Tarrant Hristian Terrorçymy?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

1167711
Tarrant Hristian Terrorçymy?

Hepdäniň Syny 

Tarrant Hristian Terrorçymy?

 

Awstraliýaly terrorçy Brenton Tarrant 2019-njy ýylyň 15-nji martynda Täze Zelandiýada juma namazy dowam edýärkä iki metjide guran hüjümleri bilen 50 musulmany şehit etdi. Onlarçasyny ýaralady. Günbatardaky terror hüjümlerinden soň ölüm ýa-da gan yzy ýaýlyma berilmedi. Emma Tarrantyň hüjümi sosial mediadan göni ýaýlymdan berildi. İnternet mediasynda we teleýaýlymlarda hüjüm we musulmanlaryň sezewar bolan wagşylygy ençeme gezek görkezildi.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Adaty jenaýatçymy? Terrorçymy?

Bu sorag nähili ýerliksiz, şeýle hüjümden soň nähili gynandyryjy. Emma günbatarly syýasatçylaryň we medianyň tas ählisi Täze Zelandiýanyň taryhynyň iň bir pajygaly hüjümine terror hüjümi diýip bilmedi. Terrory “meýilleşdirip, güýç we basyş arkaly, gorkuzmak, ejizletmek ýa-da wehim arkaly syýasy maksada ýetmegiň usuly” hökmünde häsýetlendirip bileris. Tarrant uzak ýyllaryň dowamynda meýilleşdirip, göni ýaýlymda adamlary gyrmak bilen çäklenmeýär. Günbatarda akýagyzlardan başgalaryň ählisiniň näme sebäpden öldürilmelidigi barada 74 sahypalyň düşündiriş hem ýazýar. Tarrant terrorçy däl, eden hüjümi terrorçylykly däl bolsa, başga hiç zat terror hüjümi bolmaz. Tarrantyň müňlerçe ýyllyk taryhdan, yslama we türklere garşy ähli atlary, ýerleri, wakalary bilmegi we olary ulanan ýaraglaryna öz dillerinde ýazmagy, hüjümi ýekelikde däl, eýsem ylmy goldaw bilen edendigini görkezýän geň galdyryjy subutnamalardan biri.

Indi günbatarda demokratiýa we azatlyklar has-da goragsyz

Ýewropada, esasanda ykdysady durgunlyk sebäpli faşizm we nasizm barha ýaýbaňlanýar. Beýleki demokratik ýurtlar bilen deňeşdirilende rasist partiýalaryň esasan häkimiýetde bolan ýerleri, Ýewropa ýurtlarydyr. Rasist partiýalaryň güýjüniň barha artmagy günbatar ýurtlaryndaky azatlygyň tarapdary, plýuralist we liberal gatlaklaryň sussunyň basylmagyna sebäp bolýar. Şol gatlaklar bolsa basyşy artykmajy bilen duýýarlar. Ýetilen sepgitde günbatarda tapawutly ýaşaýyş durmuşlaryny ortadan aýyrmaga abanýan howp günsaýyn artýan bolsa, şol howpyň 2-nji Jahan urşundan ozalkysy ýaly barha özlerini hem gurşap alýandygyny görýän az lider galdy.

50 musulmanyň şehit edilmeginde günbatarda her bir dine uýýanlaryň, dilleri gepleşýänler, milletleriň wekilleri parasatly reaksiýa görkezdiler. Şol gatlaklaryň musulmanlar bilen arkalaşýandyklaryny beýan etmekleri, ýaşaýan ýurtlaryndaky basyş şertleri göz öňünde tutulanda iňňän möhüm. Günbatarly syýasatçylar dyman hem bolsalar Täze Zelandiýanyň Preemýer ministri Jajinda Arderniň tagallalary, meselelere günbatarda entegem adamkärçilikli çemeleşýän liderleriň bardygyny görmek taýdan iňňän möhüm. Şeýle umytsyz şertlerde ýurdundaky musulmanlaryň özlerini çäresiz we howandarsyz duýýan günlerinde Arderniň çadyra daňyp, musulmanlara duýgudaşlyk bildirmegi iňňän gymmatly. Beren beýanaty hem akýagyz rasist terrorçylara jogap häsýetinde: “Bu ýurtda dogulmandygyna garamazdan şu ýerde ýaşamagy saýlap alanlaryň ählisi bizden. Bu elhenç gyrgynçylyky edenler bolsa bizden däl.” Arderniň özüni “meniň edip biljek zadym barmy” diýip soran Trampa beren jogaby bolsa ders häsýetinde: “Musulman halklaryň ählisine mähirli we içgin çemeleşiň.”

Hristian terrorymy?

Günbatarda syýasatçylar we media, jenaýatçysy musulman bolan wakalary yslamy jihadçy, şerigatçy ýaly sypatlar bilen häsýetlendirmäge höwesli bolsalar, Tarrantyň gyrgynçylyklaryna “Hristian terrorizmi” diýilýän beýanata gabat gelmedim. Eýsem Tarrant jarnamasynda akýagyzlardan daşgary günbatarda ýaşaýan hemmeleri öldürmäge çagyrýar. Hüjüminde we jarnamasynda hristianlyga ençeme salgylanma bar. Bu hüjümi bir din bilen baglandyrmaly bolsak, onda hristianlyk bilen baglanşdyrmak üçin sebäpler artykmajy bilen bar. Belkem, günbatarda güýçlenýän bu agressiw mentaliteti Haçparaz terrory hökmünde häsýetlendirmek, meseläni hristianlygy gyra goýup, haçparaz mentaliteti taýdan seljermek has ýerlikli bolup biler.

Bulara garamazdan meselä günbatar ýaly çemeleşilmeli däl. Çünki günbatar biziň mugallymymyz däl. Olaryň käbir pajygaly aksiýalary yslam bilen baglanşdyrmaga synanşmaklaryna nähili garşy durýan bolsak, bu hüjümi hristian terrory hökmünde häsýetlendirmeli däl. Çünki terror, näme üçin etdirilýän bolsa bolsun, terrorçylar bilen, adyna terror edýän dinleriniň, ideologiýalarynyň we gymmatlyklaryň arasyna tapawut goýmazlyk, esasan-da terrorçylaryň bähbidine gulluk eder. Hamana yslamyň adyndan edilen aksiýalardan musulmanlaryň, hristianlygyň adyndan edilen terrordan hristianlaryň günäkärlenýän dünýäsinde parahatçylykdyr asudalygy ornaşdyrmak mümkin bolmaz.

Beýleki tarapdan terrorçylaryň gurallaşdyrmalary sebäpli dinleri we başlangyç adalgalary terrorizm bilen bilelikde agzamak, asyrlardan bäri dinleriň ummadyny radikallykdan goraýan däpleriniň ortadan aýrylmagyna sebäp bolup, terrora has uly hyzmat eder. dostum Berat Özipek bilen pikir alyşan mahalymyz beýan edişimiz ýaly yslamyň has ýaýbaň bolan, jihadyň güýçli bolan we ýurtlaryň şerigat bilen dolandyrylan döwürlerinde hem-de ýerlerinde dünýäniň başga sebitlerinde görülmedik agzybir durmuş höküm sürýärdi. Şol sebäpli dünýäde plýuralizmiň, tapawutly medeniýetleriň nusgawy mysallary başga ýerlerde däl, musulmanlaryň dolanşygyndaky Osman ülkelerinde, Andulisiýada we Hindistanda gabat gelýär. Şol döwürlerde musulmanlar 11-nji sentýabrda bolşy ýaly bigünä adamlary köpçülikleýin gyrmagy pikirem etmeýärdi. FETÖ-de bolşy ýaly öz halkyna F-16 uçarlary bişen hüjüm etmegi küýüne-de getirmezdi. Bularyň ähli täze, döwrebap hereketler. Toro Boradaky budda heýkelleri, Owganystanyň şerigat bilen dolandyrylýan, adamlaryň jihada ýönelen döwründe däl, döwrebap zamanada ýykylypdy.

Tarrantyň guran hüjümleri bilen 11-nji sentýabry we 15-nji iýuly guran mentalitet şol bir mentalitetdir. Üçüsem bigüna adamlara garşy, kadadan, düzgünden, gymmatlykdan, adalatdan mahrum bagşedilenme ruhunyň adamy nirelere getirip biljekdigini görkezýär. Tarrantyň bigünä adamlara garşy ýarag bilen, Ladiniň 11-nji sentýabrda uçar bilen, FETÖ-niň 15-nji iýulda F-16 harby uçarlary bilen guran hüjümleri şol bir düşünjäniň beýany.

Näme edilmeli?

Tarrantyň wagty jenaýaty sowukganlylyk bilen we bütin dünýä göni ýaýlym arkaly guramagyna şübhesiz günbatardaky şertleriň; Medianyň we käbir syýasatçylaryň diskurslarynyň, rasist, ekstremist we ýinrenç duýgularyny güýçlendiriji çykyşlarynyň täsirleri bar. Bu wakada günbatarda ýaýbaňlanýan yslam duşmançylygynyň, ýüze çykarylýan Erdogan ýigrenjiniň ýetjek sepgidiniň konkretleşen görnüşi.

Tarrant, Ben Ladin we FETÖ ýaly terrorçylar edenlerini nähili legallaşdyrmak isleselerem şol bir mentalitete eýe bolan adamlar bolsa bilelikde göreşmeli.

Bütin dünýäden ynsanlyk maşgalasy terror hüjümlerine garşy, sebäplerine garamazdan bilelikde reaksiýa görkezmeli. Dünýä indi global oba. Her dilden, dinden, pikirden adamlar her ýerde eriş-argaç ýaşaýar. Dünýämizden parahatçylygy, asudalygy, azatlyklary ogurlamak isleýän adamlara ýol bermäliň.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň          “Tarrant Hristian Terrorçymy” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar