Terrora Garşy “Indi besdir” Çagyryşy

Jarnama

1269451
Terrora Garşy  “Indi besdir” Çagyryşy

Ýaşamak Hukugyna, Ähli Jemgyýetçilik, Syýasy  We Iş Durmuşyna  Hüjüm Edýän Terrora Garşy

“Indi besdir” Çagyryşy

Terror guramasy PKK, terrora garşy egilşiksiz göreş netijesinde güýçden gaçýarka, asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini artdyrýar. Terror guramasy gullukçylara, mugallymlara, howpsyzlyk güýçlerine, syýasatçylara we işçilere garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Ynsanlarymyzyň ýaşamak hukugyna kast edýän PKK, şol bir wagtda olaryň işlemek hukuklaryny hem ellerinden alýar. Terror guramasy PKK gullukçylary, aşpeziň şägirdigini, gurluşykda işleýän işçileri öldürdi. Ýalan çagyryşlar bilen saglygy saklaýyş işgärlerini zamun aldy. Bankyň öňünde pul almakçy bolan mahalynda uly ofiseri, relýesleri abatlaýan demirýolçyny, mallaryny bakýan obalyny we elektrik ulgamyny abatlaýan işçini şehit etdi. Ganhor teror guramasy ulag bilen işe barýan zähmetkeşleri, ymam-hatyp bolup işleýänleri, ukuda mahalynda polis gullukçylarymyzy şehit etdi.

Terror guramasy PKK

Batmanda mugallyma Şenaý Aýbüke Ýalçyny,

Ak partiýaly syýasatçylar Orhan Merjany we Aýdyn Ahini,

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynyň Çobanpynary diýilýän ýerinde oba-hojalyk maşynlaryny alyp barýan 4 işçini,

Şanlyurfa welaýatynyň Siwerek etrabynda mugallym bolup işleýän Nejmettin Ýylmazy,

Şyrnak welaýatynyň Aslanbaşar obasynda mallaryny bakmaga alyp barýan Taýip Fidany,

Trabzonda 15 ýaşly Eren Bülbülü we uly ofiser Ferhat Gedigi,

Gurluşykda işleýän köp sanly işçini öldürdi.

Terror guramasy PKK zähmetkeşleri gyrmaga Diýarbakyrda-da dowam etdi. Diýarbakyryň Kulp etrabynyň çetki obalarynda tokaý işçileriniň münen ulagyna PKK terrorçylary tarapyndan partlaýyjy bilen guralan hüjümde 7 adam şehit boldy, 10 adam agyr ýaralandy. Kulp etrabynyň Agaçkorur obasynda güzeranlaryny dolandyrmak üçin  işleýän tokaý işçilerinden 7 sanysy terror guramasy PKK tarapyndan melgunlarça hüjümde aradan çykdy.

Zähmet çekme hukugy başlangyç adam hukuklaryndan biri we ähli adamlaryň eýe bolan we adamyň buýsanjynyň aýrylmasyz bir bölegi hökmünde kabul edilýär. Her bir adam buýsançly ýaşamak üçin işleme hukugyna eýedir. Hem kanunlarymyz hem-de halkara şertnamalar işlemegiň başlangyç hukuklardan biridigini kepillendirýär. Terror guramasy PKK döwlet edaralarynda ýa-da hususy pudakda işleýänleri gorkuzyp, zamun alyp ýa-da öldürip, zähmetkeşleriň işleme hukugyny ortadan aýyrýar.

Biz aşakda gol çekenler;

Ýaşamak we Işlemek hukugynyň başda durmagynda adam hukuklarynyň öňüne böwet basýan terroryň dessine bes edilmegini isleýäris. Mugallymlara, syýasatçylara, asuda ilata, bent we ýol gurýan, bilim we saglygy saklaýyş gullukçylaryna edilýäň basyş, diňe bir basyşa sezewar bolanlara däl, milletimize garşy edilýär. Terror guramasy PKK-nyň zähmetkeşleri we asuda ilaty gyrmagyny ýazgarýarys.

Terror guramasynyň edýän gyrgynçylyklarynyň maksatlaryndan biriniň bolsa Diýarbakyrda HDP-niň welaýat merkeziniň öňünde ogullaryny terror guramasyndan halas etmek isleýän eneleri gurkuzyp, sussyny basmakdan ybaratdygy mälim.

Halkara kärdeşler arkalaşyklarynyň,ÝB-niň düzümleriniň,  ýurdumyzda ähli meselelere reaksiýa bildirýän ilçihanalaryň we adam hukuklary guramalarynyň şol gyrgynçylyklary görmediksiremeklerini ýazgarýarys.

Demokratiýany we adam hukuklaryny goraýandygyny öňe sürýän kärdeşler arkalaşyklarynyň, hukukçylar bileleşikleriniň, hünämen guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, alymlaryň, žurnalistleriň, sungat işgärleriniň, aktýordyr aktrisalaryň, adam hukuklary guramalarynyň hem PKK-nyň gyrgynçylyklaryna reaksiýa bildiren halatynda tutanýerli boljakdyklaryny beýan etmek isleýäris.

Türkiýede azat-erkana, asuda we eşretli durmuşda ýaşamak isleýänleriň ählisini PKK-nyň gyrgynçylyklaryna garşy reaksiýa bildirmäge çagyrýarys.

Halk köpçüligini hormatlamak bilen beýan edýäris.

 

Ali Ýalçyn,                     Memur-Sen\Egitim Bir-Sen  Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Mahmut Arslan,          Hak-Iş Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Baýram Bozal,            Türk Harb-Iş Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

 

Settar Aslan,                                       Öz Orman-Iş Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Semih Durmuş,                                  Saglyk-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Mehmet Baýraktutar,                         Diýanet-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Metin Ýylanjy,                                   Büro Memur-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Lewent Uslu,                                      Bem-Bir-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Hüseýin Öztürk,                                  Toç-Bir-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Ömer Budak,                                      Birlik Haber-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Hajy Baýram Tonbul,                        Enerži-Bir-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Soner Jan Tufanoglu,             Baýyndyr Memur-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Kenan Şerefli,                                    Ulaştyrma Memur-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Mejit Erdogan,                                   Kültür Memur-Sen Kärdeşler Arkalaşygynyň Başlygy

Prof. Şafak Ertan Çomakly,                           Anadolu Üniwersitesi Rektörü

Prof. Dr. Hasan Ýüjel Başdemir                    Ankara Uniwersitetiniň Mugallymy

Doç. Dr. Muhammet Enes Kala,                   Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Mugallymy

Prof. Dr. Musa Kazym Aryjan,                     Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Mugallymy

Prof. Dr. Atilla Ýaýla                                    Istanbul Medipol Uniwersiteti

Tarkan Zengin,                                              Çalyşma Haýaty Uzmany

Fadime Özkan                                                Žurnalist, Star

Dr. Ismail Çaglar,                                          Istanbul Medeniýet Uniwersiteti

Dr. Adnan Küçük,                                          Kyrykkale Uniwersitetiniň Mugallymy

Dr. Nergis Dama,                                           Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Mugallymy      

Dr. Ýakup Ömeroglu,                                    Ýewrazita Ýazyjylar Bileleşigi

Prof. Dr. Mehmet Şahin,                                Syýasaty öwreniji

Doç. Dr. Rahman Ademi                               Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Mugallymy

Doç. Dr. Yraz Haspolat Kaýa                       Ankara Uniwersitetiniň Mugallymy

Aw. Ahmet Akjan,                                         Türkiýe Hukuk Platformu Genel Sekreteri

Mustafa Kartoglu,                                          Akşam Gazetiniň Baş Redaktory

Hasan Öztürk,                                                Ülke TW, Ýaýlymdan Jogapkär ýolbaşçysy

Prof. Dr. Mehmet Öz,                                    Hajettepe Uniwersitetiniň Mugallymy

Mehmet Çetin,                                               Ýazyjy

Dr. Nejmettin Türinaý,                                  Ýazyjy

Merwe Şebnem Oruç,                                    Žurnalist

Ihsan Aktaş,                                                   Ýazyjy

Selim Jerrah,                                                  Ýazyjy

Prof. Dr. H. Aliýar Demirji,                           Pamukkale Uniwersiteti

Prof. Dr. Mehmet Ewkuran,                          Mugallym

Dr. Murat Ýylmaz,                                         Syýasaty öwreniji

Aw. Nuri KARAMAN,                                 Hukuky Barlaglar Jemgyýetiniň Giresun Bölüminiň Başlygy

Ihsan Aýal,                                                     Medeniýet Uniwersiteti

Dr. Mehmet Sary                                           Aklawçy, İstanbul

Halime Kökje                                     Žurnalist, Star Gazeti

Hale Kaplan Öz,                                Žurnalist, Star Gazeti

Mehmet Ajet,                                     Kanal 7-niň Ankaradaky wekili

Ersin Çelik,                                        Žurnalist, Ýeni Şafak Gazeti

Dr. Jan Jeýlân,                                    Istanbul Medipol Uniwersiteti

Prof. Dr. Fyrat Purtaş,                        Hajybaýram Weli Uniwersitetiniň Mugallymy

Akyn Özçer,                                       Ýazyjy

Dr. Jem Korkut                                  Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Mugallymy

Ar. Gör. Mehmet Tugrul                    Ýyldyrym Beýazyt Uniwersiteti

Dr. Nuri Salyk                                    Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Mugallymy

Mehmet Kurtoglu,                             Şahyr-Ýazyjy

S. Burhanettin Kapusuzoglu,             Ýazyjy

 

           



Degişli Habarlar