Kameron Britaniýanyň ýoluna täze lider bilen dowam etmelidigini aýtdy

Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak barada ygtyýar beýan etmegi Premýer ministr Dewid Kameronyň iş başyndan gitmek baradaky kararyny hem ýany bilen alyp geldi

517500
Kameron Britaniýanyň ýoluna täze lider bilen dowam etmelidigini aýtdy

“Bileleşigiň düzüminde galalyň” diýen Kameron, çykan netijeden soň Britaniýanyň ýoluna täze lider bilen dowam etmelidigini aýtdy.

Premýer ministr Kameron Britaniýanyň agzalykdan çykmak baradaky kararyndan soň ÝB-ne agzalykdan çykmak baradaky Lissabon ylalaşygynyň 50-nji maddasyny dessine güýje girizme niýetiniň bolmandygyny beýan etdi.

“Halkyň ygtyýaryna sarpa goýulmaly” diýen Kameron “ýurdumyzy täze ugruna alyp gitjek kapitan hökmünde galmagym ýerlikli bolmaz” diýdi.

ÝB-den çykmak baradaky gepleşikleriň täze lider bilen geçirilmelidigini nygtan Kameron, häkimiýet başyndaky Konserwatiw partiýanyň oktýabr aýyndaky gurultaýynda täze lideri, şeýlelikde täze premýer ministri saýlamalydygyny aýtdy.

Kameron Britaniýada ýaşaýan ýewropalylar we Ýewropada ýaşaýan inlisler üçin gysga möhletde üýtgejek zadyň bolmajakdygyny hem beýan etdi.

Britaniýada geçirilen taryhy referendumda ilkinji resmi netijelere görä halkyň 51,9 göterimi ÝB-ne agzalykdan çykmak üçin ses berdi.

Hünärmenler kararyň ýurdy belli bir möhlet durgunlyga sezewar edip biljekdigini beýan edýärler.

Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan dolulygyna çykmagynyň 2 bilen 10 arasynda dowam etmegine garaşylýar.

Britaniýanyň ÝB-ne agzalykdan çykmak baradaky kararyndan soň Germaniýa ÝB-niň esaslandyryjy 6 agzasyny şenbe güni nobatdan daşary duşuşyga çagyrdy.

Duşuşygyň daşary işler ministrleriniň derejesinde bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar