Respublika 100 Ýaşynda

100-nji ýaşyň gutly bolsun Türkiýe!

2057165
Respublika 100 Ýaşynda

Türkiýe Respublikasy mundan göni 100 ýyl ozal, M.K.Atatürk we egindeşleri tarapyndan mizemez esasa laýyklykda döredildi. Respublikanyň binagärleri, kökli türk milletinin bilimden sungada, ylymdan sporta çenli ençeme ugurda gazananlara we mundan soň gazanjaklaryna bolan beýik ynam bilen täze nesil döretdi. Bu nesil, şu günki günde dünýäniň umumy gymmatlaryna goşant goşup, ähliumumy medeniýetde yz galdyrýarlar we galdyrmaga-da dowam ederler.

Bu asyrda öz-özüne ýeterlik bolan ýurt hökmünde bilimde we tehnologiýada, medeniýetde we sungatda, ylymda we senagatda maksatlaryna ýeten Türkiýe Respublikasy, täze maksatlar bilen baky öser.

Türkiýäniň täze asyry hasam güýçli başlar. Türk milleti ynamly ädimler bilen ýöremegi dowam etdirer we ýurduň dünýädäki mizemez ýerini, ähmiýete hasam güýçlendirer. Halkara parahatçylyga, arkalaşyga, galkynyşa we ösüşe goşan uly goşantlary bilen Türkiýe Respublikasy baky ýaşar.

100-nji ýaşyň gutly bolsun Türkiýe!



Degişli Habarlar