NATO Ýüzöwrülmesizmi?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1185225
NATO Ýüzöwrülmesizmi?

 

NATO Ýüzöwrülmesizmi?

Soňky günlerde ABŞ-dan berilýän käbir beýannamalarda S-400, Siriýa we ABŞ-nyň terror guramalaryna berýän goldawlaryna Türkiýeden bildirilýän berk nägilelikler sebäpli Türkiýäniň NATO agzalygy diskussiýa edilýär. ABŞ-nyň Wise-prezidenti Pens “Türkiýe kararyny bermeli. Taryhyň iň başarjaň harby arkalaşygynda möhüm hyzmatdaşlardan biri bolup galmak isleýärmi, ýogsam arkalaşygymyza zyýan ýetirjek ünssiz kararlary bilen bu arkalaşygyň howpsyzlygyna wehim salmakçymy?” diýdi. Oňa Türkiýäniň Wise-prezidenti Oktaý: “ABŞ kararyny bermeli. Türkiýä dost bolup galmak isleýärmi, ýogsam terrorçylar bilen egin-egine NATO-daky ýaranynyň duşmanlaryna garşy goranyşyny ejitledip, dostlugymyza zeper ýetirmekçimi?” diýip, jogap berdi.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ilki bilen Türkiýäniň NATO agzalygy bilen bagly tankydy bellikleriň NATO-nyň resmileri ýa-da beýleki agzalar tarapyndan däl, diňe ABŞ tarapyndan beýan edilendigini belläp geçeliň.

NATO-nyň Türkiýä goşýan goşady we düşýän gymmaty

Ýewropanyň faşistik ýurtlary 2-nji Jahan urşunda ýeňildi. Uruşda demokratik ýurtlar üstün çykdy. Uruşdan soň bütin dünýäde demokratiýa geçiş tapgyrlary başlady.

Uruşdan soň döredilen NATO demokratik ýurtlar tarapyndan döredilen hyzmatdaşlyk.

Türkiýe Russiýanyň 1945-nji ýylda aç-açan bildiren bogazlar baradaky talaplary we Türkiýe baradaky abaý-syýasaty sebäpli günbatar bloguna goşulmak isleýärdi.

2-nji Jahan urşundan soňky tapgyryň we NATO-nyň Türkiýä belkem iň esasy, iň möhüm goşandy Türkiýäniň demokratiýa geçiş tapgyryndaky pozisiýasydyr. Şol ýyllardaky şertler bolmadyk bolsady, demokratiýa geçiş tapgyry has gijä galyp bilerdi. Sowuk uruş döwründäki rus howpyna garşy NATO Türkiýe üçin kepillendiriji pozisiýa eýeläpdi.

NATO-nyň Türkiýä beýan eden oňyn we möhüm goşantlarynyň ýanynda iňňän ýaramaz zyýanlary hem boldy. Türkiýede 1960-njy ýyldaky harby agdarlyşygy bilen konstruktiw häsýete eýe bolan Hemaýat düzgüni NATO-dan, esasanda ABŞ-dan garaşsyz däldir. Italiýada NATO bilen baglylykda ýüze çykarylan Gladio tipli guramalaryň NATO agza beýleki  ýurtlarda-da bardygy hakyndaky garaýyşlar giňden ýaýrapdy. Türkiýedäki 1980-nji ýylda edilen agdarlyşykda döwrüň Amerikan Prezidentine berilen “biziň oglanlar hötdesinden geldi” diýlen maglumat hemmelere mälim. Soňky gezek 15-nji iýul FETÖ agdarlyşyk synanşygy köp sanly adam tarapyndan ABŞ bilen baglanşdyrylýar.

Türkiýäniň NATO goşan goşandy

Döredilen gününden bäri NATO-nyň çäginde gatnaşylan köp sanly söweşde ýa-da operasiýada türk esgerleri bardy. Köp sanly şehit berilen koreý urşy şolardan iň bir ýatdan çykmaýany. Meniň kakamyň doganynyň adamsy hem Koreýa gahrymanlaryndan biridi. NATO tabynlykda Owganystanda iş alyp barylýarka dik uçaryň ýere gaçmagy sebäli 2012-nji ýylda şehit bolan maýor Şükür Bagdatly ýakyn dostumdy. Pursatdan peýdalanyp ikisini hem hormat bile hatyralaýaryn.

Emma Türkiýäniň NATO goşan esasy goşandy, esasanda musulman ýurtlardaky operasiýalar üçin döreden legellygy. NATO-nyň agyr hüjümlerine sezewar bolan käbir musulman ýurtlarynda NATO basyp alyjy ýa-da täze haçparaz hüjümçisi hökmünde tankyt edilýär. Türkiýesiz NATO şeýle analizlere has ýygydan sezewar bolar.

NATO Ýüzöwrülmesizmi? Ýa-da Türkiýesiz NATO?

20-nji asyryň başynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryna ser salanymyzda Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, ABŞ, Russiýa we Osman döwleti ýaly ýurtlary görýäris. 21-nji asyryň başynda dünýä syýasatynda sözi geçýän ýurtlara ser salanymyzda ýene şol ýurtlary agzamak bolýar. Şol döwletlere Osman döwletiniň ýerine gurlan Türkiýe we Hytaýy goşup bileris.

Türkiýe taryhy jähtden ugrukdyryjy, lider ýurtlardan biri. Şu günki günde öz üstüne düşýän jogapkärçiligini doly ýerine ýetirip bilmeýändigine garamazdan şol özboluşlygyny elden bermedi. Türkiýe halky musulman bolan ýeke-täk NATO agza ýurt. Türkiýäniň İspaniýa bilen bilelikde Medeniýetleriň arkalaşygynyň egindeş başlyklygyna çagyrylmagy we ony ýerine ýetirmegi eýe bolan taryhy mirasynyň netijelerinden biridir.

Şol sebäpli Türkiýe NATO-da adaty günbatar ýurtlary ýaly hereket edip bilmez, kabul edilmez. Türkiýäniň NATO berýän goldawy we goşýan goşandy Gresiýa, İtaliýa we beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilmesizdir. Adaty günbatar ýurtlaryndan biri ýaly kabul edilýän Türkiýe NATO hem global parahatçylyga hem ýeterlik goşant goşup bilmez. Taryhy çuňlugy, potensialy we global parahatçylyga goşup biljek goşandy sebäpli Türkiýe NATO bilen hem, Russiýa bilenem, günbatar, gündogar, demirgazyk, günorta ähli taraplar bilenem çuňňur gatnaşyklar açmaly. Türkiýe üçin şol gatnaşyklar biri-birine alternatiw däldir.

NATO-nyň Türkiýe üçin ýüzöwrülmesizdigini beýan edýänler Russiýa we sebitleýin deňagramlyklar taýdan NATO-nyň goşjak goşandyna ünsi çekýärler. NATO-syz Türkiýäniň geçmişde rus howpyndan has agyr ýitgi çekjekdigini ýatladýarlar. Şübhesiz olar ýerliklidir. Şonuň bilen bilelikde geçmişdäki Russiýa howpyna garşy NATO-nyň Türkiýä beren goldawyny diňe bir Türkiýäniň talap eden islegi bilen düşündirmek bolmaz. NATO Türkiýäniň islegi bilen däl, eýsem Russiýanyň pozisiýasynyň güýçlenmeginiň özi üçin howp emele getirýändigini göz öňünde tutandygy üçin Türkiýäni goldady. Ýagny Türkiýe agza bolmadyk bolanda-da NATO belli bir derejede şol goldawy bermäge mejburdy. Mysal üçin häzirki wagtda Hindistan NATO agza däl. Emma Hytaýyň imperializmine garşy ABŞ, NATO agza haýsydyr bir ýurda berýän goldawyndan artgyny Hindistana berýär. Gysgaça aýdanymyzda global derejedäki pozisiýasyny gorap saklamak, Russiýany, Hytaýy ýa-da haýsydyr bir başga ýurdy gözegçilik astynda saklamak isleýän NATO, agzasy bolsun ýa-da bolmasyn, onsuz hem başga ýurtlary goldaýmaly.

Türkiýe elbetde NATO agzalygyny dowam etdirmeli. Emma ABŞ we NATO Ýakyn Gündogarda serhetler gaýtadan kesgitlenýärkä, edil golaýynda terror döwleti gurulmak isleýärkä NATO agza bolandygy üçin Türkiýäniň synçy bolup galmagyna garaşmasyn. Şeýle Türkiýä garaşmaly däl.

Braziliýa, Indoneziýa, Hindistan, Malaýziýa, Pakistan, Hytaý ýaly dünýä syýasatynda dünýä syýasatynda pozisiýasy günsaýyn güýçlenýän ýurtlar NATO agza däl. NATO-nyň çäginde ýa-da däl, Türkiýe elmydama ugruny kesgitlejek ýurt. Ismet Inönüniň taryhy sözleri bilen tamamlamak isleýäris. 1964-nji ýylda Jonsonyň hatyna jogap hökmünde aýdan sözi: Täze dünýä ýaňadandan gurular we Türkiýede ol ýerde öz mynasyp ornuny eýelär. NATO-syz Türkiýe belli zatlary elden giderse-de ýoluny dowam etdirer. Emma Türkiýesiz NATO hem az zat ýitirmese gerek.



Degişli Habarlar