Idlib uzak möhletden bäri Siriýa meselesiniň iň bir dartgynly ýerlerinden biri bolmagynda galýar

Häpdäniň syny 06

1355655
Idlib uzak möhletden bäri Siriýa meselesiniň iň bir dartgynly ýerlerinden biri bolmagynda galýar

 

Idlib uzak möhletden bäri Siriýa meselesiniň iň bir dartgynly ýerlerinden biri bolmagynda galýar. Russiýa we Siriýanyň hökümeti 2018-nji ýylyň sentýabrynda Moskwa bilen Ankaranyň arasynda Soçide gazanylan ylalaşyga garamazdan Idlibde oppozisiýa we asuda ilata garşy hüjümlerini dowam etdirýär. Hökümetiň maksady Idlibde oppozisiýanyň tarapdarlaryny gysyp, harby taýdan ejizletmek, şeýlelikde Siriýadaky içerki uruşda harby ýeňiş yglan etmek görnüşinde kesgitlendi. Şol maksadyň öňündäki ýeke-täk bökdençlik bolsa Türkiýe hökmünde görülýärdi. Şeýlelikde hökümet Türkiýäni Idlibiň günortasynda ýerleşýän gözegçilik nokatlarynda biynjalyk edip, resmi Ankaranyň garşylygyny ortadan aýyrmak üçin strategiýa alyp bardy. 3-nji fewralda bolsa Siriýanyň hökümeti Idlibdäki hüjümlerinde täze tapgyra geçdi we gönüden türk esgerlerini nyşana alyp, 8 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Idlib meselesinde täze tapgyra geçilendigini görkezýär.

SETA/Howpsyzlyk Barlaglary Müdiri, ýazyjy Dos.dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.

 Idlibde başdan geçirilenler mesele bilen ýakyndan gyzyklanýanlar üçin garaşylmadyk waka däl. Uzak möhletden bäri Russiýa we Siriýanyň hökümeti Idlib meselesinde strategiýalaryny bölekleýin hem bolsa iş ýüzüne geçirýärler. Şol strategiýanyň iş ýüzüne geçirilmegine sebäp bolan ululy-kiçili ençeme sebäp bar. Şolaryň birinjisi Idlibdäki oppozision güýçleriň öz aralarynda jebisliginiň bolmazlygy. Ol hem HTŞ ýaly radikal toparlaryň pozisiýasyny güýçlendirmegine sebäp boldy. Ikinji sebäp bolsa Russiýanyň hökümetiň söweş ukybyny güýçlendirmek ugrunda eden başlangyçlary. Russiýadaky harby ýolbaşçylar hökümeti hem harby taýdan goldadylar hem-de olara partizan toparlar bilen nähili söweşmelidigini öwretdiler. Elbetde bularyň ýany bilen Russiýanyň howa hüjüm strategiýasy iňňän regimsiz. Grozni modelindäki rus howa hüjümleri ilki şäherleri bombalap, ilatsyzlaşdyrýar, soň bolsa şäheri oppozision toparlardan doly saplamak üçin ýaşalmasy mümkin bolmajak ýagdaýa getirýär. Üçünjisi bolsa sebitleýin konýenkturanyň Russiýa we Siriýanyň hökümetine has erkin şert döretmegi. Hökümet sebitleýin derejede Siriýa meselesine bolan ünssizligi pusat hökmünde kabul etdi we Idlibi dolulygyna gözegçilik astyna almak üçin işe girişdi.

Eýsem 3-nji fewral wakasyndan soň Idlibde täze tapgyra geçildimikä? Bu soragyn jogaby hakykatdan hem möhüm we meseläniň geljegine täsir ýetiriji faktorlary özünde jemleýär. Bu taýda mundan soň Türkiýäniň nähili pozisiýa eýelejekdigi iňňän möhüm. Türkiýe üçin İdlib diňe bir howpsyzlyk meselesi däl. Idlib tarapyndan geljek täze bir bosgun akymy Türkiýe üçin kynçylyk döreder. Şeýlelikde Prezident Erdoganyň pikiriçe 1 milliona barabar bosgun Türkiýe serhedine tarap hereket etmäge başlady. Şol sebäpli Türkiýe bosgunlaryň serhede tarap heteketiniň öňüni almak üçin İdlibde ýüze çykan şertleri ýaňadandan seljermäge mejbur.

Türkiýäniň alternatiwleriniň arasynda iki çykalga bar. Birinjisi bar bolan şertleriň agyrlaşmagynyň öňüni almak üçin hökümete garşy ýüz öwürdiji pozisiýa eýelemek. Eýsem türk esgerleriniň şehit edilmeginden soň Türk goranmak ministriniň beýan etmegine görä Türkiýe hökümete degişli güýçlerden 70 esgeriň täsirsiz ýagdaýa getirilmegine sebäp boljak görnüşde harby gaýtawul görkezdi. Emma bu alternatiw yzgiderli däl we Türkiýe-Russiýa gatnaşyklaryna düýpli zyýan ýetirer. Ikinji alternatiw bolsa bar bolan şertlere görä Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Idlib boýunça täze bir ylalaşygyň gazanylmagy. Ne Russiýa ne-de Türkiýe gatnaşyklaryň bozulmagyny isleýär. Iki ýurt hem onuň zyýanly boljakdygyna göz ýetirýär. Şol sebäpli İdlib meselesi iki ýuduň gatnaşyklary taýdan synag haşýetime eýe.

Idlib meselesiniň gumanitar tarapy bolsa halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibinde ýaňadandan orun eýeledi. Ýewropa meseläniň diňe bir bosgunlar tarapyndan gyzyklanýar we hakykatdan hem Türkiýäniň işini ýeňilleşdiriji we gumanitar pajyganyň öňni aljak çemeleşmeden çetde durýar. ABŞ bolsa Idlib meselesinde diňe Türkiýäni goldaýjy syýasy beýanatlar berýär. Meseläniň esasy ejir çekýäni çagalardan, zenanlardan we garrylardan ybarat bolan asuda ilat. Idlib meselesi çuňlaşan halatynda onuň gymmaty diňe bir Türkiýe üçin däl, eýsem Ýewropa üçin hem agyr bolar. Şol sebäpli Idlibi diňe bir Türkiýäniň meselesi hökmünde görülmeli däl we çözgüt üçin Türkiýäni goldamak gerek.



Degişli Habarlar