Tähran Sammiti

Hepdäniň Syny

1858356
Tähran Sammiti

Tähranda geçirilen VII Astana sammiti, Siriýa meselesinde Türkiýäni, Russiýany we Eýrany ýaňadandan bir ýere jemlän bolsa, taraplaryň arasynda Siriýanyň territorial bütewiligi, terrora garşy göreş, syýasy çözgüt tapgyry we ýurduň ýaňadandan dikeldilmegi babatynda emele getirilen ylalaşyk berkän ýaly görünýär. Emma Türkiýe bilen Russiýanyň we Eýranyň arasynda Siriýa bilen bagly harby hereket babatyndaky çemeleşmede tapawutly garaýyşlar dowam edýär. 

Eziz ildeşler. Indi bolsa SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýadaky çaknyşyklaryň azaldylmagyndan soň od açmazlyk baradaky ylalaşygy we syýasy çözgüt tapgyryny ýola goýmak üçin başladylan Astana insiatiwasy häzirki wagta çenli islenen maksatlaryň ençemesini ýerine ýetirmedik hem bolsa, azyndan belli ugurlar boýunça deeskalasiýa üpjün etmegiň hötdesinden geldi, Siriýanyň hökümedi bilen oppozisionerleriň arasynda gepleşikler guraşwyny emele getirip, gelejek bilen bagly az hem bolsa bir umyt ýüze çykardy. Emma eýýäm ençeme wagt bäri Astana gepleşiklerinde kepil geçýän ýurtlar bolmagyna garamazdan, Russiýanyň we Eýranyň Asada tabynlykdaky güýçleriň harby çözgüt gözlegine goldaw bermäge dowam etdiler. Esasan hem Idlibde oppozisionerlere garşy köptaraplaýyn harby hüjümler gurap, şol sebiti basyp almak synanyşygyny Türkiýe Bahar Galkany operasiýasyny başladyp duruzyp bilipdi. Indi bolsa soňky wagtlarda esasan hem Ukraina söweşiniň emele getiren täze geosyýasy deňleme Siriýadaky güýç deňagramlylyklary üýtgetmäge başlady. Russiýa ýuwaş-ýuwaşdan hem bolsa Siriýadan harby güýçlerini çekeninden soň, Türkiýäniň harby eýmendirmesi göräýmäge güýçlenen ýaly görünýär.

Şol nukdaýnazardan Prezident Erdogan, Tel Ryfat we Manbij ýaly sebitlere garşy harby operasiýa meýilnamasynyň taýarlyklarynyň görülýändigini beýan etmeginden soň, Astana tapgyryndaky hyzmatdaşlar bolan Putin we Raisi bolsa Türkiýäniň guramagy ähtimal harby operasiýasyna böwet bolmaga synanyşýar. Tährandaky gepleşikleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry hem şol boldy. Astana tapgyryna kepil geçýän 3 ýurt şol çäkde bir ylalaşyga gelip bilmedik ýaly görünýär, Türkiýe hem öz gezeginde Russiýa we Eýran bilen çaknyşyga we eskalasiýa girmek islemesede, PKK-a garşy göreşde we harby operasiýalar babatynda erjel we tutanýerli çemeleşmesini dowam etdirýär.

Meniň pikirimçe gysga we orta möhletde täze bir operasiýanyň başladyljakdygy ýaly görünýär. Bolmagy ähtimal harby operasiýanyň ilkinji tapgyrynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hem belläp geçişi ýaly, Tel Ryfat we Manbij liniýasyna guralar, emma PKK/ÝPG-niň esasy barlygyny dowam etdirýän ýeri bolan Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky sebitler hem orta we uzak möhletde nyşana astynda bolmaga dowam eder. Türkiýe hiç bir ýagdaýda  özüniň günorta serhedinde bir terror guşagyna rugsat bermez.

HD. SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar