Aktual analiz 35

2011-nji ýyldan bäri dowam edýän Siriýa krizisinde Idlib etraby oppozisionerleriň soňky galasy ýagdaýyna geldi

1041277
Aktual analiz 35

 

2011-nji ýyldan bäri dowam edýän Siriýa krizisinde Idlib etraby oppozisionerleriň soňky galasy ýagdaýyna geldi. Idlib we töweregindäki Günbatar we Günorta Halap bilen birlikde Demirgazyk Hama we Demirgazyk Latakiýada türkmen daglary bilen töwereklerini gurşap alýan meýdan Asada tabynlykdaky güýçlere garşy söweşýän oppozisionerleriň elindäki soňky ýerlerdir. Oppozisionerleriň Halap, Gündogar Guta, Dera, Kuneýtra we Demirgazyk Homus ýaly etraplaryň gözegçiligini ýitirmegi sebäpli Idlibdäki oppozisionerleriň öz güýjüni gorak saklamagy has möhüm ýagdaýa geldi. Astana etabynyň çäginde 3 milliona golaý ilaty bolan Idlib çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edildi.  Idlib Türkiýe, Russiýa we Eýran bilen gazanylan Astana ylalaşygynyň çäginde döredilen 12 gözegçilik merkeziniň ykbaly taýdan hem diýseň möhüm.

Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet gaznasynyň ylmy barlagçysy ýazyjy Jan Ajunyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Idlib etrabynda oppozisionerler wagtal-wagtal biri-birleri bilen çaknyşýar. Bu oppozisionerleriň öz aralaryndaky güýç göreşiniň görkezijisidir.

Etrapdaky soňky wakalaryň çäginde Idlibde HTŞ we Milli erkinleşdiriş fronty atly iki esasy front barada gürrüň etmek mümkin. HTŞ ABŞ tarapyndan terror guramasy hökmünde häsiýetlendirilýärkä, Milli erkinleşdiriş fronty bolsa Türkiýe tarapyndan goldanýar. HTŞ Astana etrabyna degişli edilmedi, Milli erkinleşdiriş fronty bolsa Astana etabynyň bir bölegidir.

Hökümetiň we ýaranlarynyň sebitde operasiýa guramak üçin bahana hökmünde öňe sürýän radikal toparlary hem bar. Türkiýe bolsa syýasy manýowrlar bilen şol toparlaryň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýär. İdlib Astana tapgyrynyň çäginde çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilendigine garamazdan hökümet we ýaranlary Idlibe gönüden giň gerimli operasiýa gurajakdyklaryny aç-açan beýan etmäge başladylar. İdlibde harby operasiýasynyň guralmagy Türkiýe üçin uly howp emele getirýär. BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Misturanyň beren beýanatynda Idlibde Gündogar Gutadaky ýaly wakalar gaýtalanan halatynda gumanitar şertleriň Gündogar Gutadakydan alty esse agyr boljakdygyny görkezýär. Idlibdäki we golaýynda oppozision güýçleriň ortadan aýrylmagy Türkiýäniň täsiri astyndaky Afrin, Azaz, Bab, Jarablus ýaly etraplara-da gönüden howp salar.

Hökümetiň häzirki harby güýji Idlibe garşy guralmagy ähtimal harby operasiýasynyň diňe Russiýanyň razylyk bermegi hem-de operasiýa gatnaşmagy bilen amala aşyrylyp bilinjekdigini görkeýär.

Türkiýäniň we Russiýanyň Siriýada eýelän pozisiýalary we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar resmi Moskwanyň Ankara gönüden howp saljak işlere girişme ähtinallygyny azaldýar.

Emma sebite edilen bombardyman hüjümleri Astana tapgyrynda gazanylan ylalaşyga bolan ynamy günsaýyn azaldyp, sebitiň durnuksyzlaşmagyna sebäp bolýar. Idlibe guraljak operasiýalarda Türkiýäniň gözegçilik nokatlaryna geljekde hökümet we hökümeti goldaýan ýaragly toparlar tarapyndan hüjümleriň guralma ähtimallygy bar. Şeýlelikde Türkiýäniň açan 12 sany harby gözegçilik nokady bilen sebite gury ýerden hüjüm guralmagynyň öňi alyndy.

Hökümetiň Idlibe giň gerimli operasiýa guramak üçin harby güýjüniň ýeterlik bolmandygy we şol çäkde esasanda Russiýa bilen Eýrana doly garaşlydygy görülýär. Russiýanyň täsiri astyndaky Siriýanyň hökümetiniň Idlibe hüjüm guramak baradaky kararynyň Russiýa bilen Eýranyň razyçylygy bolmazdan iş ýüzüne geçmejekdigini aýtmak ýerlikli bolar. Hökümetiň Idlibe hüjüm guramak baradaky kararynyň Russiýanyň tassyklamagy we goldamagy netijesinde iş ýüzüne geçip biljekdigi mälim.

Türkiýe Idlib boýunça ruslar bilen geçirjek gepleşikleri 3 milliona golaý asuda ilatyň ýaşaýan ýerini gumanitar pajygadan halas etme tagallasydyr. Sebite guraljak howa hüjümlerinde Türkiýäniň Russiýanyň we hökümete degişli howa güýçleriniň Siriýanyň howa giňişligindäki hüjümlerini duruzmagy mümkin bolmandygy üçin diplomatik ýollardan hüjümleri mümkin gadar azaltmak üçin iş alyp barýar.

Şeýle-de radikal guramalaryň Idlibdäki güýjüni azaldyp, Russiýanyň we hökümetiň sebitde operasiýa guramak üçin öňe sürýän bahanalary ellerinden alynmaly.

Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi we Astana tapgyrynyň tamamlanyp, syýasy çözgüdiň tapylmagy taýdan Türkiýäniň oppozisionerleri birleşdirmegi möhüm. Edil şonuň ýaly hem hökümetiň we ýaranlarynyň Idlibe garşy howa hüjümini guramakdan el çekmekleri, howa hüjümlerini bes etmekleri möhüm. Emma hökümetiň Idlibdäki oppozisionerleri ortadan aýyryp, harby taýdan Siriýanyň oppozisiýasyny we  rewolýusener güýçlerini dolulygyna täsirsiz ýagdaýa getirmek isleýändigi görülýär. Astana we Soçi tapgyrlaryna laýyklykda dowam edýän konstitutsiýanyň täze tekstiniň ýazylmagy we ediljek degişli başlangyçlarda-da hökümete basyş faktory hökmünde dowam etdirilmeli.

Idlibiň goralmagy Türkiýe taýdan bosgun akymyndan goranmakdan, FKH we ZDH zolaklaryndaky pozisiýasyny, PKK-nyň Siriýadaky bölegi bolan PÝD/ÝPG garşy alynyp barylýan göreşden Siriýanyň geljegi baradaky gepleşiklerdäki pozisiýasyna çenli ähli ugurda möhüm ähmiýete eýe.



Degişli Habarlar