Baýden Döwründe Türk-Amerikan Gatnaşyklary

Hepdäniň syny

1578879
Baýden Döwründe Türk-Amerikan Gatnaşyklary

 

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary boýunça Direktory Prof.Dr.Murat Ýeşiltaşyň Baýden döwründe Türk-Amerikan gatnaşyklary hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Amerikan taryhynyň iň täzelikçi hökümetini düzmek maksady bilen işe girişen Baýden, Trampdan iňňän tapawutly döwri başdan geçirýändigimizi alamatlandyrýar. Hem simwoliki derejede hem-de iş ýüzüne geçirilen ilkinji başlangyçlar taýdan seredilende Baýdeniň Trampdan tapawutly dolandyryş garaýyşyna eýedigi görülýär. Esasanda ministrler kabinetiniň agzalaryny saýlamakda ol has açyk görülýär. Akýagyz, erkek we protestant şahsyýeti agdyklyk edýän hökümet agzalary bilen Tramp, bar bolan ulgama uruş yglan edip, iş girişipdi. Ençeme guramanyň pozisiýasyny ejizleden, ýokary derejeli wezipelere býurokrat bellemekde kynçylyk çeken we şol bir ministrlikde birnäçe ministr bilen işleşmäge mejbur bolup, esasanda daşary syýasat ugurlaryny iş ýüzüne geçirmekde üstünlikli bolup bilmändi.

Baýden bolsa dolanşyk ulgamyny yzyna getirmekden zyýada döwrebap we demokratik wadalaryny iş ýüzüne geçirjek hökümet agzalary we maksatnamalary bilen işe depginli girişdi. Trampyň ýolbaşçylyk eden hökümeti birnäçe ýokary derejeli syýasy wezipelere boş goýup, guramalary ejizletmek bilen öwünen bolsa, Baýdeniň müňden gowrak wezipä on günüň dowamynda býurokrat bellemegi möhüm görkeziji bolup durýar. Bu depginli wakalar Baýdeniň işe çynlakaý çemeleşjekdigini görkezýär. Media goldawyny hem alan Baýdeniň birinji 100 güni arkaýyn geçjege meňzeýär.

Baýdeniň daşary syýasat topary bolsa ençeme sebitleýin we global meseleleriň agramy göz öňünde tutulanda, iňňän möhüm ähmiýete eýe. Esasanda Döwlet sekretary Blinkeniň Baýden bilen uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşmegi, Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jek Sýulliwanyň Blinkena ýakyn adamlardan biri bolmagy we Goranmak ministri Lloýd Aýustiniň hem Baýdeniň Yrak urşundan gowy taýan harbylaryndan biri bolmagy onuň aýdyň mysal bolup durýar. Şol adamlar atlary bilen özleşen syýasat düşünjelerinden zyýada, hamala diýersiňiz “wezipe adamsy” profilleri bilen hem öňe saýlanýar. Baýdeniň daşary syýasatdaky öz karriýerasy hem göz öňünde tutulanda egindeşleri bilen utgaşykly işleşjekdigi aç-açan görülýär. Şu ýerde Baýdeniň we egindeşleriniň daşary syýasat boýubça Türkiýe bilen gatnaşyklary nähili ugrukdyrjakdygy ýada düşär.

Ilki bilen Baýdeniň daşary syýasat toparynyň Türkiýe bilen bagly meseleleri ýakyndan bilýändiklerini nygtamak ýerlikli bolar. Russiýa, Siriýa, Gündogar Ortaýer deňizi, NATO, S-400 we Eýran şolaryň başynda durýar. Wezipä bellenenler heniz Türkiýe bilen gatnaşyklardan “aressiwligiň tarapynda” durýandyklary hakynda beýannama bermediler. 15-nji iýuldan soň Baýden bilen bilelikde Türkiýäniň Mejlisine gelip gören Blinkeniň 2017-nji ýylda Trampa ÝPG-ni ýaraglandyrmagy salgy berendigini bilinýär.

Senatda maslahatda Türkiýänin Russiýadan S-400 almagyny “kabul edilmesiz” häsýetlendiren Blinkeniň çykyşynyň hem Kongresdäki anti-Türkiýe atmosferanyň kanagatlandyrylmagy üçin edilendigi öňe sürüldi. Şol maslahatda Türkiýä “hamala” hyzmatdaş hökmünde häsýetlendirme bermegi Türkiýe bilen bagly garaýyş hakynda esaslanma döredýär. Emma ýene-de Blinkeniň henizem türk daşary işler ministri bilen aragatnaşyk saklamazlygy Waşingtonda ätiýaçly atmosferanyň höküm sürýändigini görkezýar. Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçi Sýulliwanyň hem ýewropaly kärdeşleri bilen geçiren gepleşiginden soň beren beýannamasynda; Türkiýäni Ýewropa bilen üstünde işlenmeli “bilelikdäki alada” mowzugy hökmünde Hytaý bilen bilelikde agzamagy şol ýaramaz çemeleşmäniň başga bir mysal boldy. Blinken bilen Ibrahim Kalynyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşligi hem şol näbelli atmosferany ortadan aýyrmady.

Häzirlikçe Türkiýä ýakyn bolmadyk we sowuk çemeleşýändigi görülýän daşary syýasat toparynyň Siriýa, ÝPG, S-400, FETÖ, Gündogar Ortaýer deňizi, Liwiýa we beýleki konkret syýasat ugurlarynda netijede Baýdenin syýasatyny iş ýüzüne geçirjekdikleri görülýär. Emma Türk-Amerikan gatnaşyklaryndaky dartgynlyk ugurlaryň dolandyrylmagynda şol çemeleşmänin netije bermejekdigi mesele mälim duýulýar. Baýdeniň hökümeti Obamanyň we Trampyň hökümetiniň sintezinden emele gelýän näbelli we strategiýasyz daşary syýasat düşünjesini saýlap alsa, özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy mümkin bolman biler.



Degişli Habarlar