Balkan Göçleri

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1233880
Balkan Göçleri

 

Balkan Göçleri

 

Geçen hepde Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň hemaýat bermeginde ýolbaşçylyk etmeginde Halkara Balkan Uniwersitetleriniň ýer eýeçiliginde Skopiýada 5-nji Halkara Jemgyýetçilik Ylymlary Maslahaty geçirildi.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

13 ýurtdan 617 alymyň gatnaşan maslahatynda men hem dokladçy bolup ýaşlar meselesinde çykyş etdim. Maslahatda Garward ýaly ABŞ-nyň belli okuw jaýlaryndan türk alymlar bilen tanyşmaga we olar bilen Ýokary Bilim Geňeşi hem-de ýokary bilim ulgamymyz barada netijeli pikir alyşmaga pursat hem tapdym. Gepleşigimiziň bu sanynda Balkan göçleri barada durup geçmek isleýärin. Çünki Balkan ýurtlaryna her gidişimde mesele gynançly häsýetde gün tertibine gelýär. Osman döwletiniň soňky döwürinden biziň günlerimize çenli uzap giden gussaly waka Balkan ýurtlaryna baran her bir adamyň ýadyna düşýär.

Balkan göçleriniň gysgaça taryhy ýa-da genosidiň hakyky ady…

Ylmy çeşmeler 18-nji asyrdan başlap millionlarça musulmanyň we türküň Balkan ýurtlarynda gyrgynçylyga sezewar bolandygyny, öldürilendigini, sürgün edilendigini beýan edýar. Osman döwleti yza çekilýärkä we ondan soň dargaýarka Balkan sebitindäki musulmanlar hem-de türkler has agyr şertlere sezewar bolýar.

Genosid adalgasy ilkinji gezek 2-nji Jahan urşundan ozal Germaiýanyň ýehudilere eden zulumlary, köpçülikleýin gyrgynçylyklar we gynamalar üçin ulanylýar. Balkan ýurtlarynda biziň ynsanlarymyzyň başdan geçiren zulumy san taýdan hem agyrlyk taýdan hem Germaniýadaky zulumlar bilen deňeşdirilende has köp. Emma dünýä beýlede dursun, şol zulumyň, genosidiň göwrümi Türkiýede hem az adam tarapyndan bilinýär.

Balkan ýurtlarynda 17-nji asyrdan bäri başdan geçirilenleri 19-20-nji asyrdaky gam-gussany, pajygany, göçleri başdan geçirenleriň çagalaryna, geljekki nesillere we dünýä ýetirjek oskara laýyk kino-film hem surata düşürilmedi. Görnüşi ýaly milletimiz başdan geçiren gam-gussalary sebäpli dünýäni iňletmegi, yzgiderli häsýetde şolardan peýdalanmagy halamaýar. Gam-gussa näçe uly bolanda-da ony ýüregine gömüp, ýoluna dowam etmek. Emma milletimiz uly göwrümli kino ýa-da dokumental film taýarlamasa hem şol ýetmezçiligi köplenç çuňňur ýady, giň pespälliligi bilen ýapýar. Şol gam gussany aýdan agylary, düzen aýdymlary we marşlary bilen iň gowy oskar filminden hem täsirli görnüşde geljek nesillere ýetirýär.

Haýsy kino-film ýüregimizi daglap, bedenimizi gurşap alýan Çanakkale, Ýemen aýdymy, Plewne marşy ýaly güýçli bolup bilerkä…

Syýasy maksatlar bilen mejbury göçürmek gynansagam taryhda galan faktor däl. Şu günki günde-de türkleri we musulmanlary gyzyklandyrýan köp sanly sebitde şuňa meňzeş şertleri başdan geçirýäris. Entek düýn bolgar türkleriniň, şu gün Krym, Garabag we uýgurlaryň başdan geçirýän meseleleri, Mýanma, Siriýa we elbetde Palestin musulmanlarynyň duçar bolan kynçylyklary Balkan ýurtlaryndaky türkleriň başdan geçirenlerinden tapawutsyz.

Boşan Balkan Ýurtlary…

Balkan ýurtlaryna her gidende söhbetdeşligiň esasy temasy Türkiýä edilen göçler bolýar. Osman döwründe başlan göçler diňe şol döwürde galmady. Respublika döwründe-de dowam etdi. Hat-da şu günki günde-de tapawutly görnüşlerde dowam edýär. Balkan ýurtlaryndaky türkleriň sany günsaýyn azalýar.

Türkiýe Balkan türkleriniňem, musulmanlarynyňam umydy, geljegi… Çünki bir ýerde azlyk bolmak köp sanly kynçylygy hem ýany bilen alyp gelýär. Azlyk hökmünde ýaşamaga dowam edilýärkä daşardan güýçli goldawa mätäçlik duýulýar. Şol goldaw esasan maddy gönüşde bolmaly. TRT Türkiýäniň Sesinde efire berilýän “Çeşmi Jahan” gepleşigi üçin söhbetdeşlik geçiren Demirgazyk Makedoniýanyň Ýokary kazyýetiniň agzasy Salih Murat atly raýatyň sözleri ony iňňän gowy beýan edýär: “Biz Türkiýeden hiç zat islämizok. Türkiýe ýoluna güýçli dowam etdirse, bize onuň kölegesi ýeterlik.”

Esasanda Balkan türkleri Türkiýe bilen arabaglanşyklarynyň dowam etmegini isleýärler. Çagalarynyň käbirleri geljegini Türkiýeden gözleýär. Emma meselä strategik çemeleşýänleri Balkan ýurtlarynda ýaşaýan türkleriň azalmagyna, azaldylmagyna artykmajy bilen närazylyk bildirýär. Çünki Balkan ýurtlaryndan Türkiýä ýa-da başga ýurtlara edilen göçleriň her biri özlerini we geljeklerini has-da ýalňyzlaşdyrýar. Geçmişde ýygy-ýygydan görülşi ýaly 2 million ilatly Balkan ýurdundan bäş ýüz müň adamyň Türkiýä göçmegi, Türkiýäniň ilaty üçin artykmaç many aňlatmaýar. Emma şol mukdar gelinen ýurduň ilatynyň 25 göterimini emele getirýändigi üçin ol ýerde galan adamlary ýeke-ýalňyz goýýar. Şonuň üçin Balkan türkleri kyn hem bolsa öz ýerlerinde galan bolsady, onda häzirki şertler başgaça bolardy.

Dogry Syýasat: Ýerinde Güýçlenmek

Geçmişi yzyna getirip bolmaýar. Geçmişde-de galyp bolmaýar. Emma geçmişden ugur alyp, degerli netije çykarmak bolar.

Şu günki günde Balkan bosgunlarynyň, migrantlarynyň gelen ýerlerinde ata-babalarynyň ýatlamalaryny, eserlerini, goýup gaýdanlaryny unutman, olary ýaşatmagy iňnän möhüm. Balkan ýurtlaryndaky mirasymyzy dikeltme borjy diňe bir TIKA we ÝTB ýaly edaralaryň ýa-da Ýunus Emre we Magaryf gaznasy ýaly gaznalarymyzyň borjy bolmaly däl. Balkan ýurtlarynda ýaşaýan türkler we musulmanlar ata-babalarynyň mirasçylary hökmünde Balkan bosgunlarynyň yza dolanyp, dertleşmegine, salamlaşmagyna garaşýar Russiýanyň we ÝB-ne agza ýurtlaryň Balkan ýurtlary bilen köp taraplaýyn gyzyklanýan döwründe Türkiýede ýaşaýan Balkan migrantlarynyň açjak ganaşyklary ozalky goňşulary üçin alterniw bolar. Türkiýedäki balkanlylar diňe bir Türkiýe bilen Balkan ýurtlarynyň arasynda däl, Balkan ýurtlarynyň dünýä bilen edýän gatnaşygyna hem mynasyp goşant goşarlar.

Elbetde migrasiýa diýlende onuň köp ugry bar. Ýewropanyň başda durmagynda ykdysady maksatly göçenler, olaryň yza dolanmagy, Krym, Kawkaz, mesheti türkleri, uýgurlar ýaly türki halkar duçar bolýan basyşlary, kynçylyklary sebäpl Türkiýä göçmek üçin jan edýärler. Ählisi hem özbaşdak we biri-birinden garaşsyz meseleler. Daşary ýurtlardaky türki halklar boýunça nähili strategiýa alynyp barylmalydygy barada gepleşigimiziň indiki sanlarynda durup geçeliň.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň “Balkan Göçi” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #musulman , #genosit , #göç , #Balkan

Degişli Habarlar