Global Perspektiwa 27 Ýiten Medeniýetiň Yzyna Düşen Gezende: Fuat Sezgin

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

1005558
Global Perspektiwa 27 Ýiten Medeniýetiň Yzyna Düşen Gezende: Fuat Sezgin

 

Ýiten Medeniýetiň Yzyna Düşen Gezende: Fuat Sezgin

Ömrüni musulmanlaryň döwrebap ylymlara goşant goşmagyna bagşeden alym, professor Fuat Sezgin 94 ýaşynda aradan çykdy. 94 ýyllyk ömründe gazanan üstünligi we goýup giden mirasy şeýle köp welin, tas birnäçe adamyň ömründe hötdesinden geljegindenem köp diýsek ýalňyşmarys. Fuat Sezgin üznüksiz işleýän sagat ýaly, ömür boýy işledi we hamala diýersiňiz sagat ilkinji gezek duranda dünýeden öten ýaly.

Eýsem beýik alymyň tapawudy nämedi?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Fuat Sezgin 1924-nji ýylda Bitlis welaýatynda dünýä inýär. Başlangyç dini sowadyny we arap dilini etrap müftisi bolup işlän kakasyndan öwrenýär. 1943-nji ýylda Stambul Uniwersitetiniň Edebiýat fakultetiniň Şarkşynaslyk institutynda okuwa başlaýar. Ol ýerde nemes gündogary öwreniji Helmutt Ritter bilen tanyşýar.

Käte erbetlikden bähbit döreýär..

Fuat mugallym ylmy işlerini dowam etdirýärkä 1960-njy ýyldaky hökümet agdarlyşygyndan soň köp sanly alym bilen bilrikde uniwersitetden çykarylýar. Ýeke-täk etmişi doganynyň Demokrat partiýanyň welaýat bölüminiň başlygy bolmagydy. Mugallym 36 ýaşynda, entek ýaş alymka Türkiýede işsiz we çäresiz galýar. Emma hemişekisi ýaly dogruçyl, işeňňir we öndüriji adamlara ýurtlarynda ähli ýollar ýapylýan hem bolsa, dünýäniň başga ýerlerinde hökman başga mümkinçilikler döreýär. Fuat mugallym uzak ýyllar soň gabatlaşanlarynda özüni uniwersitetden çykaran ofiserlere sagbolsun aýdýar: “Eden işleriňizi we syýasatyňyzy goldamaýaryn. Emma size sagbolsun aýdýaryn. Çünki meni uniwersitetden çykarmadyk bolsadyňyz, Germaniýadaky ylmy barlaglarymy geçirip bilmezdim”.

Ähli mümkinçilikler elinden alyndan soň Amerikadan we Germaniýadan çakylyk gelýär. Türkiýä ýeňillik bilen gelip-giderin diýlen pikir bilen Germaniýany saýlap alýar. Ol ýerde geçiren barlaglary bilen yslam ylmy taryhy, ylym taryhy taýdan belkem dünýäniň iň abraýly adamyna öwrülýär.

Taryhda musulmanlar ýokmudy?

Fuat mugallymyň ömür beýanyna ser salanymyzda ylymda bütin dünýäni zabt etjek serkerde ýalydyr. Ol kitaphadan beýlekisine ylgaýar. Başga hiç zat bilen gyzyklanmazdan onlarça ýyl diňe ylmy barlaglar bilen meşgullanýar. Ol günorta naharynda köplenç çöregiň arasynda goýulan peýnir bilen bal iýendigini gürrüň beripdi.

Fuat mugallymy adatdan daşary gaýratlylyk bilen işlemäge gönükdiren zat ňämekä eýsem? Ylyma goýýan hormaty ýaly şu günki günde käbir töwereklerde henizem bar bolan ýaşan döwründäki “ylmy” düşünjedir: Musulmanlaryň döwrebap ylymlara goşandynyň bolmandygy, döwrebap ylmyň we tehnologiýanyň gadymy grek hem-de ondan soň Ýewropadaky wakalara bagly bolandygy baradaky düşünje. Şol nädogry düşünje bilen entek başlangyç mekde başlan aýynda tanyşýar. Mugallym: “Başlangyç mekdebe başlan aýymyň ikinji ýa-da üçünji hepdesinde bize dünýäniň togalakdygyny gürrüň beren zenan mugallymamyz musulman alymlarynyň dünýäniň bir öküziň şahynda durandygyna ynanýandygyny öwredipdi. Men biçäre çaga 30 ýyl soň musulmanlaryň ekwatoryň uzynlygyny entek 9-njy asyrda birnäçe usul bilen 40 müň kilometre çenli ölçäp bilendiklerini öwrenjegimi nähili bilip bilerdim?” diýýär.

