Sosial Media?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1256220
Sosial Media?

Ýaşaýan döwrümizde sosial media faktoryna iňňän ýygy gabat gelýäris. Adamlaryň günde birnäçe sagat wagt geçirýän serişdesi bolan sosial medianyň ýüze çykarýan netijeleri ýygy jedelleşilýär. Sosial media käbirleri üçin adamyň möjeklik edýän obian giňişligi, ýagny anarhiýa şerti. Käbirleri üçin bolsa tebigy Lokkeýn şerti. Ähli zat erkin we bagtyýar, emma kadalaşdyrylmaly sfera.

Sosial media nähili analiz edilmeli? İlki bilen aýdylmaly zat, biz analiz etsegem, etmesegem sosial medianyň öz ugruna akmaga dowam edýändigi. Emma bu analiz etmegimize päsgel bermeýär.

Ähli pikire erkin we tölegsiz şert döredýän giňişlik…

İlki bilen peýdaly taraplaryna ser salanymyzda, sosial medi “meniňem pikirim bar” diýenlere, pikirlerini beýan etmek isleýänlere, tapawutly pikirleri görmek isleýänlere, tapawutly gatlaklaryň nämeler hakda pikirlenýändigini bilmek isleýänlere ummasyz şert döredýär.

Real durmuşda ýetilip bilinmejek mukdarda milli we global köp sanly adama pikiriňizi ýetirip bilersiňiz. Tersinden garalanda real durmuşda sizden iňňän alysda bolan adamlaryň näme pikir edýändigini öwrenmegiňizem mümkin.

Üstesine pikirleri beýan etmek üçin artykmaç serişde hem gerekmeýär. Ozallar ýerli gazet çykarmak, radio-teleýaýlym açmak üçin hem ummasyz serişde gerekdi. Sosial media bilen iňňän az mukdarda serişde arkaly her bir adam pikirlerini giň halk köpçüligine ýetirmegi, özüni tanatmagy mümkin.

Beýleki tarapdan şol pikirler gözegçiliksiz, haýsydyr bir bökdençsiz ýaýradylyp bilinýär. Pikirleriň erkin dolanşygy esasan ýapyk jemgyýetleri, dolanşyklary biynjalyk edýär. Onlarça ýyllap dünýä ýapyk bolan arap dolanşyklarynyň arap bahary bilen özgermäge başlamagynyň esasy sebäplerinden biri hem sosial media hökmünde görülýär. Çünki halk gözegçiliksiz sosial media serişdeleri bilen has arkaýyn guramalaşyp, reaksia görkezmegiň hötdesinden geldi.

Ähli görnüşli ýalanyň ýaýraýan, halk köpçülikleriniň ýalňyş ugrukdyrylýan giňişligi…

Sosial media beýleki tarapdan ähli görnüşli ýalanyň arkaýynlyk bilen ýaýraýan, töhmetleriň atylýan giňişligi.  Sosial mediada nämeniň dogry, nämäniň nädogrudygyna düşünmek käte mümkin bolmaýar.

Sosial mediada diňe bir pikirlere däl, käte ähli görnüşli ahlaksyzlyk, bidüzgünçilik, günäkärçilik hem gözegçiliksiz ýaýraýar.  Ähli görnüşli hüjümiň guralmagyna açyk.

“Facebookyň” esaslandyryjysy Zukerburgyň hakerlerden goranmak üçin noutbukynyň kamerasynyň we mikrofonynyň üstüni ýapmagy üns çekiji.

Sosial media arkaly özlerine gönüden aragatnaşyga açykdygy üçin halk köpçüligi gönüden ugrukdyrylma açyk. Şol açyklyk mähellelerden öz maksatlaryna laýyklykda peýdalanmak isleýän howpsyzlyk gulluklary we guramalary tarapyndan ýerlikli peýdalanylýar. Taksimde, Gezi seýilgähinde kesilen birnäçe agaç sebäpli Türkiýede halk köpçüliginiň nähili ýalňyş ugrukdyrylandygyny ählimiz gördük. Käbir ýurtlardaky sary, mämişi ynkylap, mahmal ynkylap ýaly hereketleriň Açyk Jemgyýet İnstituty ýaly halkara guramalary bilen ýakyndan baglanşdyrylandygy bilinýär.

Sosial medianyň ýaramaz taraplaryndan biri hem trollar. Kimdir biri gün tertibini eýelemek ýa-da garşydaş ýaly görünýän adamlary, guramlary gözden düşürmek üçin açylan galp hasaplar arkaly depginli propoganda alyp barýar.

Trollaryň täsiri bilen sosial mediada käte hakykatyň ýoýulýandygy, emele getirilen imejleriň hakykatyň ýerine geçýändigi, post-hakykat şertlere ýygy-ýygydan gabat gelinýär. Trollar üçin sosial media ne sosial ne-de media, diňe hüjüm serişdesi.

Howpsyzlyk gulluklarynyň haýsysy sosial media firmalarynyň eýe bolan maglumatyna eýe?

Sosial media boýunça analiz geçirýärkäk sosial media firmalarynyň biziň üstümiz bilen eýe bolan ägirt uly maglumaty ünsden düşürilmeli däl. Şol giňişliklerde ýaýradan hususy maglumatlary barada-ha aýdybam oturmaýyn. Beýan eden garaýyşlary, çemeleşmeleri, ýaradan habarnamalary arkaly adamlaryň, toparlaryň dindar, sekulýar, etniki we başga ähli gatlaklaryň şahsy, syýasy analizleri sosial medianyň eline geçýär. Sosial media firmalarynyň belli sandaky beýanlary arkaly adamlaryň şahsy analizlerini ýakyn dostlaryndan hem gowy berýändigi aýdylýar. Şol çäkde media firmalary ellerindäki ummasyz maglumatlary bütin dünýäni seljerip, analiz eden, Jorj Orweliň 1984 romanyndaky tele-ekran ýaly. Ol hem firmalara, şol firmalar bilen ýakyndan işleşýän howpsyzlyk gulluklaryna, döwletlere ummasyz uly güýç goşýar. Şunça şerti tölegsiz, ýöne ýere döredýän däldirler elbetde. Pikir edip görüň, her bir wakada hamala mejbur ýaly görkezýän reaksiýalarymyz, edýän ýorgutlarymyz bilen haýsy ýurtda, haýsy wakalara, haýsy gatlaklaryň nähili reaksiýalar berip biljekdigi biz tarapyndan şol firmalara berilýär. Sosial mediadaky ýorgutlar, garaýyşlar we harbarnamalar günde tapawutly temalarda millionlarça predmet bilen geçirilen sowalnama meňzeýär. Şol maglumatlar firmalar tarapyndan uzak möhletli analiz edilýär. Özleri baradaky şeýle analizler adamlarda, guramalarda we toparlarda-da ýok. Şol analizler elbetde bir taraply däl. adamlaryň şahsy analizlerinden, medeni, sosial, syýasy garaýyşlaryna, harajatlaryndan daşarky dünýädäki wakalara, ejiz taraplaryndan beýleki käbir taraplaryna çenli iňňän köp taraply häsýete eýe. Bu ähli ýurtlaryň öz geljekleri taýdan hökmany suratda göz öňünde tutulmaly şert.

Meniň hem degişli bolan nesilim, ýagny belli ýaşdan ýokardakylar sosial mediany belli bir derejede analiz edýär, ýa-da edip bilmeýär. Emma belli ýaşdan aşakdakylar sosial medianyň içinde dogulýar, ulalýar. Günsaýyn täsiri azalýan maşgala gatnaşyklary sebäpli çagalaryň has erkin ösýändigi, bilim we real sosial sferalaryň ähmiýetini günsaýyn ýitirýän şertlerinde sosial media çagalarymyzyň ýeke-täk sosiallaşýan giňişligine öwrülip barýar. Ulanyjylaryň esasy bölegi üçin düzgüni, kadasy, ärdemi bolmadyk, emma trollyň, ýoýmanyň, ýalanyň bol bolan şertleri çagalarymyzy nirä alyp gider? Bu şertler nähili dünýä emele getirer?

Men umydymy üzmedim. Aýdyşym ýaly ähli zyýanly taraplaryna garamazdan sosial media gowy mümkimçiliklerem döredýär. Şertleriň nähilidigini bilmek şerti bilen gowy peýdalanmagam mümkin. Çagalarymyz taýdan bolsa edilmeli zat; olaryň sosiallaşmagyny sosial media goýmak däl, üstümize düşýän borjy berjaý edip, belli bir ederejede sosiallaşandan soň şol giňişlige batmagynyň öňüni almak. Hezreti Möwlananyň sirkul metafory ýaly, bir aýagy berk basandan soň açyp bilýäniçe açmaklaryna rugsat bermek. Emma bir aýagy berk bolmasa girilen ýalňyş ýerlerden çykmak mümkin bolman biler.

Jemläp aýdanymyzda globallaşma tapgyrlary ýaly sosial media hem biziň analizmiden garaşsyz öz ugruna akýar. Edilmeli zat, garşy ýa-da tarapdar bolmak däl, özümiz, maşgala agzalarymyz, ýurdumyz we adamzat üçin şol akymyň peýdaly bolmagyny üpjün etmek, zyýanlaryny azaltmak.



Degişli Habarlar