Global Perspektiwa 51 ÝB dargasa näme bolar?

Ýewropa Bileleşigi dargasa näme bolar?

1110007
Global Perspektiwa 51 ÝB dargasa näme bolar?

Soňky ýyllarda Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmak baradaky karary, Italiýa we ÝB-e agza ýurtlaryň käbirlerindäki nägilelikler, barha ýaýbaňlanýan rasizm we erbet görüjilik we şeýle hem Sary ýeňsizlilileriň protestleri ýaly aksiýalar sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň geljegi jedelleşilmäge başlandy. Bu makalamda men hem ÝB, ähmiýeti we geljeginiň üstünde durup geçmek isleýärin.

Indi bolsa Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultediniň dekany Prof Dr Kudret Bülbüliň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetimekçi.

Ýewropa Bileleşigi näme?

ÝB aslyna garanyňda Ýewropa ýurtlarynyň başga geografiýalardaky imperialist gözlegler tamamlananyndan soň, biri-birlerine garşy hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen döredilen bir bileleşikdir. ÝB-ni esaslandyran ýurtlar Söweşiň biri-birlerine garşy bolmandygy sebäpli global ekspluatasiýadan biynjalyk däldiler. Emma başlaryndan geçiren iki Dünýä söweşi we bu söweşleriň özlerine we adamzada garşy örän uly täsiri, Ýewropa ýurtlaryny 3-nji Dünýä söweşiniň bolmazlygy üçin hyzmatdaşlyk etmegine eltdi. 

ÝB-niň ähmiýeti: Parahatçylyk we plýuralizm

ÝB-niň gazanan ykdysady üstünligi, ýola goýulan bu hyzmatdaşlygyň, durnuklylygyň we orta atylan umumy gymmatlyklaryň netijesidir. Ykdysady üstünlik ýola goýulan bu şertleriň netijesidir.

Ysraýylly taryh professory, Hebrew uniwersitetiniň mugallymy, Ýuwal Noah Haririrniň geçen hepdedäki Hürriýet gazedinde ýazan makalasynda belleýşi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň esasy üstünligi, Ýewropada materige parahatçylyk getirmegidir. ÝB çökse söweş Ýewropa gaýdyp gelip biler. Haririrniň aşakdaky sözleri, ÝB taslamasynyň Ýewropa parahatçylyk, plýuralizm we tolerantlyk taýdan ähmiýetini görkezmek taýdan örän manylydyr:

“Orta asyr Ýewropada tolerantlykdan nam-nyşan ýokdu... 1600-nji ýylda Parižde her kim katolikdi. Bir protetstan şähere giren mahaly ony öldürerdiler. Londonda her kim protestandy. Bir katolik şähere giren mahaly ony öldürerlerdi. Şol ýyllarda Ýewropada jöhitler Ýewropadan kowulardylar. Hiç kim musulmanlary islemezdi. Ýogsam şol wagtlar Stambulda tapawutly messeplerden musulmanlar, katolikler, ermeniler, ortodokslar, grekler, bolgarlar bilelikde arkaýyn ýaşaýardylar” diýip beýan etdi.

ÝB-niň gymmatlyklary

ÝB-niň gymmatlyklary diýilen mahaly umuman alynanda, demokratiýa, adam hukuklary, hukugyň üstünligi, deňlik, azatlyk, plýuralizm, tolerantlyk, hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk, diskraminasiýanyň we erbet görüjiligiň ret edilmegi ýaly gymmatlyklar aklyňa gelýär. Gürrüňsiz tapawutly medeniýetlerde bu gymmatlyklaryň manysy tapawutly ýagdaýlarda doldurylyp biliner. Şonuň bilen birlikde bu gymmatlyklary Ýewropanyň orta goýan gymmatlyklary ýaly görmek dogry däldir. Haririniň ýokarda agzap geçen sözlerinden düşünşilşi ýaly, Yslam geografiýasynda adam hukuklary, plýuralizm, tolerantlyk ýaly gymmatlyklar eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda  bar bolsa, Ýewropanyň bu gymmatlyklara eýe bolmagy ýaňy-ýakyn taryha daýanýar. Beýleki medeniýetler tarapyndan ozaldan kabul edilen we aglabasynyň gelip çykyşy Ýewropa degişli bolmasada, ýokarda agza geçen gymmatlyklara ÝB-niň ÝB gymmatlyklary ýaly eýe çykmagy oňyn bir ýagdaýdyr. Bu bir ynam meselesidir. By gymmatlyklara eýe bolmagy bilen, ÝB-niň öz içinde parahatçylygy ýola goýandygyny we sebitleýin parahatçylygada belli bir derejede goşant goşandygyny aýdyp bileris. ÝB ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we ÝB gymmatlyklary, bu ýurtlaryň arasyndaky öldüriji bäsdeşligi, ekspluatasiýany belli bir derejede deňagramlaşdyrdy. 20-nji asyryň başynda 25 ýyl arakesme bilen 2 gezek Ýewropa ýurtlarynyň arasynda söweş boldy, şol wagtdan soň takmynan 80 ýyl bäri parahatçylyk döwri dowam edýän bolsa onda onuň uly sebäpleriniň biri hem bu ýagdýdyr.

Şu günki gün ÝB gymmatlyklary?

“Düýniň güni bilen şu günki günüň kirlerini guradyp bolmaz, şu günki gün ÝB mundan beýläk bir gymmatlyklar bileleşigi däldir” diýýäniňizi eşidýän ýaly bolup duryn. Sebäbi ÝB-niň özi, ÝB-e agza bolmak islese, öz kriteriýalaryny boýun bolmadan agza bolmaz diýýäniňizem. Barha artýan rasizm, erbet görüjilik, ÝB ýurtlarynyň, bosgunlary adam ýerine goýmaýan pozisiýalary bilen, adam hukuklary hasabatynyň örän pes bolmagy, plýuralizm we hyzmatdaşlygyň ýerine barha faşist we milletçi pozisiýalaryň geçişi ýaly ÝB-e, gymmatlyklaryna we geljegine açyk aýdyň howp salýar.

ÝB Dargasa näme bolar?

Ykdysady aladalar, faşist partiýalaryň artýan täsiri, gymmatlyklar birliginiň manysyny günsaýyn ýitirmegi ýaly sebäpler bilen, ÝB-niň dargamagy örän köp gürrüň edilýär. Bu agzalyp geçilenler we käbir temalardaky ýörelgesiz we iki çemeleşmeli syýasat sebäpli, käbirleri ÝB-niň şonsyzam işleýşini ýitirýändigini, şol sebäpli dargamagynyň uly bir meselä öwrülmejekdigini aýdýarlar. Emma men ÝB-niň dargamagynyň özi, sebiti we adamzat üçin has köp zeper ýetirmegine aladalanýaryn. Esasan hem şular ýatdan çykarmaly däldiris, Günbatar imperializmiň iň zalym döwürlerini ÝB etabyndan ozal başdan geçirildi. ÝB gymmatlyklaryndan we biri-bir;erini deňagramlykda saklamakdan aýrylan Ýewropa ýurtlary öňünden bilip bolmajak ýagdaýda bolup biler.

Käbir soraglar bilen aladalarymyzy sanalyň”

1) ÝB bolmasa, Ýewropa ýutlaryny öz içinde global imperializmiň gözlegleri taýdan kompensirlejek näme bolar? Taryhda başdan geçirilen öldüriji, wagşy ýaryşlaryny näme çäklendirer? ÝB-niň we Ýewropa ýurtlarynyň global bir aktýor dälde, ABŞ we Russiýanyň arasyna gysylan, Hytaýyň ykdysady göçümlerine garşy syýasy taýdan jogap berip bilmeýän täsirsiz bir aktýor boljakdygy ikuçsyzdyr. Şolar ýaly bolandygyny gözöňümize getirsek, ÝB bolmasa, Ýewropa ýurtlary global aktýorlara garaşly bolar we bu ýagdaý Ýewropanyň içinde we sebitinde çaknyşyk howpuny artdyrmazmy? 

2) ÝB bolman ýagdaýynda, belli ýörelgeler we gymmatlyklar bilen çäklendirilen bir ýaryş Ýewropada näme hyzmat eder?

3) Häzirki wagtda Ýewropada ÝB gymmatlyklary ereýär. Rasizm, neonasit, neofaşist hereketler çalt depginler bilen ýaýraýar. Ýewropada bu akymlara boýun bolmaýan örän az derejede döwlet adamy galdy. Merkel şol adamlaryň soňkysy ýaly görünýär. ÝB-niň dargamagy ilki bilen Ýewropada ýaşaýan bosgunlar we musulmanlar üçin, ondan soň bolsa Ýewropanyň özi üçin has hem tutuklyk, rasizme sebäp bolmazmy?

4) ÝB-niň çökmegi demokratiýa, adam hukuklary, hyzmatdaşlyk, plýuralizm, açyk jemgyýet ýaly gymmatlyklary hem gowşadar, dünýäde has konserwator, awtoritar we belkem totalitar pozisiýalary öň hatara çykarar. Bu ýagdaý şahsy ýaşaýyşa has köp täsir ýetirmezmi?

5) ÝB: Britaniýa, Fransiýa Ispaniýa we Italiýa ýaly öz içinde aýralykçy sebitleri jemleýän ýurtlar taýdan biri-birlerini gowşadýan bir rol oýnaýar. ÝB bolmadygy bir ýagdaýda bu ýerlerdäki çaknyşyk howpy artmazmy?

Görüşiňiz ýaly ÝB-niň dargamagynyň dargamasada artýan rasist, kemsidiji sözleriň, erbet diliň iň köp Ýewropanyň geljegine howp salýandygy ikuçsyzdyr. Onda bu ýerde Ýewropaly plýuralist, azatlykçy we demokrat gatlaklara ýene-de bir gezek soralyň: Özüňize howpyň abanýandygyny bilýärsiňizmi?

Gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultediniň dekany Prof Dr Kudret Bülbüliň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #ÝB , #Ýewropa , #dargamak

Degişli Habarlar