Aktual analiz 36

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar

1045725
Aktual analiz 36

 

 

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2015-nji ýylda başdan geçirlen uçar krizisinden soň özara gatnaşyklar ýaňadandan kadalaşady. Ýaňadandan kadalaşan gatnaşyklar çalt depginde syýasy, diplomatik, harby we ykdysady taýdan uly ösüş etdi. Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt depginde ösmeginde iki ýurduň liderleriniň arasyndaky gowy gatnaşyklar, özara bähbide esaslanýan hyzmatdaşlyklar we Amerikanyň soňky döwürde alyp barýan çemeleşmesi esasy rol oýnady. Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birnäçe ugur boýunça ösýän bolsa-da, käbir ugurlarda garaýyş tapawutlylygy dowam edýär.

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn ösýändigini nygtap, “Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz hem çuňlaşýar hem-de mazmun taýdan baýlaşýar” diýmegi aslynda Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşüni gysgaça beýan edýär. İki ýurduň arasynda esasan energetika we ykdysadyýet pudagynda edilýän gatnaşykalaryň ösmegi diýseň möhüm. Russiýanyň ozalky Maliýe ministri Zadornow, “Türkiýe bilen ykdysady taýdan ýakyndan gatnaşyk edýäris. Türkiýe Russiýanyň söwda taýdan ýakyndan gatnaşyk edýän 10 ýurdundan biri” diýen sözleri hem şol nukdaý nazardan diýseň möhüm.

Russiýanyň Federal Gümrük gullugynyň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda Türkiýe 37 göterim artyp 13,3 milliard dollara ýeten söwda mukdary bilen Russiýanyň söwda taýdan gatnaşyk edýän 4-nji hyzmatdaşy boldy. Şol bir wagtda rus syýahatçylarynyň Türkiýä gelmegi özara gatnaşyklarda esasy rol oýnaýar. Russiýadan gelen syýahatçylaryň sanynyň gün saýyn artmagyndan hoşaldyklaryny aýdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, şu ýyl 6 million rus syýahatçynyň Türkiýä gelmegine garaşylýandygyny ýatlatdy.

Energetika pudagynda iki ýurt birlikde Akguýu atom elektrik bekedi bilen Türk Akymy ýaly esasy taslamalary durmuşa geçirýär. Akguýu atom elektrik bekedi Türkiýede sarp edilýän elektrik energiýasynyň 10 göterimini üpjün eder we ösýän türk ykdysadyýetiniň enegetika bolan talabynyň kepillendirilmegi taýdan strategik ähmiýete eýedir. Şol bir wagtda Türk Akymy taslamasy hem Türkiýäniň elektrik togy bilen üpjün edilmegi we kepillendirilmegi taýdan diýseň möhüm. Türk Akymy taslamasynyň ikinji etapda Balkan ýurtlaryna tarap uzap gitmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde Türkiýäniň energetikada geçiş ýoly bolmagy taýdan hem aýgytly ädim ädiler.

Energetika we ykdysadyýet bilen birlikde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk hem gün saýyn artýar. Esasan Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyna almagy we ulgamlaryň 2019-njy ýylda Türkiýä gowşuryljakdygy özara harby gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýär.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki goranyş senagaty firmasy Rostehiň Halkara hyzmatdaşlyk we sebitleýin syýasatlar boýunça müdüri Wiktor Kladow “S-400 şertnamasynyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky harby-tehniki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we ösdürmek üçin esasy başlangyçdygyny aýdyp bilerin. Beýleki ugurlar boýunça hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edip bileris” diýipdi.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanmagy ABŞ-ny biynjalyk edýär. S-400 howa ulgamlarynyň alynmagy sebäpli Amerikaly ýolbaşçylar, taslamasy Tükiýe bilen birlikde taýarlanan F-35 hüjüm uçarlarynyň Türkiýä berilmegini saklamak bilen hemle atýar. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň serhetlerini goramak üçin S-400 ulgamlaryny satyn alýandygyny beýan etdi.

NATO agza ýurtlar Türkiýäniň isleg bildirendigine garamazdan howa goranyş ulgamlary Türkiýä satmak islemedi. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda FETÖ,PKK/ÝPG we Brunson krizisiniň başdan geçirilmegi  sebäpli NATO agza iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýä garşy sanksiýa goýýan karary sebäpli gatnaşyklar has-da dartgynlaşdy. Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem şol karardan soň Moskwada “Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar käbir ýurtlary biynjalyk etmäge dowam edýär” diýip beýanat beripdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigine garamazdan, iki ýurduň arasynda käbir ugurlarda garaýyş tapawutlylygy dowam edýär. Esasan Siriýa meselesinde Türkiýe bilen Russiýa Astana etabynyň çäginde birlikde hereket edýän bolsa-da garaýyşlary biri-birine bap gelmeýär. Russiýa Siriýanyň hökümetiniň İdlibe operasiýa guramagyna rugsat beren we goldan halatynda Türkiýe uly bosgun krizisini başdan geçirer we bu ýagdaý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirer.

Türkiýe onsuz hem Russiýanyň Krymy anneksirlemegine we Krymdaky türklere garşy alyp barýan syýasatyna garşy çykýar. Mundan başgada Türkiýe bilen Ukraina goranyş senagaty bilen birlikde birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkiýe Ukraina meselesinde Russiýanyň alyp barýan syýasatlaryna goldaw bermeýär. Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar näderejede össe-de Türkiýe NATO agza ýurtlardan biri.

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar