Safranbolu Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän ayaýyp etrapçalardan biri

Türkiýä Gezelenç 08

1147254
Safranbolu Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän ayaýyp etrapçalardan biri

Türkiýä Gezelenç 

 

Safranbolu Türkiýäniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän ayaýyp etrapçalardan biri… Gepleşigimiziň şu sanynyň temasy hökmünde saýlap almagymyzyň sebäbi bolsa türk şäher taryhynyň nysgawy özboluşlygyna eýe bolmagy…

Adaty şäher gurluşy, agaçdan gurlan öýleri we ýadygärlik binalary bilen dolulygyna goraghana hökmünde yglan edilen seýrek şäherlerden biri Safranbolu… Ine şol özboluşlyklary bilen 1994-nyi ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni miras sanawyna girizildi.

Gara deňiz kenarlaryny Günbatar we Merkezi Anadoly sebitlerine birikdirýän ýoluň ugrunda ýerleşýän taryhy Safranbolu şäheri geografik aýratynlygy bilen iňňän gadymy döwürlerden bäri ýaşaýyş merkezi bolup gelýär. 14-nyi asyryň başyndan bäri türkleriň häkimiýeti astynda bolan şäher, esasanda 18-nyi asyrda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşygynyň esasy merkezlerinden biri bolupdyr. Medeni we ykdysady taýdan uly ösüş edipdir. Söwdanyň ösmegi bilen gurlan kerwensaraýlar şäheri düşleg merkezine öwürýär.

Safranbolu türk medeniýetini hem adatlary hem-de binagärligi bilen beýan edýän, taryhy özboluşlygyny henizem gorap saklaýan şäherlerden biri. Şol özboluşlyklary sebäpli “Dünýä şäheri” dereyesine laýyk görülýär. Her bir köçesi, her bir burçy geçmişiň mirasyny özünde yemleýän Safranbolu, hamala diýsersiňiz muzeý şäheri ýaly…

Şäherde geçmişi 600 ýyla çenli baryp ýetýän hammamlar we medreseler bar.

Taryhy öýleri bilen meşhur bolan Safranbolu dünýäniň çar tarapyndan gelen syýahatçylary kabul edýär. Safranbolu öýleri halkyň ýaşaýyş durmuşyny, medeniýetini we binagärlik ukybyny beýan edýän üns çekiyi binalar…

Daşdan, kerpiçden, çerepisadan we agaçdan gurlan öýleriň ählisi goňşularyň görüş giňligine bökdençsiz özboluşlykda gurlan. Şäheriň gurluşynda tebigat, adam, öý, köçe we bazar deňagamlygy goralyp saklanypdyr.

2-3 gatdan ybarat bolan öýleriň uly howlusy bar we agaç sünnäleme sungatynyň ayaýyp nusgalaryna ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Köçeler we howlylar alban tratuary diýilýän kiçi daşlar bilen örüler. Ol hem ýagyşyň ýeňillik bilen akyp gitmegini, hem-de agaçlaryň we ösümlikleriň suwarylmagy taýdan hem iňňän amatly.

Karabük welaýatynda ýerleşýän, taryhy özboluşlygyny gorap saklaýan Safranbola barsaňyz; taryhy kerwensaraýlary we hammalary, şäheriň taryhy muzeýini, söwda merkezini gezip görmegiňizi, daş örülen köçelerinde gezim etmegiňizi, türk kofesini içmegiňizi maslahat berýäris.

Şeýle-de muzeý oba aýratynlygyndaky Ýörük obasynyi Inyekaýa suw kemerini, Kristal terassany, Tokatly we Düzye kanionlaryny gezip bilersiňiz.


Etiketkalar: #kerpiç , #kerwensaraý , #ukyp

Degişli Habarlar