Prezident Erdogan Pars aýlag ýurtlaryna sapar gurady

“Siz Yslam dünýäsine hyzmat etmek üçin uly tagalla edýärsiňiz”

674077
Prezident Erdogan Pars aýlag ýurtlaryna sapar gurady

 

Prezident Erdogan Pars aýlag ýurtlarynyň günortasyndaky üç ýurdy öz içine alýan 4 gün dowam etjek resmi saparyna ýekşenbe güni Bahreýiniň paýtagty Manamadan başlady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň Bahreýine guran resmi saparynyň çäginde Türkiýe bilen Bahreýiniň arasynda 4 hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişildi.

Prezident R. T. Erdoganyň we Bahreýiniň Şasy Hamim Bin isa Al Hanifiň gatnaşmagynda geçirlen gol çekişlik dabarasynda ady agzalýan şertnamalara Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albraýrak we Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk gol goýdy.

Prezident Erdogana ýokarda ady agzalýan hyzmatdaşlyk şertnamalary baglaşylmazdan ozal Bahreýiniň ýokary derejeli Şyh İsa Bin Salman Al Halife medaly gowşuryldy.

Prezident Erdogan medalyň gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde “Türkiýe gowy we erbet gününde Bahreýine goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Prezident Erdogan “Türkiýede başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygynyň yzy ýanynda awgust aýynda guran saparyňyz bilen kyn günümizde bize goldaw berdiňiz. Bu gezek hem dost topraklarda Bahreýiniň ýokary derejeli medaly bilen sylaglandyrmak bilen bizi buýsandyrdyňyz” diýdi.

Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi” Men bu medaly hem türk hem-de bahreýiniň halkynyň dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýärin. Gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin edýän tagallalaryňyzdan hoşal”.

R. T. Erdogan “Musulmanlar bir binanyň kerpiçleri ýalydyr. Türkiýäniň we Bahreýiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin iki ýurt uly tagalla edýär. Sebitimiziň asudalygy, durnuklylygy we ýagty geljegi üçin birlikde işleşjekdigimize ynanýaryn” diýip belledi.

Bahreýiniň Şasy Hamim Bin isa Al Hanif hem Prezident Erdogana Bahreýiniň ýokary derejeli nyşanyny gowşurýarka “Siz Yslam dünýäsine hyzmat etmek üçin uly tagalla edýärsiňiz” diýdi.

Prezident R. T. Erdogan duşenbe güni Pars aýlag ýurtlary bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegi maksat edinýän saparynyň çäginde Saud Arabystanyna bardy.

Siriýada dowam edýän içerki uruşda oppozisionerlere goldaw berýän iki sünni güýjüň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar.

Ýekşenbe güni Pars aýlag ýurtlaryna gurajak saparynyň öňüsyrasynda Bahreýine gitmezinden öň beýanat beren Prezident R. T. Erdogan türk esgerleriniň we siriýaly oppozisionerleriň Ab Babyň merkezine çenli girendiklerini nygtady.

Saud Arabystanynyň Şasy Salmanyň 2015-nji ýylda häkimiýetiň başyna gelmeginden bäri Riýat bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklardaky dartgynly günlerden soň gatnaşyklar ýaňadandan pugtalanmaga başlady. 2016-njy ýylyň aprel aýynda Saud Arabystanynyň Şasy salman Türkiýede saparda boldy. Prezident Erdogan Saud Şasy Salmany döwlet nyşany bilen sylaglandyrdy.

Türkiýede İnjirlik harby bazasynda terror guramasy DAİŞ-e agza terrorçylara garşy ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleri tarapyndan guralýan operasiýa Saud Arabystanynyň harby uçarlary hem gatnaşýar.

Duşenbe güni Bahreýine guran saparynyň çäginde beýanat beren Prezident Erdogan Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi çagyryşyny beripdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr hem geçen hepde Ankarada iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen döredilen Utgaşyklyk geňeşiniň ilkinji maslahatynda sözlän sözünde Saud Arabystany bilen Türkiýäniň Siriýa meselesinde şol bir garaýşa eýedigini aýdypdy.



Degişli Habarlar