Hytaý Urşa Haçan Goşular

Hepdäniň Syny

1961790
Hytaý Urşa Haçan Goşular

Howanyň maýlamagy bilen bilelikde Russiýa-Ukraina söweşiniň hem dartgynlaşmaga başlandygy görülýär. Esasanda Bahmut şäherine Wagneriň öňbaşçylyk etmegindäki rus hüjümleri güýçlenýän bolsa, günbatar ýurtlarynyň Ukraina harby we ykdysady goldawy hem günsaýyn artýar. Günbatar blogy ABŞ-nyň liderliginde Russiýa garşy frontda orun alan bolsa, Hytaýyň ikirjiňli çemeleşmesi artykmaç dowam etdirip, etdirmejekdigi we Russiýa harby goldaw berip, bermejekdigi gün tertibine geldi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümi bir ýyldan aşdy. Ýerlerde harby çaknyşyklaryň ýany bilen ykdysady we syýasy taýdan hem göreş ýokary depginde dowam edýär. Esasanda ABŞ-nyň öňbaşçylyk edýän anglo-sakson ýurtlar Russiýa garşy sanksiýa söweşine öwrülen tapgyry soňuna çenli dowam etdirmäge niýetli görünýärler. Harby taýdan ýokary tehnologiýa esaslanýan agyr ýaraglar Ukraina getirilmäge dowam edilýär. Aýratynam Ukraina ÝB-niň goldawy bilen çäksiz ykdysady kömek berilýär. Bularyň ýany bilen Russiýa garşy uly ykdysady sanksiýa goýuldy. Umuman panorama ABŞ-nyň Russiýany dyza çökerýänçe bu işden el çekmejekdigini görkezýär.

Russiýa bolsa Kuba, Koreýa, Eýran ýaly kiçi ýurtlardan goldaw alýan hem bolsa, esasy ýarany Hytaýdan isleýänini henize çenli almady. Hytaý, Russiýanyň basyp alyş synanşygyny, basyp alyjylyk hökmünde häsýetlendirmeýär. Russiýa goýlan sanksiýalara hem garşy durýar. Aýratynam Hytaý uly möçberde import edip, Russiýany goldaýar. Şeýle hem möhüm tehnologik tranferleri bilen Russiýanyň günbatar ýurtlaryň sanksiýalaryndan çekýän ýitgisini azaltmagyna goşant goşýar. Emma harby taýdan goldawy häzirki wagta çenli bolmady.

Hytaý söweşiň başynda Russiýanyň özüne geňeşmän söweşe girişmegine oňyn çemeleşmändi. Onuň özi üçin hem günbatar bilen irki göreşe sebäp bolup biljekdigini çaklaýardy. Aýratynam Russiýanyň ejizlemegini we öz ganatlarynyň aşagyna girmegini strategik üstünlik hökmünde-de gören bolmagy ähtimal. Emma ýetilen sepgitde Russiýanyň artykmaç ejizlemeginiň we harby taýdan Ukrainada agyr ýenilişe sezewar bolmagynyň öwezini dolup biljekgini pikir etmeýärin. Bu, strategik taýdan Hytaý üçin uly ýitgi manysyny aňladýar. Hytaý, Russiýanyň ortadan aýrylmagyndan soň gezegiň özüne geljekdigini bilýäni üçin degişli göçümleri etmeli bolar. Netijede häzirki wagtda-da ABŞ AUKUS ýaly güýçli ulgamlar döredip, geosyýasy taýdan Hytaýy gurşaw astyna almak üçin göçümlerini dowam etdirýär. Şeýlelikde günbataryň garşysynda ABŞ-nyň döreden täze ýaranlyk torlarynyň öňünde Hytaýyň iň uly ýarany Russiýa bolsa gerek.

Hytaý geljekki aýlarda bir ýol saýlamaly bolar. Ýa Russiýany harby taýdan goldap, Ukraina frontunda pozisiýasyny berkider ýa-da iň güýçli ýaranyny söweş meýdanynda ezdirip, oýundan çykmagyna gözüni ýumup, gezegiň özüne gelmegine garaşar.


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #uruş , #Hytaý

Degişli Habarlar