak, Siriýa we Iordaniýa üçburçlugynda strategiýa taýdan uly rol oýnaýan ýerde ýerleşýän ABŞ-nyň Tower 22 atly harby merkezine uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümde amerikaly azyndan 3 esger ýogaldy, 35 esger hem ýaralandy. ABŞ-ny geň galdyran bu hüjümiň jogapkärçiligini Yrakda iş alyp barýan şaýy başbozarlardan ybarat Yslamy direliş atly topar öz üstüne aldy. Hüjümden soň ABŞ-nyň Prezident Jo Baýdeniň alyp barjak tutumy ünsleri özüne çekdi. Ýakyn Gündogarda ABŞ-Eýran we hyzmatdaşlaryny öz içine alýan uly söweşiň ýüze çykyp çykmajakdygy meselesi bolsa näbelli bolmagynda galýar.

SETA-nyň Daşary syýatyny öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

7-nji oktýabrda Aksa Tupany operasiýasy bilen başlan we Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylyga garşy Eýranyň we beýleki toparlaryň başladan çaknyşyklary, sebitleýin söweşiň başlap başlamajakdygy aladalaryny ýüze çykarypdy. Eýranda Hizbullah we beýleki yrakly şaýy toparlar gözegçilikli ýagdaýda çaknyşyklaryny dowam etdirdi. Ysraýylyň meçew beriji aksiýalaryna garşy “strategik sabyrlylyk” bilen gözegçilikli ýagdaýda degişli gaýtawuly görkezdiler. Muňa mysal hökmünde Ýemendäki Enserullah hereketiniň we Husileriň hüjümlerini görkezmek bolýar. Husiler, Gyzyl deňizi we Babul Mendebi Ysraýylyň we ýaranlarynyň gämilerine ýapdy. ABŞ hem Britaniýanyň goldaw bermeginde Ýemene garşy howa hüjümini guramaga başlady.

Soňky gezek ABŞ-nyň harby merkeziniň Yrak, Siriýa we Iordaniýa üçburçlugynyň nyşana alynmagy täze uçgun manysyny aňladýar. Ozal Yrak-Siriýa liniýasynda ABŞ-nyň harby merkezlerine 200-e golaý hüjüm guralypdy. Emma ol kiçi göwrümli hüjümlerdi. Emma soňky hüjümlerde amerikaly 3 esger öldürildi.

Elbetde mundan soňky etrabyň nähili dowam etjekdigine ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden karar berer. Amerikan halk köpçüligi we esasan Jemhuriýetçiler Prezident Baýdene uly basyş edýär we Eýranyň gönüden nyşana alynmagy talap edilýär. Emma saýlawlar üçin taýarlyk görülýän ýurtda Eýran bilen söweşmek üçin kararyň kabul edilmegi beýle aňsat bolmaz. ABŞ-Eýran söweşi tutuş Ýakyn Gündogara we elbetde ABŞ bilen hyzmatdaşlarynyň bähbitlerine hem uly zeper ýetirjek ýangyna sebäp bolup biler. Baýden soňky hüjüme çäkli gaýtawul görkezilmegine oňyn garaýar, şeýlelikde halkyň öňünde güýçsiz görünmegiň  hem öňü alynar. Yrakda we Siriýada Eýran bilen arabaglanşykly toparlara garşy howa hüjümleri guralyp bilner. Şol sebäpli hem häzirlikçe uly söweşiň başlamak howpy gaty az. Emma Ysraýylyň Gazadaky basyş alyşlygy we edýän gyrgynçylygy dowam edýändigi sebäpli Ýakyn Gündogar howply bolmagynda galar. Elbetde ABŞ bilen hyzmatdaşlaryna hem şol howp abanmaga dowam eder.

SETA-nyň Daşary syýatyny öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #Eýran , #söweş , #ABŞ

Degişli Habarlar