Global Perspektiwa 35 Diňe dogry pozisiýa eýelemek/Gözýetim ýeterlikmi?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

1040271
Global Perspektiwa 35  Diňe dogry pozisiýa eýelemek/Gözýetim ýeterlikmi?

Diňe dogry pozisiýa eýelemek/Gözýetim ýeterlikmi?

Gepleşigimiziň ozalky sanlarynda günbatar bilen bilelikde gabat gelýän faktorlara, adalgalara, meselelere ejizlik psihikasyna boýun egmezden, eýe bolan gymmatlyklarymyza laýyklykda, analitik çäkde ynamly garaýyş bilen çemeleşilmelidigine ünsleri çekipdik.

Eýsem dogry pozisiýa eýelemek, dogry gözýetim ýeterlikmi? Diňe bir dogry garaýyş bilen meselelerimizi çözüp bilermikäk?

Munuň sebäpleri nämekä eýsem?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Dogry pozisiýa eýelemek, gözýetim, perspektiwa şübhesiz ähli meseleleriň çözülmeginde, maksada ýetmekde belkem esasy faktordyr. Gidýän ugrumyz ýalňyş bolsa, näçe dogry zat etsek edeliň, dogry maksada ýetip bilmeris. Beýleki tarapdan ýalňyş maksat ýaly, maksadyny bilmezlik hem uly mesele. Gitjek ugruny bilmeýän gämä ýeliň haýry bolmaz. Şol sebäpli durmuşda başdan geçirilýän ähli kynçylyklara, duş gelýän faktorlara, adalgalara görä ilki bilen dogry pozisiýa eýelemegiň, perspektiwa eýe bolunmalydygy ikiuçsyzdyr. Emma başga hiç zat etman, diňe dogry pozisiýa eýelemek ýeterlikmikä? Bu barada durlup geçilmeli. Çünki köplenç diňe diskussiýalaryň, eýe bolunan intellektual tejribäniň ýeterlikdigi çaklanylýar. Konkret önümçilige, işlemäge gönükdirmeýän kafeleriň burçlarynda, kiçijik toparlaryň düzüminde bolýan intellektual diskussiýalardan uly tama edilýär. Yslam dünýäsiniň meseleleri diňe bir dogry pikirlenmek bilen çözülermikä? Pikir bilen näçe ýol geçilip bilnerkä?

Pikirler elbetde gymmatly. Adamzat taryhyny özgerden uzak möhletde elbetde düşünjeler. Şonuň bilen birlikde şol pikirler iş ýüzüne geçmeýän, teoriýada galýan däl, iş ýüzüne geçirilýän pikirler. Durmuşy ugrukdyrýan obstrakt pikirler däl, şol ugurda äden konkret ädimlerimiz.

Dogry pozisiýa eýelemäge, gözýetime eýe bolmsak hem şol gözýetime laýyklykda nämedir bir zatlary özgertmäge synanşmasak, gözýetimimiz özümizden başlap daş-töweregimizde we ýerleşýän sferamyzda konkret bir zatlary özgertmeýän bolsa, diňe bir gözýetim bilen näme üýtgär?

Gözýetimimiz giň we gowy bolup biler, emma oturan ýeriňizde oturmaga, ýatan ýeriňizde uklamaga dowam edip bileris. Şol sebäpli diňe bir intellektual diskussiýalar bilen, iş ýüzüne geçmeýän pikirler bilen, praktika göwni ýetmeýän çemeleşmeler bilen bir zatlaryň özgerjekdigine ynanýan bolsak, özümizi aldatmakdan başga zat etmeýäris diýmekdir.

Beýleki tarapdan durmuşdan üzňe, diňe bir şirmaýydan minaralar gurup ýa-da ýapyk getdonyň içinde näderejede dogry gözýetime eýe bolunjakdygy hem jedelli mesele. Praktikadan, durmuş tejribesinden daşda, şirmaýy minaralarda dörän pikirler köplenç zyýanly bolýar. Taryh, gynansagam durmuş tejribesinden üzňe bolan pikirleriň ýetiren zyýanlary bilen doly. Durmuşyň çarhyny duruzyp, durmuşdan üzňe, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap aljak we bir gezekde orta goýuljak gözýetim, elhenç netijeleri ýüze çykaryp biler. Şol sebäpli dogry pozisiýa eýelemek ýa-da gözýetim diňe bir durmuş tejribesi bilen birlikde, durmuşyň içinde we durmuşyň içinden döredilip bilner. Yslam dininiň gelişi hem şeýledir. Yslam dini bir gezekde we obstrakt görnüşde däl, birnäçe wagtyň dowamynda we köplenç konkret wakalar bilen baglanşyklykda dolulygyna durmuşyň içinde geliş tapgyryny tamamlady.

Şu günki günde eýe bolunmaly çemeleşme, edilmeli iş, ýörelmeli ýol barada ähli zada garamazdan uly näbelliligiň içinde däl. Başlangyç ýörelgeler belli. Şu günki günde esasy meselelerden biri dogry perspektiw bilen aýakdaş gitmeýän, diskurslarymyza laýyk bolmadyk işlerimiz. Ýany bilen diskurslarymyzyň talap edýändigine garamazdan netijesizligimiz. Aýdýanlarymyza laýyk iş alyp barmaýanlygymyz.

Eýsem durmuş port we jähtdir. Jäht aksiýa, amal, gaýrat, tagalla we göreş. Jähdiň, göreşiň bir görnüşi hökmünde söweş manysynda jihad, şu günki günde seýrek gerek bolan şertdir. Muňa garamazdan gündelik durmuşda näme edýän bolsak has gowusy üçin tagalla etmek, has gowy, prinsipial, dogry, ýerlikli bolan üçin göreşmeli, tagalla etmeli. Ýagny gowyny, dogryny aýtmak ýeterlik däl. Şonuň üçin her ähli ugurda bar güýjümiz bilen göreşmeli.

Başda soran soragymyza gaýdyp gelenimizde bolsa, şübhesiz dogry pozisiýa eýelemek, dogry perspektiwa ähli maksada ýetmek üçin esasy şertdir. Çünki ýalňyş gözýetim maksadymyzdan çetleşdirip, bizi apada sezewar edip biler. Ýalňyş pozisiýa eýelemek, niýet näçe gowy bolanda-da ähli ýagşy niýetleri we duýgulary ortadan aýyrar. Emma dogry gözýetim ýa-da pozisiýa hem bizi halas etmez. Dogry gözýetim diňe bir başlangyçdan ybarat. Netije getirýän zat, dogry pozisiýa, maksada alyp gidýän perspektiwe eýe bolup, ädilen konkret ädimler we şoňa laýyklykda edilen işler.

Eýsem şu günki günde dogry perspektiwa laýyk gelmeýän, özümizde özgertmeli zadymyz, esasy kemçiliklerimiz nämelerkä? Öz ýalňyşlarymyzy görmän, köplenç mamla hem bolsak, diňe başgalarynyň ýalňyşlaryna gönükmek bilen mesleleri çözüp bilermikäk? Ýerimizden turup, şem ýakmasak, diňe tümlügi tankyt etmek bilen ýagtylyk gelermi? Bular bolsa başga bir gepleşigiň temasy.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar