Global Perspektiwa  44 Ýa Dargaýyş, Ýa-da Global Adalat

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

1079049
Global Perspektiwa  44 Ýa Dargaýyş, Ýa-da Global Adalat

 

Ýa Dargaýyş, Ýa-da Global Adalat

20-nji asyr adamzadyň agyr wagşylyklary başdan geçiren asyrydyr. Taryhyň iň bir agyr söweşi; diňe bir adamlary däl, taşlanan ýerlerindäki ähli janly-jandarlary ýok eden atom bombalary 20 –nji asyrda öndürildi.

2 Jahan urşundan soň gurlan ulgam başdan geçirilenlerden netije çykaryp, uruşlary ortadan aýyran parahatçylyk ýa-da asudalyk ulgamy däl. Eýe bolan pozisiýalaryny gorajak ýeňijiler ulgamy. Halkara pul ulgamynyň beýany bolan Amerikan dollaryny dünýäniň söwda serişdesine öwüren “Bretton Woods” ulgamy, BMG, ýeňijileriň guran ulgamyny üýtgewsizleşdiren ulgamlardyr.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Sowuk uruş döwründe göräýmäge gowy işlän “Bretton Woods” ulgamý, BMG hem häzirki wagtda kadaly işlemeýär.

Aslyna seredilende özi hyzmatdaşlykdan ybarat bolan BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Hytaýyň arasyndaky güýç balansy üýtgeýär.

Iki blokly dünýä ulgamynyň ortadan aýrylmagy bilen global güýçler tapawutly global utgaşdyrmalar ýa-da arkalaşyklar bilen bar bolan ulgamy gorap saklamaga synanşýar. Adalada esaslanýan global arkalaşyklaryň Yrakda, Owganystanda, Bosniýada, Krymda, Siriýada, Arakanda nähili döredilendigini ýa-da giç döredilendigini ählimiz gördük.

Sowuk uruş döwrüniň dowamy bolan global ulgama, globallaşma tapgyrlary bilen ähli zat has aç-açan bolandygy üçin günsaýyn tankydy bellikler artýar. Şol çäkde Prezident R.T.Erdogan her pursatda dünýäniň bäşden uludygyny nygtaýar. Global aragatnaşyk we informatika ýapyk jemgyýetleri we ähli adalatsyzlygy dowam etdirmegiň gymmatyny günsaýyn agyrlaşdyrýar. Ähli maglumatyň elýeterli we adalatsyzlyklaryň aç-açan görülmegini üpjün edýän global şertlerde sowuk uruş ulgamynyň dowam etmegi münkin däldi.

Şu günki günde “ozalky dönük” köneldi. Ýetilen sepgitde türk dilinde beýan edilýän “ozalky şertler köneldi, ýa täze şert, ýa-da dargaýyş” diýilýän şert ýüze çykdy. Hawa, köne şertleri dowam etdirmegin gymmaty barha agyrlaşýar. Emma global güýçler görülip eşidilmedik derejede diňe bir adamzat nesilini däl, ähli janly-jandarlary ýok edýän himiki ýaraglara, gidrogen bombalaryna eýe. Şu günki günde mese mälim duýşuňyz ýaly deňagramsyz syýasy liderlik bolan halatynda bütin dünýäniň geljegine howp abanýar. Sowuk uruş ulgamyny derňeýän, emma täze şertler kesgitlenmedik dünýäde täze howplara sezewar bolmazlyk üçin bütin adamzat üçin wehim salýan şol ýaraglardan halas bolmak we sowuk uruşdan soňky ulgamyň parahatçylyk hem-de asudalyk getirmegi üçin ähli ugurlarlarda global adalat toparlary döredilmeli. Sebäbi adaladam adalatsyzlygam ýokançdyr.

Global adalat üçin arkalaşyk gözleglerini diňe bir döwletler derejesinde göz öňüne getirmäň. Dünýäniň geljeginiň gözlenýän döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda, ähli derejede global adalat toparlary üçin tagalla edilmeli. Alymlar, işewür dünýäsi, kärdeşler arkalaşyklary, aklawçylar bileleşikleri, ylmy-barlag guramalary, jemgyýetçilik guramalary, sport, sungat, edebiýat töwerekleri, talyplar öz aralarynda global adalat arkalaşygyna goşulyp bilerler. Şuňa laýyklykda ilki bilen birek-biregi tanamak we hyzmatdaşlyk ugrundaky tagallalaryny güýçlendirip, soň bilelikde işe girişip bilerler. Ozal sowuk uruş döwründe plýuralizme oňyn garamaýan sowuk uruş mediasy tapawutly garaýyşlara, çemeleşmelere üns bermeýärdi. Indi ösen aragatnaşyk we informatika tehnologiýalary, ösen kadrlar ähli ugurda dürli ýurtlardan raýatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirýär. Eger talyp bolsak, ähli ýerde indi daşary ýurtly talyplar bar. Işewür bolsak, onsuz hem global derejede gatnaşyklarymyz bar diýmek.

Howp iňňän ýakyn, ýumrujy we globalka, ýerli galmak bilen global netijelere ýetip bolmaz. Musulman, hristiýan, ýehudi, aterist, budist… Haýsy dine uýýandygymyza, haýsy ideologiýa ynanýandymyza garamazdan abanýan howpyň göwrümine görä global adalat toparlaryna gatnaşyp, geljegimize bilelikde eýe çykalyň.

Wagtal-wagtal onuň hötdesinden gelmek bolýar. ABŞ-nyň Iýerusalim baradaky bir taraply kararyna garşy BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde tapan beýany ýaly ähli ýurtlar tarapyndan eýelenen pozisiýa, wagşylarça öldürilen arap žurnalisti Kaşykçy jenaýatyna garşy dünýä derejesinde görkezilen garşylyk adamzadyň umumy pozisiýa eýelemeginiň mümkindigini görkezýär we bizi umytlandyrýar.

Edil şonuň ýaly-da belli ugurlar boýunça global adalat toparlary döredilip bilner. Iýerusalim, Arakan, Siriýa, adam hukuklary, yslamafobiýa, ekstremizme garşy hyzmatdaşlyk, ne-nasiszme, faşizme, himiki ýaraglanma, global monopoliýa garşy pozisiýa eýelemek şolardan bäbirleri bolup biler.

Her bir derejede global adalatsyzlyklary ýüze çykarmaly, oňa garşy global adalat talap edilmeli we egilşiksiz göreşilmeli. Haýsy dinden, dilden, kowumdan, ynançdan, idelogiýadan bolsak bolalyň, kimden gelse gelsin, zuluma garşy global derejede göreşmesek, dargaýyş gutulgysyzdyr.

Çünki bir döwletiň, bir gatlagyň, jemgyýetiň ýekelikde global hüjümleriň öňüni almagy mümkin däl.

Şu günki günde täze bir global ulgamyň entek gurulmadyk tapgyryny başdan geçirýäris. Dünýä hamala diýersiňiz syrat köprüsinde ýaşaýar. Dünýäniň has adalatly bolmagy üçin pursadymyz bar. Adalat ugrunda geçilmeli ähli ýollary geçmek üçin bütin adamzat tagalla etmeli. Eýsem ertir adalada esaslanmaýan täze dünýä ulgamy gurulandan soň global güýçlerden biri adamzady ýok etjek bombalary ýaryp, kyýamat gününi getirmek üçin işe girişende giç galarys.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň global adalat baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar