Möwlanany Hatyralama Güni

Pikirzada we şahyr Möwlana Jelaledddin Rumyny hormat bilen hatyralaýarys

869369
Möwlanany Hatyralama Güni

 

 

Anadolynyň iň bir sarpa goýulýan adamy, pikirzada we şahyr Möwlana Jelaledddin Rumyny hormat bilen hatyralaýarys. Onuň aýdyşyna görä ölümi, söýgülä gowuşan güni. Aglamagy, gynanmagy gadagan eden Möwlananyň Anadolynyň gözýetiminde ýaňlanýan sözleri häzirki döwürde diňe bir Türkiýede däl, dünýäniň çar tarapyndan eşidilýär. Her ýyl 17-nji dekabrda Konýada geçirilýän Şebi Aruz dabarasyna dünýäniň çar tarapyndan müňlerçe adam onuň “Kim bolsaň bol, ýene-de gel” diýlen çagyryşyna laýyklykda gelýär. Adama sarpa goýýan pelsepesi bilen dünýämizi ýagtyldan Möwlanany ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýarys.



Degişli Habarlar