Germaniýa Garşy Bilelikdäki Jarnama

Germaniýanyň Federal mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar meselesinde ara alyp maslahatlaşjak karar taslamasy barada çap eden bilelikdäki jarnamasy

502481
Germaniýa Garşy Bilelikdäki Jarnama

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary işler komissiýasynyň jarnamasy

"Germaniýanyň Federal mejlisiniň asylsyz emeni garaýyşlaryna goldaw berýän karar taslamasyny 2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda sese goýulşyga hödürlejekdigi nygtaldy. 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda taryhy hakykatlara we halkara hukuga bap gelmeýän taslamany berk ýazgarýarys we kabul etmeýäris.

101 ýyl ozal 1-nji jahan urşunyň iň agyr günlerini başdan geçiren we türkler bilen ermenileriň uly kynçylygy başdan geçirmegine sebäp bolan wakalaryň bir taraply ýagdaýda beýan edilmegi, ýoýulmagy we subýektiw ýagdaýda ele alynmagy we “genosit” hökmünde hödürlenmegi asla kabul edilip bilinmez.

Genosit syýasy maksatlar üçin ulanylmaly adalga däl. Halkara hukukda açyk aýdyň ýagdaýda kesgitlenen jenaýatdyr. 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň “genosit”digini subut edýän kaziýetiň hiç hili kararynyň bolmaýşy ýaly, bu meselede haýsydyr bir ylalaşygyň bardygy hakynda söz etmek hem mümkin däl. Bu Ýewropada adam hukuklary kaziýetiniň 2015-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Perinçek hakynda Şweýsariýada gozgalan kaziýet işiniň karary bilen hem subut edilendir.

Nemes halkynyň Halkara hukuga we Ýewropanyň hukugyna garamazdan Germaniýanyň Federal mejlisiniň 1915-nji ýylda başdan geçirýän wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin gün tertibine almagynyň jogabyny sorajakdygyna  ynanýarys.

Federal mejlisiň gün tertibine getiriljek taslama Germaniýada ýaşaýan 3 million türkiň utgaşyklygyna goşant goşup bilmez. Tersine halkara hukuga bap gelmeýän taslama türkler bilen nemesleriň arasyndaky jebislige ýaramaz täsirini ýetirer.

Türkler bilen ermeniler asyrlardan bäri agzybirlikde ýaşan iki halk we biri-birine goňşy iki döwletdir. TBMM 2015-nji ýylda bir agyzdan kabul eden jarnamasy bilen bu tutumyny ýene-de bir gezek görkezdi we taryhda başdan geçirlen wakalaryň barlanmagy üçin Bilelikdäki taryh komissiýasynyň döredilmegini teklip etdi.

Germaniýanyň Federal mejlisi  eger Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýän bolsa şol teklibe goldaw bermeli. Federal mejlisiň  karar taslamasy gatnaşyklaryň pugtalanmagyna däl eýsem diňe geljek nesillere duşmançylyk we ar almak duýgusyny miras goýmakdan başga maksada hyzmat edip bilmez.

Federal mejlisiň taryhy ýoýmagyň däl eýsem taryhy hakykatlaryň barlanmagyna goldaw berip uly jogapkärçiligi öz üstüne almagyna garaşylýar.

Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga zeper ýetirjek taslamanyň Federal mejlisde kabul edilmezligine garaşýarys.

Taslamanyň kabul edilmezligi gatnaşyklaryň esasy görkezijisi bolar."



Degişli Habarlar