Aktual Analiz 28

Türkiýe we Türk ýaragly güýçleri has-da güýçlendi

1012351
Aktual Analiz 28

 

Türkiýe geçen ýyllaryň dowamynda goranyş senagatynda uly ösüşler etdi. Köp sanly ýarag ulgamyny we ok-därini ýerli şertlerde öndürmegiň hötdesinden gelen türk goranyş senagaty bir tarapdan Türk ýaragly güýçleriniň daşary ýurtlara bolan garaşlylygyny azaldýar, beýleki tarapdan bolsa türk ykdysadyýetine we daşary syýasatyna möhüm goşant goşýar. Türk goranyş senagatynyň ösüş tapgyrynyň taryhy uzak ýyllardan gözbaş alýan hem bolsa, Adalat we ösüş partiýasynyň 2002-nji ýylda häkimiýet başyna gelmeginden soň depgini has-da güýçlendi. Geçen ýyllaryň dowamynda önüdirilen ýarag ulgamlary bilen Türkiýe we Türk ýaragly güýçleri has-da güýçlendi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň goranyş senagatynda eden ösüşleri netijesinde köp sanly guryýer ulaglary, deňiz ulaglary, awiasiýa we kosmos, söweş we elektronik ulgamlar, ýarag ulgamlary, radar we elektronik söweş, logistika we tälim ugurlarynda iňňän möhüm ösüşler edildi. “KIRPI”, “BMJ EFE”, “KAÝA”, “PARS”, “EJDER”, “EJDER ÝALÇYN”, “KOBRA” WE “URAL” ýaly üstünlikli sowutly ulaglary öndüren türk goranyş senagaty, ulaglary bir tarapdan türk ýaragly güýçlerine gowşurýan bolsa, beýleki tarapdan-da daşary ýurtlara eksport edýär. Esasanda terrorçylyga garşy göreşde başarnygyny subut etmeginden soň türk sowutly ulaglary daşary ýurtlarda has-da uly gyzyklanma döretmäge başlady. Türk önümleriniň NATO-nyň standartlaryndan hem ýokary bolmagy, önümçilik gymmatynň pes bolmagy we daşary ýurt satuwynda syýasy talaplaryň öňe sürülmezligi türk önümlerine halkara bazarlarynda isleg bildirilmegine sebäp boldy. Türkiýe guryýer ulaglarynda gazanan üstünligine deňiz we howa ulaglarynda hem ýetmegiň hötdesinden geldi.

Türk goranyş senagatynyň milli şertlerde öndüren “MILGEM” deňiz ulaglary we “ATAK” dik uçarlary türk goranyş senagatynyň taryhyndaky iň uly satuwlary amala aşyrmagyň hötdesinden geldi. Türkiýeden Pakistana 1,5 milliard dollarlyk 30 sany “ATAK” dik uçarynyň satylmagy hem türk ykdysadyýetine hem-de Türkiýe-Pakistan gatnaşyklaryna uly goşant goşdy. Pakistanyň “ATAK” dik uçarlarynyň alynmagy baradaky şertnama gol goýmagyndan soň Türkiýede 4 sany “MILGEM” gämisiniň alynmagy barada hem ylalaşyga gol çekişilmegi Türkiýäniň taryhynda bir gezekdäki iň uly goranyş senagaty eksportynyň amala aşyrylmagyna şert döretdi.

Türkiýäniň howa ulaglarynyň öndürilmeginde gazanan ünstünliginiň beýleki bir görkezijisi bolsa ýaragly we ýaragsyz “BAÝRAKTAR” uçarmansyz howa ulagy. Katarda geçirilen “DIMDEX 2018” sergisiniň çäginde Katara 6 sany “Baýraktar TB2” uçarmansyz howa ulagynyň eksporty üçin ylalaşyk gazanyldy. Sergide şol bir wagtda “BMJ”, “AMAZON”, “KIRPI”, “EJDER ÝALÇYN”, “AKID” harby tälim gämisi “Ares” dürli görnüşlerde göçme platformalar we “Ýonja Onuk MRTP-24/u” eksport edip, jemi 700 million dollarlyk ylalaşyga gol çekişilendigi habar berildi.

Türk howa ulaglarynyň üstünligini görkezýän beýleki bir görkeziji bolsa Ukraina bilen Türkiýäniň arasynda Ukraina “BARAKTAR” uçarmansyz howa ulagynyň satylmagy we bilelikde fabrik açmak üçin ylalaşyk habarnamasyna gol çekişilmegi.

Goranyş senagatynyň gazanan üstünligini görkezmek taýdan “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary iňňän möhüm harby operasiýalar. Türk ýaragly güýçleriniň DAIŞ-e we PKK/ÝPG-ä garşy göreşen operasiýalarynda türk goranyş senagatynyň öndüren tehnikalary öňe saýlanypdy. Türk goşunynyň Siriýadaky agyr şertlere garamazdan iki operasiýada hem üstünlik gazanmagynyň esasy sebäplerinden biriniň goranyş senagatyndaky ösüş bolandygy ikiuçsyzdyr.

“Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalarynyň dowamynda türk goranyş senagatynyň ulaglarynyň we enjamlarynyň islegleri doly kanagatlandyrmagy Türkiýäniň garaşsyzlygyny güýçlendirendigini görkezýär. Iki operasiýada-da öňe saýlanan 6 sany ýerli önüm bardy. Şolar; Milli pyýada tüpeňi, Gaubisalar, Baýraktar ýaragly uçarmansyz howa ulaglary, ATAK dik uçarlary, EJDER ÝAlÇYN we KIRPI.

Türk esgeriniň milli pyýada tüpeniňi ulanmagy, Siriýadaky nyşanalaryň ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan kesgitlenip, ýok edilmegi, gaubisalaryň Türkiýe serhedinden Siriýadaky nyşanalary derbi dagyn etmegi, ATAK dik uçarlarynyň Afrin ýaly daglyk meýdanda terror pozisiýalaryna garşy netijeli peýdalanylmagy, EJDER ÝALÇYN we KIRPI sowutly ulaglarynyň türk esgerini terror hüjümlerinden goramagy aslyna seredilende türk goranyş senagatynyň iň uly synagydy. Türk goranyş senagatynyň öndüren ýarag ulgamlarynyň söweş meýdanynda üstünlikli ulanylmagy halkara arenasynda goranyş senagaty üçin uly görkezlişdir.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar