Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi

Hepdäniň syny

1916631
Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi

Siriýa guryýer operasiýasynyň gün tertibine gelýän günlerinde Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi ýurtda we serhetleriniň daşynda ýokary depginde dowam edýär. Bir tarapdan FETO garşy göreş edilýän bolsa, beýleki tarapdan-da ýaragly terror guramasy PKK we onuň bölümlerine garşy uly göreş alynyp barylýar. Esasanda Yrakda we Siriýada Türk goşuny bilen Milli howpsuzlyk guramasy PKK uly basyş edýär. Emma Ýakyn Gündogarda bar bolan şertlerde käbir sebitleýin we global güýçler henizem terror guramalaryny wekil hökmünde peýdalanmak üçin olara hemaýat edýärler.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe dartgynly sebitde hamala diýersiňiz alow halkasynyň içinde durnuklylygyny we döwleti gorap, soňky ýyllarda eden başlangyçlary bilen global güýç bolmaga tarap barýar. Esasanda Ak partiýanyň iş başyna gelmeginden soň Türkiýe daşary syýasatda doly garaşsyzlygy ileri tutýan syýasat alyp barýan bolsa, global güýçleriň arasynda deňagramlyk faktory hökmünde pozisiýa eýeleýär. Esasanda Ukraina söweşiniň emele getiren geosyýasy täsiri ony hasam güýçlendirdi. Emma Türkiýe bu tapgyrda uly garşylyklara hem sezewar bolýar. 11-nji sentýabrdaky hüjümler, ABŞ-nyň Owganystany we Yragy basyp almagy, DEAŞ ýaly terror guramalaryndan Türkiýä garşy ulanylmaga çalşylmagy kesgitleýiji faktorlar hökmünde öňe saýlanýar. Esasanda Ýakyn Gündogarda we Türkiýäniň hinterlandy bolan sebitde ýaşaýan uly güýç synanşygynda Türkiýäni gyraklatmak isleýän güýçler terror guramalary PKK-ny we FETO-ny goldap, olary serişdä öwürdiler hem-de olary wekil hökmünde ulandylar. Şol çäkde FETO tarapyndan guralmaga synanşylan 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynda esasy maksadyň; Türkiýäniň egilşiksiz we biynjalyk ediji täze daşary syýasatynyň tersine öwrülmegi hem-de Siriýada gurulmak islenýän terror döwletine çäre görülmeginiň öňüniň alynmagyndan ybaratdygy hakykatdyr.

Agdarlyşyk synanşygyndan ozal PKK tarapyndan hendek synaşygy edilip, ýüzlerçe adam terror wakalarynda pida bolupdy. Ýene-de şol tapgyrda DEAŞ we PKK terror guramalary şol bir wagtda terror hüjümlerini guramaga başlap, hamala diýersiňiz agdarlyşyga şert döretmäge çalyşdylar. Türkiýäniň birnäçe esasy şäherinde asuda ilat nyşana alynyp, etniki we dini dartgynlyklar ýüze çykarylmaga synanşyldy. Emma agdarlyşyk synanşygyndan soň howpsuzlyk býurokratiýasynyň FETO-dan saplanmagy hem-de netijeli çäreler bilen terror guramalarynyň işleriniň öňi alyndy.

15-nji iýyldan soň Türkiýäniň täze howpsuzlyk paradigmasy gurlup, Siriýada serhetaşa harby operasiýa başlatmagy, beýan edilen tagallalara berilen uly jogapdyr. 15-nji iýul şol jähtden bir başlangyçdyr. Hem FETO-nyň howpsuzlyk býurokratiýasynyň başda durmagynda siňe strategik guramalaryndan saplanmagy, hem-de terror guramalary PKK/ÝPG-ä garşy başladylan pro-aktiw göreş täze asyrda terrorizme garşy göreşiň çäginde Türkiýä global güýje öwürjek syýasatyň hem kesgitleýji ugru boldy.

Prezident Erdoganyň güýçli syýasy liderliginde günsaýyn hünärmenleşýän Türk ýaragly güýçleri adam resurslary we üpjünçilik taýdan güçlenen İçeri işler ministrligi we Milli howpsuzlyk guramasy terrorizme garşy göreşi hem ýurduň içinde hem-de daşynda üstünlik bilen alyp bardy. Ähli taraplaýyn ösen türk goranyş senagaty bolsa tamamlaýyjy faktor hökmünde özüni görkezýär.

“Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen başlan, “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýalary bilen dowam eden Siriýa operasiýalarynda indi täze bir başlangyjyň bosagysyna gelindi. Türkiýe Siriýada ornaşan we milli howpsuzlyga wehim salýan PKK/ÝPG-ä garşy giň gerimli guryýer operasiýasyna taýýarlyk görýär. Ýerlerde PKK/ÝPG-ni goraýan rus we amerikaly güýçler bilen gepleşikler dowam edýän hem bolsa, Türkiýe PKK/ÝPG-ni sebitden saplamakda ygrarly. Esasanda Tel Rifat, Manbij we Aýnal Arap esasy şäherler. Soň bolsa Ýefrat derýasynyň gündogarynda Hasaka ýaly etraplar terrordan saplanar. Türkiýe 900 kilometrlik Siriýa serhet zolagynda howpsuz ara zolak gurmakda ygrarly.



Degişli Habarlar