Merkezi Aziýa Respublikalarynda başdan geçirlen soňky wakalar

Ýewraziýa Syn

1983242
Merkezi Aziýa Respublikalarynda başdan geçirlen soňky wakalar

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Merkezi Aziýa Respublikalarynda başdan geçirlen soňky wakalar hakynda maglumat bermekçi.

Geçen hepde Merkezi Aziýa Respublikalarynda möhüm saparlar guraldy we möhüm wakalar başdan geçirildi. Geliň nobaty bilen şol wakalara ser salalyň.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 24-de paýtagt Astanada Çeh Respublikasynyň Premýer-ministri Petr Fialany kabul etdi. Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Çeh Respublikasynyň Premýer-ministri Petr Fialany, Gazagystana guran saparynyň çäginde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smaýilow bilen hem duşuşdy. Astanada Gazagystan-Çeh Respublikasy işewürler forumy geçirildi.

Çeh Respublikasynyň Premýer-ministri Petr Fiala 25-nji aprelde Gazagystandan Özbegistana geçdi. Paýtagt Daşkende Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Petr Fialany kabul etdi. Çeh Respublikasynyň Premýer-ministri Petr Fiala saparynyň çäginde özbek kärdeşi Abdullah Aripow bilen hem duşuşdy. Daşkentde Özbegistan- Çeh Respublikasy işewürler forumy geçirildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy kabul etdi. Kabul edilşikde Özbegistan-Tatarystan gatnaşyklary we durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Saud Arabystanynyň Galkynyş gaznasynyň başlygy Soltan Abdurrahman Al Marşady kabul edildi. Kabul edilşikde Saud Arabystanynyň Galkynyş gaznasynyň Gyrgyzystandaky maýa goýumlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň aprel aýynyň 25-27-i aralygynda Polşanyň Prezidenti Andrež Duda Mongoliýa döwlet sapryny gurady. Duda Ulanbaturda Mongoliýanyň Prezidenti Hurelsuh Uhnaagaýyn tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy. Geçirlen gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda 5 şertnama baglaşyldy. İki ýurduň prezidentleri Mongoliýa-Polşa işewürler forumyna gatnaşdy. Polşanyň Prezidenti Dudanyň saparynyň çäginde Ulanbatorda Polşanyň ilçihanasy açdyldy.

2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smaýilow, Eýrana sapar gurady. Gazagystanyň Premýer-ministri saparynyň çäginde paýtagt Tähranda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Prezidentiň orunbasary Muhammed Mohber bilen duşuşdy.

2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Fergana şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň ýolbaşçylygynda Türki döwletleriň demirýol pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Fergana jülgesi-Anadoly atly halkara forum geçirildi. Foruma Türki döwletleriň we degişli beýleki ýurtlaryň 120-den gowrak wekili gatnaşdy.

Aprel aýynyň 27-28-i aralygynda Özbegistanda II Halkara Daşkent maýa goýum forumy geçirildi. Foruma 70 ýurtdan 2 müň 500 wekil gatnaşdy.

Naýu-Delide geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşan Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ABŞ-nyň  sebitdäki täsirini gözegçilik astynda tutmak üçin Gyrgyz Respublikasyndaky we Täjigistandaky rus harby merkezlerini güýçlendirendigini aýtdy.

Ýokarda agzalýanlar dünýäniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan gyzyklanmasynyň gün saýyn artýandygyny görkezýär. Merkezi Aziýa ýurtlaryna guralýan saparlar gün saýyn artýar.

2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde paýtagt Ankarada TürkPA-nyň maslahaty geçirildi. TBMM-de geçirlen maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, DKTR-nyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Mejlisiniň başlygy gatnaşdy. Maslahatda Türkiýe TürkPA-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Gyrgyz Respublikasyndan kabul edip aldy. DKTR hem TürkPA synçy hökmünde saýlandy. TürkPA-nyň 15 ýyl ozal gurlandygyny ýatlap geçmek isleýäris.



Degişli Habarlar