Global Perspektiwa  Ýewropadaky Çökgünlik

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

915549
Global Perspektiwa   Ýewropadaky Çökgünlik

 

Ýewropadaky Çökgünlik

Pikir edip görüň, ýaşaýan ýurduňyzda bäş Hristiýan ýa-da ýehudi ýakylyp öldürilse, dünýä nähili reaksiýa bildirerdi? (Fransiýada ýakylma sebäpli 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda 3 sany türk çagasy bilen 5 musulman ýanyp, jan berdi.) Ýa-da ýurduňyzdaky buthanalara, sinagoglara ýylda onlarça hüjüm guralsa, oda berilse? (Germaniýada 2015-nji ýylyň soňky çärýeginde metjitlere 24 gezek hüjüm guraldy. http://gocwakfi.org/almanyada-cami-saldirilari/).

Haýsydyr bir ýurtda şeýle wakalaryň bolmagy elbetde islenmez. Bu soragy soramagyň özem adamy gynandyrýar. Emma şeýle wakalar ýaşaýan ýurduňyzda bolsa ýurduňyzyň howpsyzlygy, hak-hukuklaryň we azatlyklaryň basgylanmagy, tapawutly ýaşaýyş durmuşlarynyň howp astyndadygy bütin dünýä habar berlip, ähli adamlaryň aňyna guýulardy. Siz hem utanjyňyzdan kelläňizi göterip bilmezdiňiz. Emma alada etmäň, bu wakalar siziň ýurduňyzda däl, Ýewropa ýurtlarynda bolýar. Şol sebäpli ne siz onuň parhyna barýaňyz, ne-de dünýä!

Gymmatlyklar döredýän Ýewropa

Ýewropa ozal beýle däldi. Esasanda 2-nji Jahan urşunyň gussaly tejribeleri bilen hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge, ylalaşyga üns berýän Ýewropa bardy. Şol oňyn garaýyş Ýewropa Bileleşigini ýüze çykardy. ÝB hem oňyn hyzmatdaşlyk bilen hem öz içinde hem-de sebitinde faşizm, nasizm ýaly rasist garaýyşlaryň ortadan aýrylmagy, demokratik gymmatlyklaryň höweslendirilmegi, adam hukuklary, hukugyň üstünligi, sosial we ykdysady erkinlikleriň ösdürilmegi ýaly ugurlarda uly ösüş etdi. Şu günki sepgitde şol gymmatlyklary ýeke-ýekeden ýok edýän hem bolsa, ÝB-niň ýakyn geçmişde şol gymmatlyklara goşan goşandy ünsden düşürilmeli däl. Jorj Fridmanyň: “Ýewropadaky Çökgünlik” atly kitabynda 1945-1991-nji ýyllaryň aralygynda Ýewropanyň gazanan üstünligini Ýewropa bilen däl, eýsem ABŞ-nyň we Russiýanyň Ýewropany parahatçylygy zorlamagy bilen düşündirýän hem bolsa, men oňa goşulmaýaryn. Ýewropanyň gam-gussalardan netije çykaryp, has ýörelgeli syýasat alyp barandygy we sebitine goşan oňyn goşandy inkär edilmeli däl.

Içine çekilýän, gorkularyna boýun egen, howp emele getirýän Ýewropa

Emma ýetilen sepgitde gynansagam şeýle Ýewropa ýok. Ýewropa günsaýyn daşary ýurtly garşydaşlygynyň, bosgun duşmançylygynyň ýaýbaňlanýan ýerine öwrülýär. Faşist we nasist partiýalaryň sesleri barha artýar. Rasist partiýalar indi hökümete şärik bolýar. Parasatly liderler barha azalýan bolsa, gözýetimsiz liderler barha köpelýär. Tapawutly ýaşaýyş durmuşlaryna, olaryň ybadathanalaryna edilýän hüjümler indi habar hökmünde-de görülmeýär.

Jemgyýetçilik barlaglar bosgunlaryň günsaýyn jemgyýetden çetleşdirilýändigini görkezýär.

