Eýran-Saud Arabystany Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagy

Hepdäniň Syny

1964962
Eýran-Saud Arabystany Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagy

Eýran-Saud Arabystany Gatnaşyklarynyň Kadalaşmagy

Mart aýynyň 6-sy bilen 10-y aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen gepleşiklerde kabul edilen kararlara laýyklykda iki ýurduň ilçihanalary iki aýyň dowamynda gaýtadan açylar. Şeýle hem iki ýurt, Eýranyň reformaçy Prezidenti Muhammed Hatemi döwründe Saud Arabystany bilen gol çekişilen howpsuzlyk ylalaşygy we ykdysadyýetiň başda durmagynda bilim, medeniýet, tehnologiýa hem-de saglygy goraýyş ýaly ençeme ugurda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyklary iş ýüzüne geçirmek boýunça ylalaşdylar. Hytaýyň döwlet Başçygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilen gepleşiklere Saud Arabystanynyň adyndan döwlet ministri al-Aýban gatnaşan bolsa, Eýrana Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary geňeşiň Sekretary Şemhani wekilçilik etdi.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Dörektory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gepleşikleriň netijeli geçmeginden soň çap edilen bilelikdäki beýannamada, iki ýurda bu tapgyrda eýelän pozisiýalary üçin sagbolsun aýdyldy. Emma ylalaşygyň näme sebäpden Yragyň ýa-da Omanyň däl-de, eýsem parametre soňky pursatda goşulan Hytaýyň goşandy bilen gazanylandygy möhüm sorag bolmagynda galýar. Bu soraga jogap gözlenýärkä Hytaýyň global gegemonik güýji we Ýakyn Gündogar boýunça strategiýasy göz önünde tutulmaly.

Hytaýyň global güýje öwrülme strategiýasynyň ýakyn geçmişe çenli ykdysady tarapynyň güýçli bolandygy we Pekiniň syýasy, harby, diplomatik taýdan gaýra durmagy saýlap alýandygy ýygy-ýygydan gaýtalanýan kesgitlemedir. Emma soňky ýyllarda Hytaý Orta Aziýada, Ýakyn Gündogarda we Ukrainada has güýçli syýasy başlangyçlara girişmäge başlady. Onuň esasy sebäplerinden biri ABŞ bilen girişen güýç bäsleşiginiň yzgiderli häsýetde yza süýşürilýän harby tarapynyň golaýlap gelmegi, beýleki bir sebäbi bolsa ykdysady sanksiýanyň we imperializmiň syýasy-harby ugurlara bölünme zerurlygynyň ýüze çykmagydyr.

Bu jähtden Hytaý bilen Ýakyn Gündogaryň esasy ýurtlarynyň arasynda soňky ýyllarda ösýän gatnaşyklar ünsleri çekýär. Hytaýy sebite gönükdirýän esasy faktorlardan başynda elbetde energiýa önümlerine bolan ýokary zerurlyk durýar. Nebit meselesinde daşary ýurtlara garaşly bolan Hytaý, hem Saud Arabystanynyň hem-de Eýranyň nebitiniň esasy müşderilerinden biri. Hytaýyň dünýäde esasy nebit alýan ýurdy Saud Arabystanydyr. Saud Arabystanynyň günlük 1,75 million barrel nebit satuwyndan soň, günlük 1,5 million barrel bilen Russiýa gelýär. Eýranyň Hytaýa satýan nebitiniň mukdary bolsa sanksiuýalar sebäpli resmi taýdan beýan edilmeýän hem bolsa, çaklamalara görä 750 müň bilen 1,25 million barrel aralygnda üýtgeýär. Ol hem Eýrany Hytaýyň 3-nji nebit bilen üpjün edijisine göterýän bolsa, Eýranyň esasy nebit satýan ýurdy Hytaý bolýar. 2021-nji ýylda Hytaý bilen Eýranyň arasynda 25 ýyllyk möhlet bilen 400 milliard dollarlyk şetnama baglaşyldy.

Esasy sorag, Hataýy Eýran-Saud Arabystany düşünişmezliginde töwellaçylyga gönükdiren sebäp näme? Hytaýyň ykdysady şertleri syýasy şertlere uýgunlaşdyrma we şol iki ugruň biri-birine utgaşdyrylmagy bilen maksat ilki bilen ýada düşýän jogap. Tähran bilen Riýadyň arasyndaky dartgynlyn aýlawly ýagdaýda Pekine hem ýaramaz täsir ýetirýär. Ol geçen dekabr aýynda Si Szinpiniň Riýada guran saparynda aç-açan görüldi. Hem Pekin-Riýad özara duşuşyklarynda hem-de Hytaýyň bilelikdäki ykdysady toparyň sammitden soň berilen beýannamalar Eýran-Hytaý gatnaşyklaryny diýseň dartgynlaşdyrdy. Eýranyň berk ýüzlenmelerinden soň Hytaýyň diplomatik manýowrlary we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Pekine sapary şertleri ýumşadan hem bolsa, Tähran-Riýad gatnaşyklary kadalaşman halatynda Pekiniň şeýle ýalňyşlyklara sezewar bolmagy gutulgysyzdy. Üssesine bu dartgynlyk Hytaýyň iki ýurt bilen bolan hyzmatdaşlyk potensialyny hem çäklendirýärdi.

Ýakyn gündogar iki güýçli ýurdunyň gatnaşyklarynyň kadalaşmagy, şübhesiz sebitden ýerleşýän ähli ýurtlar üçin oňyn waka hökmünde kabul edildi. Bu oňyn wakanyn sebitdäki çaknyşyklaryň we dartgynlyklaryň çözülmegine hem oňyn täsiriniň bolmagyna garaşylýar. Ýemende uzak ýyllardan bäri wekilçilikli söweşýän Eýran bilen Saud Arabystanynyň sebitdäki söweşi bes etmek ugrunda başlangyçlar etmegi ýerlikli bolar.

Beýleki tarapdan Siriýada hem şeýle barlyşyk we syýasy özgertme tapgyryna tarap barylýandygy görülýär. Türkiýe-Siriýa gatnaşyklarynda kadalaşmanyň Russiýa-Eýran gatnaşyklarynyň kadalaşmasynyň Siriýadaky ýagdaýa hem oňyn goşandynyň bolmagyna garaşmak ýerliksiz bolmaz. Bu kadalaşmadan soň Saud Arabystanynyň Siriýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny gaýtadan başlatmak hakyndaky karary kadalaşma tolkunynyň dowam etjekdigini görkezýär.



Degişli Habarlar