Türkiýäniň göreşi..

Türkiýe terror guramasy PKK-a garşy göreşini dowam etdirer

451184
Türkiýäniň göreşi..


Türkiýe kürt raýatlary bilen birlikde ähli raýatlaryny goramak üçin terror guramasy PKK-a garşy göreşini dowam etdirer. Türkiýe terror guramasy DEAŞ-e garşy hyzmatdaşlygyň esasy agzalaryndan biri bolmaga dowam eder.

13-nji martda Ankarada ýene-de terrorçylykly hüjüm guraldy. Türkiýe bir tarapdan DEAŞ-e beýleki tarapdan hem PKK-a garşy tutanýerli göreş alyp barýandygy üçin halkara terrorçylygyň nyşany ýagdaýyna geldi. Şuňa meňzeş hüjümler sebäpli emele gelen haosa we terrora garamazdan Türkiýe terrora garşy alyp barýan syýasatyndan asla ýüz öwürmez.

Terror guramasy DEAŞ we PKK tarapyndan guralýan şuňa meňzeş hüjümler 5 ýylyny dolduran Siriýadaky içerki urşuň netijeleridir. Türkiýe-Siriýa serhedinde hyzmatdaş güýçleri tarapyndan DEAŞ-e guralýan hüjümler sebäpli DEAŞ Türkiýä basyş etmek üçin türk şäherdir etraplaryna hüjüm guraýar. DEAŞ Türkiýäni açyk aýdyň ýagdaýda özüniň duşmany we täze nyşanasy hökmünde yglan etdi. Hatda guramanyň internet saýtlary Türkiýäni we Prezident R. T. Erdogany yslam dininiň duşmany hökmünde häsiýetlendirdi.

PKK hem şuňa meňzeş taktika alyp barýar. Diýarbakyr, Hakkari, Şyrnak we Mardin ýaly ýaly Türkiýäniň günorta gündogar welaýatlarynda çykgyndyz ýagdaýa gelendigi üçin Ankara ýaly uly şäherlerde hüjüm guraýar. Şeýlelikde halkyň gorkmagyny, dowla düşmegini we hökümetiň PKK-a garşy alyp barýan syýasatyndan ýüz öwürmegini isleýär. Emma Türkiýe ne DEAŞ ne-de PKK tarapyndan abanýan howpa boýun eger.

Günbatar dünýäsi DEAŞ we PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-nyň ýaragly topary ÝPG-ny biri-birlerine garşy söweşýän ýaly görkezýän bolsa-da aslynda hemmesi birlikde Türkiýä garşy hereket edýär. Terror guramalarynyň ikisi hem Türkiýäniň boýun egmegi üçin biri-birine meňzeş taktikalary ulanýar. İkisi hem köp sanly adamy öldürmek bilen öz talaplaryny kabul etdirmek üçin syýasy atmosferanyň üýtgejekdigine ynanýar.

Biz ýogalanlarymyzyň ýasyny tutup, hüjümde ýaralananlar we hossarlary bilen gyzyklanýarkak, Siriýada dowam edýän içerki urşy we PKK-nyň muny öz bähbidi üçin ulanýandygyny görmelidiris. Resmi Ankara birnäçe wagtdan bäri diňe özi üçin däl eýsem Ýakyn Gündogar ýurtlary we Ýewropa üçin hem Siriýadaky içerki urşuň howplydygy barada duýduryş berýärdi. Halkara jemgyýetçiliginiň Siriýananyň halkyny goramakda we Siriýada akýan gany durdurmakda ýeterlik derejede netije alyp bilmändigi göz öňünde tutulan halatynda terror guramasy DEAŞ-iň Belgiýada, Fransiýada we Tunisde hüjüm guramagy gutulgysyz ýagdaýa geldi.

Siriýa sebäpli ýüze çykan bosgun krizisi Ýewropada uly kynçylyga öwrüldi. Bosgun akymynyň haçan we nähili ýagdaýda gutarjakdygy Türkiýe, Gresiýa, Brýussel we Ýewropanyň galan bölegi üçin jogap berilmegi kyn sorag hökmünde gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär. Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Ýewropaly liderler bilen geçiren gepleşikleri Ýewropanyň çar tarapyna bosgun akymynyň gönükdirilmegi üçin uly mümkinçilik döretdi. Emma esasy mesele Türkiýe ýada grek adalary däl eýsem Siriýa…

Ankaranyň PKK hakyndaky adalary ýene-de bir gezek subut edildi. Günbatarly analitikler Siriýadaky içerki urşy PKK-nyň öz bähbidi üçin ulanýandygyny görmek islemeýär we muny DEAŞ-a garşy göreş ady bilen amala aşyrýar. Emma PKK-nyň Türkiýedäki çözgüt etabyny bökdändigi hakykatdyr we Siriýadaky söweşden ýerlikli peýdalanmak isledi.

PKK-ly liderleriň geçen ýyl yzygiderli ýagdaýda beýan edişleri ýaly Siriýada içerki uruş dowam eden halatynda PKK hem ýaragyny taşlamaz. Bu ýerde näme üçin? Diýlen sorag ýüze çykýar. Çünki siriýadaky içerki uruş türk döwletine garşy bolan ýaragly göreşi üçin halas ediji bahana hökmünde ulanýarlar. PKK we onuň Siriýadaky bölümi DEAŞ-e garşy göreş bahanasy bilen terrorçylykly hüjümlerini güýçlendirmek bilen dowam etdirýar. Türkiýede aksiýalaryny dowam etdirýän PKK-ly terrorçylaryň Siriýada PÝD-nyň gözegçiligi astyndaky ýerlerden harby enjam kömegini alýandygyny hemmeler diýen ýaly bilýär.

Käbir toparlar Türkiýäniň Siriýadaky içerki urşy DEAŞ-e garşy göreşiň çäginde PKK meselesini gün tertibine getirmegini tankyt edýär. Hatda Türkiýäni ünsleri DEAŞ-e garşy göreşden PKK-a gönükdirmäge synanşmak bilen günäkärleýär.

17-nji fewralda we 13-nji martda guralan hüjümler bilen beýleki hüjümler Türkiýede PKK-nyň nähili howplydygyny görkezýär. Türkiýe üçin howply bolan PKK meselesini gün tertine getirmek DEAŞ-e garşy göreşde ünsleri başga tarapa gönükdirmek tagallasy manysyny aňlatmaýar. Tersine Türkiýe PKK-nyň we DEAŞ-iň howply terror guramalarydygyna ünsi çekýär. Käbir toparlaryň şol ýönekeý hakykaty görmezligi bolsa utandyryjy…

1980-njy we 1990-njy ýyllarda dünýä derejesinde Al Kaida ýaly terror guramalary bar mahaly Beýik Britanyýanyň hökümetiniň İrlandiýa Respublikasynyň ýaragly güýçleri İRA terrona gönükmegine hiç kim garşy çykmady.

PKK we DEAŞ meselesinde Türkiýäniň tutumy hem şondan tapawutly däl. PKK-nyň günbatarly ýurtlarda däl eýsem diňe Türkiýede hüjüm guramagy ony howpsyz terror guramasy ýagdaýyna getirmeýär.

Türkiýe kürt raýatlary bilen birlikde ähli raýatlaryny goramak üçin terror guramasy PKK-a garşy göreşini dowam etdirer. Türkiýe terror guramasy DEAŞ-e garşy hyzmatdaşlygyň esasy agzalaryndan biri bolmaga dowam eder.



Degişli Habarlar