Ilham Aliýewiň Ýewropa Sapary

Ýewraziýa syn

1877998
Ilham Aliýewiň Ýewropa Sapary

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Ýewropa guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 31-nji awgust bilen 2-nji sentýabryň aralygynda Ýewropa ýurtlaryna sapar gurady. Prezident Aliýewiň Ýewropa sapary birnäçe jähtden möhüm.

Prezident Ilham Aliýew 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda Brýussele baryp, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we ÝB Geňeşiniň Başlygy Çarl Mişel bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirdi. Duşuşykda Azerbaýjan-Ermenistan ýaraşyk gepleşikleri hakynda pikir alyşyldy. 4 sagat dowam eden maslahatdan soň liderler Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylyk etmeginde ikitaraplaýyn ýaraşyk gepleşikleriniň bir aýyň dowamynda başladylmagy boýunça ylalaşdylar. Prezident Aliýew Ermenistanyň hökümetiniň syýasy ygtyýaryna baglylykda iki ýurduň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekişmegiň ýakyn gelejekde mümkin boljakdygyny beýan etdi. Aliýew we Paşinýan noýabr aýynda nobatdaky duşuşyklaryny geçirerler.

1-2-nji sentýabr aralygynda Italiýanyň Prezidenti Seržio Mattarellonyň çakylygyna laýyklykda iş sapary bilen İtaliýa baran Aliýew resmi dabara bilen garşylandy. Aliýew Italiýanyň Prezidenti Mattarello we Premýer-ministr Mario Dragi bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Duşuşykda energetika pudagynyň başda durmagynda özara hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Italiýa, Azerbaýjanyň Ýewropadaky esasy söwda hyzmatdaşydyr.

Prezident Ilham Aliýew Italiýa saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Rimdäki Ilçihanasynyň täze binasyny açdy. Şol binada 2-nji sentýabrda Azerbaýjan-Italiýa uniwersitetiniň esaslandyryjy taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekişildi. Italiýanyň öňdebaryjy bäş uniwersiteti Azerbaýjanda oba hojalygy, informatika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ederler. Şol uniwersitetiň gurluşygyna 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde badalga berilipdi we 2024-nji ýylda onuň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Aliýew Ilçihananyň çäginde Azerbaýjan Medeniýet merkeziniň açylmagy üçin görkezme berdi.

Ilham Aiýew 2-nji sentýabrda Italiýanyň Çernobbio şäherinde 48-njisi guralan halkara foruma esasy dokladçy bolup gatnaşdy. Prezident Aliýew “Energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde Azerbaýjanyň roly” temasy boýunça çykyş etdi. Aliýew Çernobbioda italian mediasyna giňişleýin interwýu berdi.

 

Garabag meselesi çözülenden soň Günorta Kawkazyň halkara arenadaki ähmiýeti hasam artdy. Azerbaýjan üstaşyr geçiş ýurdy hökmünde hem gündogar hem-de günbatar ýurtlarynyň ünsüni çekýär. 2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Azerbaýjan ÝB-ne agza ýurtlara energiýa eksportuny iki esse ýokarlandyrmak hakynda ylalaşyga gol goýupdy. Azerbaýjan Ýewropa ýurtlarynyň  arasynda esasan Italiýa bilen ýakyn hyzmatda edýär. Baku we Rim howpsuzlyk hem-de goranyş senagaty ugurlarynda ýokary derejeli ýaranlyk edýär.

Azerbaýjanda köp sanly italian firmasy iş alyp barýar. Azerbaýjan energiýa serişdelerini Ýewropa ý urtlaryna eksport etmegi iki esse ýokarlandyrmagy nazarda tutýan bolsa, Italiýany sebitdäki esasy baza hökmünde kabul edýär. Italiýa Garabagyň gaýtadan dikeldilmegine hem işjeň gatnaşýar.

Jemläp aýdanymyzda Prezident Ilham Aliýewiň Ýewropa sapary hem Ermenistan bilen ýaraşyk şertnamasyna gol çekişilmegi hem Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi taýdan netijeli boldy.



Degişli Habarlar