Aktual Analiz 48

Britaniýa bilen ÝB-niň arasynda 600 sahypalyk ylalaşyk gazanyldy

1098559
Aktual Analiz 48

Britaniýanyň halky 2016-njy ýylyň iýun aýynda geçirilen referendumda ýurduň ÝB-den çekilmegi barada karar kabul etdi. ÝB-den çekilmek netijesiniň çykmagyndan soň Britaniýanyň hökümeti ÝB we bileleşigiň beýleki 27 agzasy bilen gepleşikler geçirdi. Köp sanly iňlis ministriniň wezipeden çekilmegine sebäp bolan tapgyryň soňunda Britaniýa bilen ÝB-niň arasynda 600 sahypalyk ylalaşyk gazanyldy. 25-nji noýabrda taraplaryň kabul eden ylalaşyk teksti dekabr aýynyň 11-de Britaniýanyň Mejlisinde tassyklanar. Iňlis parlamentinde köp sanly halk wekili ylalaşygy kabul etmändigini we ses bermejekdigini beýan etdi we ylalaşyk üçin esasy köplügiň sesiniň alynmagyna howp abandy.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Britaniýanyň ÝB-den çekiljek gününe çenli taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylyp, mejlis tarapyndan tassyklanman halatynda Britaniýa ÝB-den dartgynly aýryljakdy. Onuň öňüni almak üçin Terese Meýiň başlyklyk etmegindäki iňlis hökümeti bilen ÝB-niň arasynda ylalaşylan tekst möhüm başlangyç emele getirdi. ÝB-ne agza ýurtlar Britaniýadan aýrylýandyklaryna gynanýandygyny beýan edýän hem bolsalar, ylalaşyk gazanmagyň rahatlandyrandygyny nygtadylar. Esasanda Britaniýanyň bileleşikden çekilmeginden soň başga ýurtlaryň hem çekilmeginiň öňüni almak üçin Britaniýanyň şertsiz görnüşde ÝB-niň döredýän mümkinçiliklerinden esasan mahrum edilmegine ünsli çemeleşendikleri görülýär.

ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda Breksit ylalaşygyna uzak wagtlap garşy duran ýurt Ispaniýady. Ispaniýanyň günortasyndaky Gibraltar sebitiniň pozisiýasy Ispaniýanyň hökümetiniň weto howpyny ýüze çykarypdy. Gibraltaryň 1713-nji ýyldan bäri Britaniýa tabyndygyna garamazdan Ispaniýanyň hökümeti Gibraltar boýunça hak talabyny dowam etdirýär. Breksit ylalaşygynyň maddalarynyň arasynda serhet geçişleriniň kesgitlenmegi Ispaniýa Gibraltar taýdan täsir ýetirer. Şol sebäpli ispan hökümeti ÝB-niň resmilerine garşylyklaryny beýan etdiler we Gibraltar üçin isleýän kepillendirmelerini alandan soň weto hukugyndan peýdalanmakdan el çekdiler.

Britaniýanyň ÝB-den çekilmegi bilen guryýerde emele geljek beýleki bir serhet bolsa Irlandiýa bilen Demirgazyk Irlandiýanyň arasynda. Iki sebitiň arasynda berk gözegçilikli serhediň bolmagyny islemeýän taraplar 2020-nji ýyla çenli geçiş döwri hökmünde kabul etmegi we Irlandiýa üçin özboluşly çözgüt tapmagy kabul etdiler. Şol çäkde Britaniýa geçiş döwründe ÝB-niň gümrük bileleşigine degişli bolar, emma ÝB-de söz hukugyna eýe bolmaz.

Britaniýa bilen ÝB-niň arasyndaky Breksit ylalaşygy iňlis parlamenti ýaly bökdençlige sezewar bolma ähtimallygyna eýe hem bolsa, umuman birnäçe jähtden ilkinji tejribäni emele getirýär. Başga bir mysaly bolmadyk Breksit ylalaşygy diňe bir Britaniýanyň ÝB bilen däl, şol bir wagtda ÝB-ne degişli bolmadyk ýa-da bolup bilmedik başga ýurtlar üçin hem nusgawy häsýete eýe bolup biler. Şol nukdaý nazardan Türkiýäniň we Balkan ýurtlarynyň ÝB-ne agzalyk gepleşikleri çykgynsyzlaşan halatynda Britaniýa bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyk nusgawy häsýete eýe bolup, özboluşly hyzmatdaşlyk döredilip bilner.

Beýleki tarapdan bolsa Britaniýanyň ÝB-den çekilmegi köp sanly geosyýasy täsire eýe bolar. Russiýanyň Gündogar Ýewropada ÝB-ne garşy alyp barýan göreşinde Britaniýa ýaly güýçli ýurdy ýitiren ÝB ozalkysyna görä ejizlär. Şeýle-de Ýewropa goşunynyň döredilmegi baradaky diskussiýalaryň dowam edýän günlerinde Britaniýa ýaly Ýewropanyň iň bir güýçli harby goşunyna eýe bolan ýurduň ÝB-den çekilmegi Ýewropa goşuny pikiri baradaky aladalary hem-de şübheleri güýçlendirer. Beýleki tarapdan Britaniýanyň ÝB-den çekilmegi bilen birlikde Ýewropadaky güýç deňagramlyklarynyň we arkalaşyklaryň üýtgemegi mümkin. ÝB bir tarapdan Russiýa, Afrika we Türkiýä goňşy bolan bolsa, Britaniýanyň çekilmegi bilen demirgazykda täze bir goňşa eýe bolar.



Degişli Habarlar