Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramyna bagyşlanan ýörite gepleşik

279653
Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy

Şu gün ýaşlarymyza sowgat edilen Ýaşlar we sport baýramy bellenilip geçilýär.
1-nji jahan urşunda Türkiýäniň ýeňilmegi bilen Osman döwleti bilen söweşe gatnaşan hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda Mondros ýaraşyk şertnamasyna gol çekişilýär. Ýaraşyk şertnamasy şu günki Türkiýe Respublikasynyň territoriasynda iş ýüzünde ykrar edilýär. Emma soň Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde Mondrosda berlen sözleriň ýerine ýetirilmändigi sebäpli Gresiýanyň ýaragly güýçleri İzmir şäherini basyp alýar. Gysga wagtda Stambula gelen iňlis flodyna degişli harby gämiler Osman patşasynyň ýaşaýan Dolmabahçe köşgüniň golaýynda lawryny taşlaýar. Asyrlaryň dowamynda garaşsyz ýaşan, 3 materikde höküm süren türk halky üçin gara günler başdan geçirilýärdi. Soltan Wahdettin Mustafa Kemal serkerdäni köşge çagyrýar. Soltan Wahdettin Çanakgala urşunyň gahrymanlaryndan Mustafa Kemal serkerdäni harby goşunyň derňewçisi hökmünde Anadola ugradýar. 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsuna baran Mustafa Kemal halkyň bogun egmejekdigini dosta duşmana görkezmek üçin milli azat edijilik söweşini başladýar.
Mustafa Kemal Amasýada çap eden jarnamasy bilen halky basyp alyşlyga garşy göreşe çagyrýar. Halk Siwas we Erzurum kongreslerinde Musta Kemala goldaw berýär. Stambula iňlis esgeriniň gelmegi, mejlisiň dargadylmagy we halk deputatlarynyň tussag edilmegi sebäpli basyp alyşlyk astyndaky Stambuldan alysda milli mejlisiň gurulmagy pikiri döreýär. Erzurumda Ankarada mümkin gadar gysga wagtda garaşsyz millet mejlisiniň gurulmagy barada karar kabul edilýär. 1920-njy ýylyň 23-nji aprelinde Ankarada Millet mejlisi jemlenişýär. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi harby goşunyň görkezen gahrymançylygy sebäpli 1922-nji ýylyň 30-njy awgustdynda basyp alyjy güýçleri ýeňmegi başarýar.
Mustafa Kemalyň Samsuna baran güni Milli azat edijilik söweşiniň başlangyjy hökmünde kabul edilýär. Ýaşlar we sport baýramy ilkinji gezek 1935-nji ýylyň 24-nji maýynda “Atatürk güni” hökmünde bellenilip geçilýär. 19-njy maý ilkinji gezek Beşiktaş sport komandasynyň ýolbaşçylyk etmeginde we Fenerbahçe stadionynda Galatasaraý sport komandasynyň türgenleriniň gatnaşmagynda bellenilip geçilýär. 1938-nji ýylyň 19-njy maýynda şol gününiň Ýaşlar we sport baýramy hökmünde bellenilip geçilmegi barada karar kabul edilýär. 1980-njy ýyldan soň bolsa “Atatürki hatyralama Ýaşlar we sport baýramy” hökmünde bellenilip geçilýär. Şol gün Türkiýäniň çar tarapynda dürli sport çäreleri geçirilýär. Türgenler ýüzünde “Ýaşlardan Atatürk söýgüsi bilen Prezidente” diýlip ýazylan we “Söýgi baýdagy” hökmünde atlandyrlan Türkiýäniň baýdaýy Samsundan Ankara getirilýär. Şu ýyl hem 19-njy güni Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada Prezident R. T. Erdogana gowşurlar.
19-njy maý bir tarapdan Milli azat edijilik söweşiniň serkerdesi Mustafa Kemal serkerde hatyralanýarka, beýleki tarapdan ýaşlara we sporda berilýän ähmiýetiň nygtalmagy taýdan möhümdir. 19-njy Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramyňyz gutly bolsun.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar