Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 08

TEHNOLOGIÝA FESTIWALY

1068461
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 08

Türkiýe sentýabr aýynda goranmak, älem, tehnologiýa we awiasia ugrunda iki möhüm çäräni geçirdi. Çäreleriň ilkinjisi 20-23-nji sentýabr aralygynda Türkiýäniň iň uly taslamlarynyň biri bolan Stambulyň 3-nji howa menzilinde geçirilen “TEKNOFEST STAMBUL”çäresidi. Ikinji çäre bolsa 27-30-njy sentýabr aralygynda Stambul Atatürk howa menzilinde geçirilen “STAMBUL AIRSHOW” çäresi boldy. Ilkinji çäräniň geçirilen ýeri ýakyn wagtda ýapyljak Atatürk howa menzili bolan bolsa, 2-nji çäre öňümizdäki günlerde açyljak Stambulyň 3-nji howa menzilinde geçirildi. Türkiýäniň 1 hepde arakesme bilen bular ýaly iki sany uly çäräni geçirmegi awiasia we älem babatynda ýetilen sepgitleriň görkezijisi boldy. Çärelere milletimiziň we esasan hem ýaşlaryň uly gyzyklanma bildirmegi, gelejek taýdan örän umytlandyryjy boldy.

Indi bolsa Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň “Tehnologiýa Festiwaly” atly synyny dykgatyňyza ýetirýäris...

Awiasia, älem we tehnologiýa festiwaly “TEKNOFEST STAMBUL” Türkiýede ilkinji gezek geçirildi. Festiwal Stambulyň şäher häkimligi we T3 gaznasy tarapyndan geçirildi. Festiwalyň açylyşynda çykyş eden T3 gaznasynyň ýolbaşçysy Baýraktar: “Şu gün emele getiren maşgalamyzyň, gören düşümiziň hakykata öwrülen bir güni, şu gün milli tehnologiýa göçümini on müňlerçe, ýüz müňlerçe ýaş oglan-gyzlarymyz bilen paýlaşan günümiz, bu gün çykan ýolumyzda mundan beýläk ýeke däldigimizi subut edýän bir gün” diýdi.

T3 gaznasynyň döredilmeginiň esasy maksady, Milli Tehnologiýa Talyp haky programmasy bilen ýaşlara talyp hakyny bermek we Tehnologiýa Toparlary programmasynyň çäginde uniwersitetleriň tehnologiýa toparlaryna, enjam, infrastruktura, transport we tehniki taýdan goldaw bermek. Gaznanyň iň uly maksatlarynyň biri hem 2023-nji ýyla çenli 1001 Tehnologiýa toparyny we 1001 Tehnologiýa taslamasyny goldamak.

TEKNOFEST ÝARYŞLARY

Köp sanda ulagyň we önümiň sergilenen festiwal gelen myhmanlar üçin mugt boldy. Awiasia, älem we tehnologiýa meselelerine ýurdyň ähli gatlaklarynda gyzyklanma döretmek maksady bilen geçirilen festiwala 4 günde rekord derejede adam gelip gördi. Festiwala 4 günde 550 müň adam gelip gördi. Ýaşlar we sport ministrligi bolsa 42 aýry welaýatdan 10 müň ýaş oglan-gyzyň gatnaşmagyny üpjün etdi. 14 tapawutly kategoriýa boýunça tehnologik ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlara ýaş ýetginjekleriň gyzyklanmasy uly boldy. Festiwalyň çäginde köp sanda ýaryş geçirildi. Bu tehnologik ýaryşlara 750-den gowrak topar, 2000-den gowrak ýaş ýetginjek gatnaşdy. Ýaryşlarda ýaş ýetginjekler uly üstünlikler görkezdiler. Türkiýäniň tehnologiýa öndürýän bir jemgyýete öwrülmegi we milli tehnologiýa göçümini başlatmagy maksady bilen geçirilen festiwalda, ýaşlaryň gyzyklanma bildirmegi we ýaryşlarda görkezen üstünlikleri örän möhümdi. Ýaşlaryň gyzyklanmasy geljekde tehnologiýa öndürýän ýaş liderleriň ýüze çykmagyna sebäp döredýär.  

MILLI ÖNÜMLERE ÝAKYNDAN TOMAŞA EDILDI

Festiwalyň awiasia ugrunda ýerli we milli önümleriň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar boldy. Şol çäkde Türk Ýyldyzlary, Solo Türk, paraşýut topary, 129 ATAK dikuçary, TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy we Türkiýäniň ilkinji professional milli pilotaž uçarmany bilen gyzynyň şoulary, howada erken uçuşy üpjün edýän dik ýel tunel platformasy, Stambul Liseýlerarasy Nusga uçar ýaryşy ýaly çärelere gelen adamlar uly gyzyklanma bildirdiler. Festiwalda mundan başgada Bütindünýä Dron çempionaty, Hack Stambul kiber howpsyzlyk ýaryşy, Take-Off Halkara Insiatiwa maslahaty, dünýäniň iň çalt gidýän ulaglaryň özara bäsleşen “Ýaryşlaryň ýaryşy” çäresi, biri-birinden tapawutly çykyşlar ýerine ýetiren uçarlaryň, dikuçarlaryň görkezişleri, THÝ-nyň syýahat hakatony, planetariý, paraşýutdan böküşler, howa ulaglarynyň sergiler, simulirleme gollanmalary, tehnologiýa we tälim seminarlary ýaly möhüm çäreler geçirildi. Festiwala gelen myhmanlar mundan başgada harby we raýat bolmak bilen ençeme howa ulagyny görmäge mümkinçilik tapdylar. Meýdanda ANKA, Milli söweş uçary, T625 dikuçary, Göktürk-2 emeli hemrasy, Hürjet, täze nesil tälim uçary Hürjet we Atak dikuçarlaryny gelen myhmanlar ýakyndan gördüler. Festiwalda ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň tehnologiýa ugrundaky çykyşlary boldy.

PREZIDENT ERDOGANDAN MÖHÜM ÝÜZLENMELER

Prezident Rejep Taýýip Erdogan aýaly Emine Erdogan bilen bilelikde 22-nji sentýabrda şenbe güni TEKNOFEST Stambul festiwalynyň geçirilýän ýerine gelip gördi. TEKNOFEST Stambul festiwalynyň çäginde geçirilen ýaryşlarda ilkinji orunlara eýe bolan adamlara sylaglaryny beren Prezident Erdogan ol ýerde möhüm ýüzlenmeler berdi. Türkiýäniň Prezidenti beren beýanatynda goranmak senagaty we tehnologiýa ugrunda edilmeli bolan işleriň üstünde durup geçdi. Erdogan: “Häzirki dünýä hakykatyna ser salanyňyzda garaşsyzlygyň 1-nji we iň esasy şertiniň tehnologiýany dizaýn edýän, öndürýän we eksport edýän ýurtlardygyny görersiňiz. Ähli täzeliklerde bolşy ýaly tehnologiýadaky ösüşleriň ilkinji etaby hyýal etmekdir. Gyzyl Alma diýip atlandyrýan gözýetimimiziň beýleki tarapyndaky maskatlarymyzy hemişe täzeledik. Haçanda hyýal etmegimizi bes eden mahalymyz, ana şol mahal yza gaýtmaga başladyk. Biz hem Türkiýäni şu derejä hemişe hyýallarymyzyň yzyndan ylgap ýetirdik. Häzirki wagtda howpsyzlyk sözüniň manysy umuman üýtgedi. Indi fiziki howpsyzlygyňyzy kiber howpsyzlyk bilen, sifrli senagat bilen, ýerli programmalar bilen üpjün etmeýän bolsaňyz onda öz-özüňizi aldatýarsyňyz diýmekdir. Milli tehnologiýa göçümi ugrunda edilýän ähli işlere goldaw bereris. Ýaşlaryň aň-düşünjesini giňeltmekde tutanýerlidiris. Soňky ýyllarda başymyzdan geçiren ähli hadysalar garaşsyzlyk bilen tehnologiýa we esasan hem goranyş senagatynyň arasyndaky gatnaşygy görkezýär. Tehnologiýany ýerli we milli edip özgerdip, garaşsyzlygymyzy berkitmek isleýäris” diýip belledi. Prezident Erdogan milli tehnologiýa göçüminiň ýurdyň durnuklylygy üçu nähili derejede möhümdigini ýene-de bir gezek nygtap geçdi.

 Bu gün biz siziň dykgatyňyza Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň “Tehnologiýa Festiwaly” atly synyny ýetirdik...


Etiketkalar: #Erdogan , #TEKNOFEST , #AIRSHOW

Degişli Habarlar