Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa Syn

1997936
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Geçen hepde Türki dilli döwletlerde möhüm wakalar başdan geçirildi. Geliň nobaty bilen şol wakalara ser salalyň.

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Halkara Türk Akademiýasy tarapyndan Gazagystanyň Astana şäherinde Türk dünýäsiniň Umumy elipbiý toparynyň ilkinji maslahaty geçirildi. 4 oturlyşykdan ybarat bolan maslahata Türki dilli döwletleriň degişli guramalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenler gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuk tarapyndan kabul edildi. Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministr Kulubaýew sapary hakynda beren beýannamasynda, Gyryzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň iýul aýynda Mongoliýa sapar gurajakdygyny, Ulanbatorda Gyryzstanyn ilçihanasynyň açyljakdygyny aýtdy.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 30-31-i aralygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny gurady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäginde Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Dini lider Ali Hamaneý, Mejlisiň başlygy Bager Galibaf bilen aýry aýry duşuşdy. Geçirlen gepleşikler netijesinde iki ýurduň arasynda 5 şertnama baglaşyldy.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 31-i bilen iýun aýynyň 8-i aralygynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid Türkmenistanda, Gyrgyzstanda we Gazagystanda saparda boldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy, Mejlisiň başlygy we Daşary işler ministriniň wekili bilen duşuşyklar geçirdi. Helga Şmid saparynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary geçen ýyl hem  Özbegistanda we Täjigistanda saparda bolupdy.

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Pak Žini kabul etdi. Kabul edilikde Özbegistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklar ahli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Gyrgyzstanyň Çolpon Ata şäherinde Merkezi Aziýa we ÝB-niň 2-nji maslahaty geçirildi. Maslahata ÝB Geňeşiniň başlygy, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Wise-premýeri gatnaşdy. 2023-nji ýylyň maý aýynyň 18-19-y aralygynda hem Almaty şäherinde Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi Ykdysadyýet forumy geçirlipdi. Maslahata gatnaşmak üçin Gyrgyzstana gelen ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarles Mişel iş saparynyň çäginde Prezident Sadyr Japarow bilen hem duşuşdy. Japarow bilen Mişel duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentilige gaýtanan saýlanan R. T. Erdoganyň 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirlen kasam ediş dabarasyna Türki dilli döwlerleriň liderleri bilen birlikde Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdy. Kasam ediş dabarasyna Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň hem gatnaşmagy, Günorta Kawkazyň durnuklylygy we galkynyşy taýdan gelejekde möhüm özgerlişikleriň başdan geçiriljekdigini görkezýär.



Degişli Habarlar