Syýasy partiýalar ýurdy has ýagty geljege ýetirjek oňyn güntertibi bilen däl, eýsem bosgun garşydaşlygy arkaly ýaramaz güntertibi bilen häkimiýet başyna gelmegiň kül-külünde. Awstriýa mysalynda bolşy ýaly “gosgunsyzlyk” wadasy bilen häkimiýet başyna geçip bilýär. Awstriýanyň duçar bolan bosgun “howpynyň” Türkiýäniň ýüzden biriçe hem ýokdugy göz öňünde tutulanda, Ýewropa nähili gorka boýun egendigi gynançly ýaly görlüp bilner (Türkiýäniň kabul eden 3,5 million bosgunynyň ýüzden biri 35 müň bolýar).

Rasionallygyň ortadan aýrylmagy

Ýurtlar wagtal-wagtal şeýle çökgünlikleri başdan geçirip bilerler. Şeýle halatlarda döwlet edaralary we öňden görüji liderler has parasatly syýasatlar bilen çökgünligiň çuňlaşmagynyň öňüni alýarlar. Münkin bolsa ýurtlaryny çökgünlikden halas edýärler.

Emma bosgunlara, musulmanlara, türklere görkezýän reaksiýalaryna, yzgiderli häsýetde olary günäkärleýji çemeleşmelerine garalanda Ýewropanyň aňynyň durandygyny aýdyp bileris. Özüne bolan ynamyny, rasionallygyny ýitiren Ýewropa bar. Skolastik döwri ýeňip geçmek üçin ýüze çykaran ýagtylygy ejizläne meňzeýär.

Ýewropa günäni bosgunlara ýöňkemeli däl

Bu aslyna seredilende Ýewropanyň çökgünligi. Bosgunlar, musulmanlar, türkler Ýewropada uzak ýyllardan bäri ýaşaýarlar. Sanlary beýle köpem däl. Bosgun toparlar ýaşaýyş durmuşlaryny aşa özgertmedi. Ýewropa umumy gymmatlyklary ýüze çykaran döwürlerinde şol halklara has oňyn çemeleşen bolsa, häzirki döwürde has günäkärleýiji we çetleşdiriji çemeleşýän bolsa meseläniň Ýewropa sebäpli emele gelendigini görmek gerek. Çökgünligiň özeninde Ýewropada başdan geçirilýän ykdysady durgunlygyň, globallaşmadan ýeterlik gazanyp bilmezligiň we Ýewropanyň köp şahsyýetli, plýuralist geçmişiniň bolmazlygynyň durýandygyny aýdyp bileris.

Ýewropa 2-nji Jahan urşundan ozal hem şuňa meňzeş çökgünlige sezewar bolupdy. Sezewar bolan çykgynsyzlygy sebäpli öz çökgünligini görmedik Ýewropa ýehudileri mesele hökmünde görmäge başlapdy. Tapawutlyklardan gorkýan we günsaýyn howp düşünjesini giňelden Ýewropa öz çökgünliginiň sebäbini ýehudilerden görmäge başlady. Ýehudilere edilenlerden soň Ýewropanyň 2-nji Jahan urşy bilen özüni, sebitini we dünýäni oda bermegi çökgünligiň ýehudiler bilen bagly bolmandygynyň anyk subutnamasydyr. Emma Ýewropanyň özi bilen ýüzleşmezliginiň jerimesini bütin dünýä çekdi. Şu günki günde-de bosgunlar we musulmanlar arkaly Ýewropa özüni hem-de öz geljegini ara alyp maslahatlaşýar. Bosgunlara we musulmanlara garşy çäklendiriji, olaryň erkinliklerini daraldyjy syýasatlary iş ýüzüne geçirýärler. Olara, ýaşaýyş durmuşlaryna, ybadathanalaryna edilýän hüjümler görmediksirelýär. Ýewropaly intelligentleriň, alymlaryň, döwlet adamlarynyň ýaňadandan şol taryhy we öldüriji ýalňyşlygy goýbermezlik üçin meselä dogry çemeleşmekleri iňňän möhüm.

Ýewropa sezewar bolan çökgünliginden halas bolup bilermi? Onuň üçin ilki bilen çökgünligiň bosgunlaryň, musulmanlaryň ýa-da türkleriň däl, öz çökgünligidini görmeli we özi bilen ýüzleşmeli. Ýewropanyň öz çökgünligini ýeňip geçjekdigine men umyt bilen garamaýaryn. Emma bu ol başga bir makalanyň temasy.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar