KITAP, HORMAT DAGYNDAN GÖZBAŞ ALYP GAÝDÝAN SÖÝGINIŇ GÖZBAŞYDYR

Dost-Doganlygyň Taryhy 15

1187464
KITAP, HORMAT DAGYNDAN GÖZBAŞ ALYP GAÝDÝAN SÖÝGINIŇ GÖZBAŞYDYR

 

 

 

KITAP, HORMAT DAGYNDAN GÖZBAŞ ALYP GAÝDÝAN SÖÝGINIŇ GÖZBAŞYDYR

 

Bu günki gün Türkmenistanda ady belli ýazyjy-şahyr hökmünde tanalýan Abdyreşit Taşowyň kitap hakyndaky, kitabyň gözbaşy, kitaba bolan söýgü, ilkinji kitabyna, ilkinji şygryna giden ýoldaky ýatlamalry hakyndaky ýazgylaryny diňleýjilerimize ýetirmegi makul bildik. Ýazyjynyň geçen ýolunda ony goldan ejesiniň dilegi, atasynyň ruhy bolupdyr. Şonuň üçin hem Abdyreşit aga kitap hakyndaky ýatlamalaryny şeýle başlaýar:  

 

Ejem sowatsyzdy. Emma köp bilýärdi. Oňa-da ýaş wagty ejesi köp ertekileri aýdyp beripdir. Üstesine-de atam mollady. Ol köne kitaplary arap dilinde okap, terjimesini hem özi türkmençe, şirin labyz bilen gürrüň bererdi. Ony diňe ejem däl, obanyň adamlary-da ýörite üýşüp gelip diňlärdiler. Kitap okamak bilen bagly gürrüň ýüze çykanda, atamyň bir gezek beren şeýle gürrüňi ýadyma düşdi. “1934-nji ýylda meni hat ýazyp, okap bilýän sowatly adam hökmünde Gyzguýy diýen ýere oba şurasynyň sekretary edip iberdiler. Baryp, edarada üç günläp oturdym. Hiç kim gelmedi. Dördünji gün bir janlyny öldürip, sadaka berdim-de, ilatdan gaýtmaga rugsat soradym. Olar maslahatlaşyp göreli diýdiler. Dargap başladylar. Menem içimi gysdyrmazlyk üçin, “Babaröwşeniň” arap elipbiýinde türkmençe ýazylan, daşbasma usulynda Gazanda neşir edilen nusgasy bardy, şony hiňlenjiräp, okap başladym. Kitaby okap, şemallamak üçin daşaryk çyksam, giň giden meýdanda adamdan ýaňa aýak basara ýer ýok. Bütin Gyzguýynyň ilaty kitaby diňlemäge gelipdir. Şoňa çenli maňa görünmegi-de  uslyp bilmedik oba şurasynyň başlygy edaranyň açaryny we möhürini öňümde goýdy-da: “Agam, göwnüňi bölme, sen hiç ýere gitmersiň – diýdi. – Munuň ýaly kitap okap bilýän ekeniň, gitjegem bolsaň, mundan beýläk goýbermeris.

 

         Uly döwletiň iberen adamsyny kabul etmedik ilatyň arasynda, atam ýekeje kitap okap bermek bilen olaryň söýgüsini we hormatyny gazanypdyr. Sebäbi kitabyň özi Hormat dagyndan gözbaş alyp gaýdýan Söýginiň çeşmesidir.

 

         Üç günläp ýekeje setirem ýazyp bilmän oturanymy gören atam: “Goşgy ýazylýan däldir, döreýändir – diýdi. – Eger sen gazete iberjek bolsaň, häzirlikçe  öňki ýazanlaryňdan iki-üç sanysyny ýolla. Haçan-da täze goşgy dörän-de, ony-da soň iberibirsiň. Umuman, goşgy gazetde  çap etmek üçin  döreýän  däldir. Goşgy Sözleýiş diliniň gülüdir we ýazuwyň möhüridir.”

   

Obada gözümizi açyp görenimiz pagta bolansoň, her niçigem bolsa “Pagta” hakyndaky ilkinji döreden goşgymy gazete iberdim.

         

         Berjaý edip atalaryň pähimin,

                Sygnyp-sygnyp Babadaýhan pirlere,

                Güýzde sürüp, ýazda taşlap tohumyn,

                Gowaça çigidin ekdik ýerlere.

         

     Gögerdi, boý aldy, açyldy pagta,

               Atyzlar ak dona bürenen ýaly.

               Ak pagta ýetirer bizi ak bagta,

               Myrat bolsun iliň arzuw-hyýaly!

     

         Gazýetde goşgym çykdy. Men begendim, synpdaşlarym begenmedi. Sebäbi pagta bu dünýä ineniňe puşman etdirýän görgüdi. Ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli Gün dogandan Gün ýaşýança atyzyň içinde bolardylar. Şoldur-da şudur men gaýdyp beýle goşgulary ýazmadym.

 

Oba mekdebini tamamlap, 1959-njy ýylda Kerki şähjerindäki 5-nji pedagogiki uçilişäniň mekdep bölümine okuwa girdim. Peduçulişäniň direktory Allamyrat Rahmanow diýen dilçi mugallymdy. Örän sypaýy we medeniýetli adamdy. Ol meniň goşgy ýazýanymy niredendir bilipdir. Bir gün ýanyna çagyryp, gürrüňdeş boldy. Ähli ýazanlarymy toplap, arassa kagyza göçürip, özüne gowşurmagymy haýyş etdi. Şondan iki aý geçip-geçmänkä synpdaşlarymyz barmagyny çommaldyp “Ynha, şahyr gelýär” diýip başladylar. Görüp otursam, Allamyrat Rahmanow goşgularymy üç ekzemplýardan maşynkada ýygdyryp, olara ýörite daş tutup, uçilişäniň ýaş döredijileriniň sergisinde goýupdyr. Ýöne şondan soňam ilkinji goşgular ýygyndymyň  kitap bolup neşirýatda çap edilmegi üçin on alty ýyl gerek boldy.

    

Allamyrat aganyň mundan başga-da meniň döredijiligimi ösdürmek üçin eden işleri az bolmady. Uçilişede edebiýat birleşmesini döretdi. Birleşmäniň üsti bilen Berdinazar Hudaýnazarow, Beki Seýtäkow, Anna Kowusow, Allaberdi Haýydow ýaly ýurduň adygan ýazyjy-şahyrlaryny ýörite Kerkä çagyryp, ýaş şahyrlar hem-de talyplar we mugallymlar bilen döredijilik agşamlaryny geçirerdi. Şu ýerde atlary agzalan dört ýazyjy bilenem ömürleriniň soňuna çenli gatnaşdym.

    

Döredijilik adamsyna talantam gerekdir welin, oňa galamdaşlarynyň maslahaty we ýardamy hem zerurdyr. Bu ugurdan soňrak maňa Gurban Çöliýew, Italmaz Nuryýew, Gurbannazar Ezizow, Ýylgaý Durdyýew dagylar ýakyn pikirdeşler boldular.

   

Mugallymçylyk höwes edýän kärimdi. Emma peduçilişäni tamamlanymdan soň bary-ýogy bir ýyl mugallym bolup işlemek nesip etdi. Meni Hojatutly diýen çarwa obasyna, aslynda oba-da däl, dowardarçylyk fermasyndaky başlangyç mekdebe ýolladylar. Ol ýer biziň obamyzdan 90 kilometrlik uzakda, daglyk ýerde ýerleşýärdi. Çopanlara içimlik suw daşaýan maşynda gitdim. Meni birinji klasda okadan Işan Egemow bu ýerde hem mugallymdy, hem direktor. Biz ýediýyllygy gutaran uçurlarymyzda ony kolhoza başlyk saýlapdylar. Emma üç ýyl işlänsoň, “ogluňy sünnet etdiripsiň” diýip, başlyklykdan boşadypdyrlar. Şondanam şu ýere gelip, işläp ýörşi eken. Birinji-üçünji klaslary özi aldy, ikinji-dördünji klaslary maňa tabşyrdy. Klaslar parallel okadylýardy. Dört klasy bolan mekdep jaýy bardy, emma maňa ýatyp-turara jaý ýokdy. Başda mugallymyň öýünde bolmaly boldy. Işan aga şoh adamdy. Ol häli-şindi “Ýa şoh bol, ýa ýok bol!” diýerdi. Söz oýnatmaga, sözleri suňşuryp-suňşuryp gürlemäge ökdedi. Ondan öwrenen zatlarym kän boldy.

 



Degişli Habarlar