Siriýada Terror Guşagy

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça syny

1591970
Siriýada Terror Guşagy

 

Türkiýäniň garaşylmadyk ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrabynda terror guramasy PKK garşy geçiren operasiýasy bilen bilelikde ünsler ýaňadandan terrorizme garşy göreşe gönügen bolsa, 2021-nji ýylda Türkiýäniň hem Yrakda hem-de Siriýada uly operasiýalar gurap, PKK-ny nyşana almagyna garaşylýar. Terror guramasy PKK, esasanda Türkiýede we Yrakda uly gysyş edilýär. Emma guramanyň Siriýadaky bölegi PÝG/ÝPG Türkiýe üçin howp bolmagynda galýar. Gurama ABŞ-nyň goldaw bermeginde hamala diýersiňiz terror döwletjigini gurmagyň kül-külünde.

Siriýadaky içerki uruşda emele gelen haosdan peýdalanyp, Siriýanyň demirgazygyndaky etraplarda pozisiýasyny berkitmäge synanşýan terror gurmasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝG/ÝPD, esasanda 2014-nji ýyldan bäri DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen ABŞ-nyň goldaw bermeginde ýurduň demirgazyk-gündogarynda dolanşyk ulgamlaryny döredip, degişli häkimiýet zolaklaryny gurdy. Terror guramsynyň çägine arap güýçlerini hem degişli edip, döreden SDG ulgamynyň çäginde ýurduň tebigy baýlyklaryna gözegçilik edip, hem öz ykdysady güýjüni üpjün etmäge hem-de şol çäkde Siriýanyň hökümetiniň başda durmagynda Russiýa, Türkiýä we Eýrana garşy strategik üstünlik gazanmagyň ýollaryna gözlemäge başlady.

Siriýanyň hökümeti bolsa öz häkimiýetini dowam etdirmek üçin ýurtdaky tebigy baýlyklary dolandyrmagyň ähmiýetine göz ýetirip, harby we syýasy göçümleriň ugruna çykan hem bolsa ABŞ-nyň garşylygyna sezewar boldy we şol göçümler netijesiz galdy. Terror guramasy ýurduň tebigy baýlyklaryna gözegçilik edip, olardan girdeji almagyň ýany bilen gönüden ABŞ tarapyndan hem maliýeleşdirildi. ABŞ öz beren kömekleri bilen birlikde Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlardan hem öz gözegçiliginde SDG/ÝPG-ä maliýe kömegini üpjün etdi.

Bar bolan harby gözegçilik giňişliklerine görä SDG/ÝPG häzirki wagtda Siriýanyň 30 göterimini emele getirýän 40 müň inedördül kilometrden gowrak territoriýa gözegçilik edýär. SDG/ÝPG-niň gözegçiligindäki ýerleriň arasynda hasylly ekerançylyk meýdanlary bilen birlikde ýokary hili nebit, tebigy gaz we suw serişdeleri hem bar. Siriýanyň suwarymly meýdanlarynyň 50 göterimi, energiýa çeşmeleriniň 70 göterimi we suw potensialynyň 95 göterimi terror guramsy ÝPG-nin gözegçiligindäki territoriýada ýerleşýär.

ABŞ-nyň goragy astyndaky etraplarda güýçlenmäge başlan we ýurduň esasy ykdysady çeşmeleriniň gözegçiligini ele geçiren PÝG/ÝPG ilki awtanom, soň bolsa doly garaşsyz terror döwletjigini gurmagyň ugrunda. Türkiýäniň gözegçiligi astyndaky etraplara yzgiderli hüjümler guraýan, gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýaşaýan ilata basyş we gysyş syýasaty bilen boýun egdirmäge synanşýan terror guramasy, gerek bolan halatynda Russiýa we Siriýanyň hökümeti bilen hem ylalaşyklaryny dowam etdirip, pozisiýasyny gorap saklamaga tagalla edýär.

Esasanda Türkiýäniň geçiren “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyndan soň şol operasiýa usuly öňe saýlanýar. Emma ne Siriýanyň hakykatlary ne-de Türkiýe terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky böleginiň terror döwletjigini gurup, ýaşatmagyna ýol bermez. Türkiýe “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyndan soň 2021-nji ýylyň dowamynda Yragyň ýany bilen Siriýada gurama garşy möhüm harby operasiýalar gurap, guramanyň güýjüni we pozisiýasyny ejizletmek ugrunda başlangyçlar eder. Şol çäkde esasanda Tel Rifat, Manbij, Aýn Isa we Tel Temir ýaly guramanyň gözegçiligindäki ýerler nyşana alynsa gerek. Guramanyň basyşy astynda galan arap taýpalary we kürt ilat goldanyp, guramanyň pozisiýasy gowşadylar. Netijede Türkiýe taýdan terror guramasy PKK-nyň we onuň bölekleriniň diňe bir Türkiýä däl, eýsem serhetdeş goňşulary Siriýada we Yrakda ornaşmagy kabul edilmez.



Degişli Habarlar