Merkezi Aziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewraziýa Syn

2011833
Merkezi Aziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

2023-nji ýylyň 20-23-nji iýuny aralygynda Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Şteineýer Gazagystana we Gyrgystana sapar etdi. Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew we Gyrgyzstanyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow Germaniýanyň Prezidentini resmi dabara bilen garşyladylar. Prezdentleriň arasynda geçirilen duşuşykda Germaniýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary, Gyrgyzstanyň we Gazagystanyň ÝB bilen gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy. Germaniýanyň Prezidenti Şteinmaýeriň sebite guran sapary ÝB-niň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasynyň anyk görkezijisidir. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem maý aýynyň başynda Germaniýa sapar gurapdy.

2023-nji ýylyň 22-nji iýununda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuwa resmi sapar guran Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smaýilowy kabul etdi. Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ýeten derejesine kanagatlanma bildirildi. Şol gün Premýer-ministri Smaýilow Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy. Duşuşyklardan soň iki ýurduň hökümetleriniň arasynda 10 ylalaşyga gol çekişildi.

2023-nji ýylyň iýun aýynyn 26-27-i aralygynda Gyrgyzstanyň Ýokarky geňeşiniň Başlygy Nurlanbek Şakiýew Gazagystana resmi sapar gurady. Astanada Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanow, Senatyň Başlygy Maulen Aşimbaýew bilen duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym- Žomart Tokaýew Lýuksemburgyň Daşary işler ministri Jan Asselborny kabul etdi. Duşuşykda Gazagystan bilen Lýuksemburgyň arasyndaky özara gatnaşyklar, ÝB bilen gatnaşyklar hakynda pikir alyşyldy. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 2 sany ähtnama gol çekişildi.

Şol gün Gazagystanyň Mejlisi Nursoltan Nazarbaýewi öz adyny göterýän uniwersitetiň, mekdebiň we gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň düzüminden çykarmak hakyndaky kanuny kabul etdi.

2023-nji ýylyň 26-njy iýunynda Mongoliýanyň Premýer-ministri Oýun-Erdene Luwsannamsrain Hytaýa resmi sapar gurady. Mongoliýanyň Premýeri 28-nji iýunda Hytaýyň Premýer-ministri Li Çİang bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 5 şertnama gol çekişildi. Premýer-ministri Oýun-Erdene Luwsannamsrain saparynyň çäginde Bütindünýä Ykdysadyýet Forumyna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň iýun aýynyň 29-30-y aralygynda Ulanbatorda Zenan daşary işler ministrleriniň 1-nji duşuşygy geçirildi. Bu maslahata zenan daşarlary işler ministrleri, BMG-niň başda durmagynda halkara we sebitleýin guramalaryň zenan wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşyna Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hýurelsýuh gatnaşdy. Mongoliýanyň Mejlisiniň Başlygy Gombojaw Zandanshatar maslahata gatnaşyjylary kabul etdi. İki gün dowam eden maslahatda gender deňligi, adam hukuklary boýunça meseleler seljerildi.

Görşüňiz ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynda möhüm halkara maslahat guralmaga dowam edilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda-da gatnaşyklaryň ösdürilýändigi guralýan saparlardan belli bolýar.



Degişli Habarlar