“Penje-Gaplaň” Operasiýasy

Hepdäniň Syny

1444853
“Penje-Gaplaň” Operasiýasy

 

Türkiýe Siriýada we Liwiýada operasiýalaryny dowam etdirýärkä bir tarapdan bolsa terror guramasy PKK garşy göreş alyp barýar. Şol çäkde Yragyň demirgazygynda, Türkiýe serhedine parallel daglyk etraplarda “Penje-Bürgüt” atly hem howa hem-de guryýer operasiýasyny başladan bolsa, türk desantlary birnäçe depäni ele geçirdi. Türkiýe soňky ýyllarda täze howpsyzlyk doktrinasyna laýyklykda howplary serhediň aňyrsynda ýok etmek üçin terror guramasyna garşy Yrak we Siriýa ýaly ýerleşen ýerlerinde göreş alyp barýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe uzak ýyllardan bäri Maksist-Leninçi ideologiýa gulluk edýän ektremist terror guramasy PKK garşy göreşýän bolsa, soňky ýyllarda täze howpsyzlyk doktrinasyny kabul edip, harby strategiýasyny özgertdi. Türkiýä terror guramasyna garşy şol täze strategiýasynda gurama serhetleriň anyrsynda ýerleşýän zolaklarynda gönüden nyşana alynyp, howp Türkiýä gelmänkä ýok edilmek islenýär. Ol ýerde esasanda terror guramasynyň sebitde başdan geçirilýän haosdan peýdalanyp, Yrakda we Siriýada giň zolaklara ornaşmagy hem esasy kesgitleýiji bolup durýar. Şol çäkde Türkiýe hem PKK-nyň ýerlere gözegçilik etmeginiň hem-de Türkiýäniň içinde terror hüjümlerini guramak üçin şert tapmagynyň öňüni almaga synanşýar.

Türkiýe soňky ýyllarda esasanda Siriýada “Ýefrat Galkany”, “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” ady bilen giň gerimli harby operasiýalar guran bolsa, beýleki tarapdan hem terror guramasy PKK gönüden demirgazyk Yrakda zarba urýar. “Berkararlyk operasiýasy” bilen başlan şol tapgyr “Penje” operasiýalary we başladylan “Penje-Bürgüt” operasiýasy bilen dowam edýar.

Türkiýe Yragyň demirgazygynda guramanyň ornaşan daglyk etraplaryny nyşana alyp, ol ýerde guramanyň logistiki infrastrukturasyny ýok etmegi nazarda tutýar. Aýratynam sebitdäki esasy depeleriň gözegçiligi ele alynyp, guramanyň Yrak-Türkiýe we Yrak-Siriýa liniýalarynda mobilizlenmeginiň öňüni almak isleýär. Terror guramasy PKK Kandil dagynda gabaw astyna alynyp, ýok edilmek islenýär.

Elbetde bir tarapdan giň gerimli harby operasiýalary amala aşyrylýarka ýerlerden alynýan habarlar bilen kesgitlenen terror guramasynyň ýolbaşçylary täsirsiz ýagdaýa getirilip, guramanyň gönükdiriji gurluşy dargadylýar. Bu taýda esasanda Türkiýäniň milli goranyş senagatynda öndürýän ýaragly howa ulaglarynyň uly goşandynyň bardygy görülýär. Şol ulaglar bilen Türkiýe terror guramasy PKK garşy geçmişe görä has netijeli göreş alyp barýar.



Degişli Habarlar