2024-nji Ýylda Dünýä Geosyýasaty

Hepdäniň Syny

2085090
2024-nji Ýylda Dünýä Geosyýasaty

 

2024-nji ýyla gadam basdyk, emma sebitimizde 2023-den galan meseleler we çaknyşyklar dowam edýär. Russiýa-Ukraina söweşi ýokarky tapgyra göterilen bolsa, Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylygy dowam edýär. Bir tarapdan husileriň Bab al Manaby we Gyzyl deňizi ýapmagy, ABŞ-nyň çäre tapma tagallalary hem galan ýerinde dowam edýär. Sudanda bolsa içerki söweş günsaýyn dartgynlaşýar. 2023-nji ýylyň ilkinji günleri sebitleýin kadalaşma we gaýtadan özara bähbit düşünjesi bilen diplomatiýanyň öňe saýlanýan ýyl bolmagy tama edilen bolsa, indi has garaňky we näbelli şertler bar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2024-nji ýylyň ilkinji güni Ýakyn Gündogar ýene-de gan kölüne öwrüldi. Ysraýylyň Gazadaky operasiýasy we gyrgynçylygy gowşaman dowam edýär. 22 müň adam ýogaldy we her gün ýüzlerçesi ölýär. Günbatar ýurtlary hüňürdemek bilen bilelikde Ysraýyly goldamaga dowam edýärler. Ysraýylly resmiler dünýäniň gözüniň öňünde indi Gazanyň boşadylmagynyň nähili bolmalydygy boýunça beýanatlar bermäge başladylar. Hamas we beýleki palestinaly söweşjeň toparlar garşysyndaky uly güýje garamazdan göreşini dowam etdirýärler. Ysraýyl bolsa aç-açan ýagdaýda söweşi giňeltmek üçin perwaýsyz başlangyçlar edýär. Birnäçe gün ozal türk howpsuzlyk gullugy MOSSAD-yň Türkiýedäki işleri we içaly toruna agyr zarba uran operasiýa geçirdi. Ysraýylyň harby howa güýçleri bolsa 2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Beýrudy bombalap, Hamasyň esasy ýolbaşçylaryndan birini öldürmekden çekinmedi. Şeýle hem 3-nji ýanwarda Eýranda Kasym Süleýmanini hatyralama çäresinde yzly-yzyna bombalar ýaryldy, ýüze golaý adam pida boldy. Ysraýyl birnäçe gün ozal hem eýranly generallardan birini Siriýada öldüripdi. Bu operasiýa usullary aç-açan ýagdaýda Ysraýyň söweşi sebitleýin häsýete öwrüp, ABŞ-ny we beýleki günbatar ýurtlaryny Eýrana garşy harby çäre görmäge mejbur etmek isleýär. Eýran bolsa henizem husileriň Bab al Madaby we Gyzyl deňizi ýapma synanşygyndan başga güýçli gaýtawul berip bilmedi. Soňky wakalardan soň Hizbullahyň demirgazgykda bar bolan çäkli harby güýçleriniň üstüni ýetirip ýetirmejekdigini göreris, emma az hem bolsa Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň giňelýändigi görülýär. Ýakyn Gündogardaky beýleki front bolsa Sudanda. Gynansagam ol ýerde-de asuda ilatdan müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan içerki söweş bar. BAE-niň başda durmagynda käbir ýurtlaryň ol ýerdäki oda benzin dökýändikleri görülýär.

Demirgazykda bolsa Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar dartgynlaşýar.Esasanda Russiýanyň günbatar  ýurtlarynyň Ukrainany goldamakdaky ikirjiňlenmesinden peýdalanyp, söweşi öz bähbidine öwürme islegi bar. Amerikan Kongresiniň Ukraina beriljek kömege blok goýmagy, günbatar ýurtlarynyň bar bolan goranyş senagaty önümçiligi bilen Ukraina degişli goldawy berip bilmezligi şertleri Russiýanyň bähbidine üýtgetmäge başlady. Bu ýerde elbetde Gaza meselsiniň öňe saýlanmagy hem Ukraina berilýän goldawlary bökdeýär. Günbatar üçin karar berme pursady ýakynlaşýar. Ýa goldawlaryny ýokarlandyryp, rus agressiýasyny deňagramlaşdyrmaly bolarlar, ýa-da Russiýa şertleri öz bähbidine görä üýtgederip, Ukraina gysyş eder.

Jemläp aýdanymyzda 2023-nji ýyldan miras galan uly çaknyşyk sebitleri barlygyny dowam etdirýärkä hem demirgazykda hem-de Ýakyn Gündogarda çaknyşyklaryň hasam möwç alma ähtimallygy günsaýyn artýar. Gynansagam 2024 üçin ýetilen sepgitde gowy zatlar aýtmak mümkin däl.



Degişli Habarlar