Fuat mugallym ömrüni bagşeden işleri bilen tebigy ylymlara we köp sanly tehnologik açyşlara musulman alymlarynyň goşandyny aç-açan ýüze çykardy. Musulman alymlarynyň özboluşly goşandy bilen birlikde gadymy greklerdäki ylmyň we pelsepäniň hem musulman alymlar saýasynda biziň günlerimize ýetirilendigini subut edýär.

Bulara garamazdan durmuş taryhda galmaýar. Fuat mugallymyň şu günki günde yslam ylymlarynyň taryhy boýunça eden işleri taýdan köp sanly günbatar ýurdunyň musulman ýurtlaryndan has öňdedigi baradaky kesgitlemesi iňňän gynandyryjy.

Şahsyýeti, çemeleşmesi we goşantlary

Fuat Sezgin Ritteriň garaýyşlarynyň we iş kadasynyň täsirinde galýar. Ilkinji duşuşygynda Ritteriň agzap geçen musulman alymlaryndan käbirleriniň adynam eşitmändi. Onuň  bilen işlemäge başlanda Ritter günde näçe sagat işleýändigini soraýar. Ritter, Fuat mugallymyň “13-14 sagat işleýärin” diýen jogabyna; “Beýle işlemek bilen alym bolmarsyň” diýip jogap berýär. Mugallym soň garraýança iş sagadyny 17-18-den aşak düşürmeýär. Şeýlelikde mugallymyň häsýeti barada aýdyljak ýekeje zat, ýadamak-ýaltanmak bilmeýän işeňňirligi.

Fuat mugallymda ünsi çekýän beýleki bir zat soňky asyrlarda ýygy gabat gelinýäniň tersine alymlara we musulman medeniýetine, günbatara ýa-da beýlekilere garşydaşlyk bilen çemeleşmezligidir. Fuat mugallym musulman alymlarynyň has güýçli bolan döwürlerindäki ynama eýedi. Şol sebäpli haýsy dilde gepleşýändigine, haýsy dine uýýandygyna we etniki gelip çykyşyna garamazdan adamlar bilen işleşýärkäk ylmy maglumatyň ýüze çykarylmagynda, toplanmagynda, adalaty berjaý etmekde iňňän ynamdar çemeleşýär.

Şübhesiz mugallymyň musulman alymlarynyň ylym we tehnologiýa goşan goşantlary barada jiltlerçe eserleri iňňän gymmatly. Şonuň bilen birlikde mugallym diňe bir alym däl. Şol bir wagtda bu ugruň döredilmegi üçin gazna we institut açan adam. Ol hem ýetmeýär, musulmanlaryň ylyma we tehnologiýa goşant goşantlarynyň has takyk bilinmegi üçin Frankfurtda we Stambulda Yslam ylym we tehnologiýa taryhy muzeýlerini açýar.

Iki Germaniýa

Fuat mugallymyň durmuşynda Germaniýa giň orun tutýar. İlki bilen 1960-njy ýyldaky agdarlyşyk sebäpli çäresiz galan ýyllarynda özüne mümkimçilik döreden Germaniýa ylym taryhy iňňän köp zat borçly. Fuat mugallym hem öz minnetdarlygyny ýygy-ýygydan beýan edýärdi. Germaniýa şol ýyllarda ynamly hereket eden, hiç hili göwni çökgünlige sezewar bolmazdan işlerine goldaw berdi. İne şol sebäpli Germaniýa minnetdarlyk bildirilmeli. Emma Germaniýanyň şu günki günde ýeten sepgidi ozalky çemeleşmesinden daşda. Dolulygyna öz mümkinçilgi bilen açan kitaphanasyny Türkiýä göçürmäge karar berenden soň oňa garşy “kitaplaryny öz haýryna geçirendigi” günäkärlemesi bilen iş gozgaldy. Ömrüniň ahyrynda şol ýerdäki kitaphasynyň gapysyna gulp asyp, mugallymyň kitaphana girmegini gadagan etdiler. Fuat mugallym bulara garamazdan meseläniň syýasylaşmazlygy üçin tagalla edip, meseläni gün tertibine getirmedi.

Ýakyn geçmişe çenli türk we musulman dünýäsi Fuat mugallymy ýeterlik tanamaýardy. Çünki bu dünýä birnäçe asyrdan bäri nämeleri ýitirendigine doly ýetirmändigi üçin Fuat mugallymyň näme tapandygyny hem bilmeýärdi. Fuat mugallym eden işleri, ýazan makalalary bilen bütin dünýäden alymlar üçin uly alow ýakyp dünýeden ötdi.

Jaýy jennetden bolsun!

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar