DERWIŞIŇ BUKJASY

Dost-Doganlygyň Taryhy 04

1132828
DERWIŞIŇ BUKJASY

 

DERWIŞIŇ BUKJASY

 

Hakyky derwiş bolan,  

Yşk dedine düşmeli.

Düşmese bitmez işi,

Yşk derdine düşmeli.

 

         Pars dilinden geçen „derwiş“ sözi: mätäç, gallaç we gapynyň öňi ýaly manylary berýär. Yslam dini bilen baglanşykly bolan manysy, Allanyň öňünde ejizligini kabul edip, sada bir görnüşde onuň gullugunda durmagy kabul eden „Özüni tanan, Taňrysyny tanar“ diýip hak ýolyna düşen adamdyr. Ykbalyny Biribara baglan, „Bir don, bir döwüm çörek“ bu dünýäde gerek diýip, dünýäni agyp-dönüp aýlanmak üçin ýola düşen, şol ýoly hem özleri üçin kesbi-kär edinen adamlardyr derwiş diýilänler. Olar üçin bu ýola düşmek, bu işi bir kesbi-kär edinmek diýmek. Derwişleriň kesbi-käri allanyň ýolunda ýöremek. Allanyň ýolundä ýöräne onuň sadyk guly diýilýär. Sadyk gulunyň özüne mahsus bolan ýene-de bir manysy bar, ol hem sopyçylyk ýolynyň ýolagçysy ýa-da ahlaky ýörelgeden ýöreýän ýolagçy diýmekdir.

 

         Ýetişseň mürşitlik ýoluna,  

         Janu jigeriň daglaýyp. 

         Gäh iňleýip, gäh aglaýyp,

         Yşk derdine düşmeli.

 

         Derwüşleriň düşünjesine görä, olar bu dünýä bolan söýgä ýüreklerinde ýer bermek ýerine, Allanyň ýanynda ejizlikleriniň parhyna baran we şol sebäpden hem bu dünýäniň gaýgy-gamyndan, dünýädäki aladalardan arassalanan adamlardyr. Derwişler aýtmyşlaýyn „Eý adamlar, siz Alla Tagala mätäçsiňiz, Alla Tagalanyň iň göwni giň we imrinilýän biridigine şek-şübhe ýokdyr“ diýip ýola rowana bolýarlar. Olaryň rowana bolan ýoldyr ýodalarynda adamlaryň ählisi pakyrdyr, emma bu ýagdaýda wajyp bolan zat bu ýagdaýyň parhyna baryp bilmek. Adamlaryň bu dünýäde gazanan maldyr mülkleri we wezipe basgançagynda baryp ýeten ýerleri, şol adamlaryň, Allanyň ýanynda özleriniň pakyrdyklaryny ýatlaryndan çykaryp biler. Her niçik-de bolsa, biziň, Biribar tarapyndan bu dünýä getirilendigimiziň özü hem biziň oňa mätäçdigimizi subut etmeýärmi ahyry. Derwişler Alla Tagala içini dökmek bilen we Alla Tagalanyň yradasy bilen baýan gullarydyr. Olaryň uýýan pikirlerine görä hakyky pukaralyga ýeten derwiş, iki jahan serwerine ýetişen derwişdir.

 

         Täç diýeniň, ussatlyk täjidir,

         Başga täç bardyr öýtmegin.

         Ýasamasy bilen doýan,

         Hakykata aç bolar.

 

         Köne döwürlerde derwişler öz ýanlarynda „keşkül“ ady berilýän bukja göteripdirler. Hindistan hozy ýa-da eben diýilip at berilýän berk agaçdan ýasalan şol bukjalara, derwişler iki tarapyndan deşik deşip zynjyr dakypdyrlar we şeýlelik bilen olary gapdallaryndan asyp ýanlarynda göteripdirler we dilegçilik eden wagtlary şol bukjalaryndan peýdalanypdyrlar. Aslynda, derwüşlerden söz açylan wagty dilegçilik etmek meselesine belli bir derejede düşündüriş bermek, hem hökmany, hem de wajyp bolup durýar. Hakykata ser salan wagtymyz, derwüşler, Allanyň dilegçileridir. Olar biriniň beren sowgadyna, Alla Tagalanyň beren sowgady hökmünde garaýarlar. Şol sowgatda bolsa, panynyň manysyny däl, bakynyň manysyny tirýärler.

 

         Yşga düşmedige, bu ýol haram,

         Onuň işi bolmaz her hal tamam.

         Derwiş bolanlar ertiru agşam,

         Yşk derdine düşmeli.

   

         Derwişler taryhyň haýsy döwründe bolandyklaryna garamazdan, ähli derwüşler üçin kada bolup galan bir ýagdaý bardyr. Ol hem derwişleriň öz aralarynda aragatnaşyk saklaýan serişdeleri hökmünde ýazan salam hatlarydyr. Mürşit kämillige ýetende, özünden daşda galan halypasy ýa-da müridine salam haty ýollamak bilen oňa ýetişýär. Şol salam hatlarynyň üsti bilen, hem nesihat beripdirler, hem de gaýgy-gamlaryny dep edipdirler. Özleri yrakda galsalar-da, göwünleri bir bolan müritleriň ýazan salam hatlary, şol hatlardaky gören düşlerine ýazylan teswirler we derwüşleriň ruhy ýagdaýlary bilen baglanşykly halatlar, şol hatlara ýazylan jogaplar olaryň ruhy dünýälerini açyp görkezýän iň ygtybarly ceşmedir. Derwüşler salam hatlarynda diňe bir özleriniň hal-ahwalatlaryny beýan etmek bilen galmandyrlar. Yzygiderli gezendelik eden derwüşler, gezen ýerlerinde gabat gelen we gören zatlary, olaryň hal-ahwalatyna täsirini ýetiripdir. Şol sebäpli hem mürşitleriniň olara ýol görkezmeklerine mätäç bolan halatlary hem bolupdyr. Ynha şeýle ýagdaýlarda derwüşler kämmilige ýeten mürşitleriniň maslahatyna mätäç bolupdyrlar. Şeýle maksatlar bilen derwüşleriň ýazan hatlary hem häzirki günlerimizde olaryň ruhy dünýälerinde bolup geçýän ýagdaýlara düşünmegimiz we olaryň terbiýeçilik bilen baglanşykly ulanan usullaryny, şol usullar hakyndaky derwüşleriň pikirlerini öwrenmegimiz üçin çeşme bolup hyzmat edýärler.   

 

         Ynha şeýle çeşmeleriň bir böleginiň goşgy setirlerine siňdirilip biziň günümize ýetirileni:

 

         Jümle-jahandan gecip,

         Zäheri şeker deý içip.           

         Işläp-güçläp göziň açyp,

         Yşk derdine düşmeli.

 

         Sopuçylyk ýolunyň esasy çeşmelerinden biri hasaplanýan “el-Lüma” atly eseri ýazan Nasr es-Serraç et-Tusi derwişleriň salam hatlary meselesini şeýle beyan edýär:

        

         “Biziň şyhlarymyzyň öz pikirlerini beýan edişlerindäki aşa ýitilikleri we sypaýylyklaryny görmek isleseňiz, olaryň ýazan zatlaryny, salam hatlaryny görüň. Çünki olaryň sözlerindäki syrlar we ýiti pähimler şol salam hatlarynda, olaryň ýazan kitaplarynda jemlenendir”.

 

         Allanyň dostlary derwüşleriň ýazan hatlaryny bir ýerik jemläp ýazylan eserlere “hatlar” diýip at berilýär. Musurmançylygyň syrly dünýäsi hasaplanýan sopyçylyk ýolynyň taryhyna ser salan halatymyzda, meşhur „hatlar“ eserini ýazan we syrlary mukaddes galan şahsyýetleriň käbiri hakynda durup geçmek gerek bolsa, olardan: Abdülkadir Geýlani, Aýnül Kudat Hemedany we ençemelerini agzap geçmek bilen derwüşleriň özlerine mahsus bolan hat ýazma we okama düzgünlerin bolandygyny-da bellemek gerek.

 


Etiketkalar: #sopy , #derwüş , #şahyr , #nesihat

Degişli Habarlar