NATO-nyň döredilen gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

Şu gün gysgaça NATO atlandyrylýan Demirgazyk Atlantik Ylalaşygy Guramasynyň döredilen güni.

225452
NATO-nyň döredilen gününe bagyşlanan ýörite gepleşik

Şu gün gysgaça NATO atlandyrylýan Demirgazyk Atlantik Ylalaşygy Guramasynyň döredilen güni. Günbataryň harby goranyş we hyzmatdaşlyk maksatly guramasy hem harby hem syýasy özboluşlyga eýe. Harby güýç we duşmanlara, terror hem-de beýleki howplara garşy ýüz öwürdijilik syýasy güýji artdyrýar. Syýasy güýç bolsa şol bir wagtda 2-nji Jahan urşunda üstün çykan günbatar ýurtlary ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň başda durmagyndaky günbatarlylyk adalgasyny hem öz içine alýar. Günbataryň garşydaşy bolan 2-nji Jahan urşunyň ýeňijilerinden Sowet Soýuzynyň öňbaşçylygyndaky Gündogar blogy bolsa goranyş mehanizminiň döredilmeginiň esasy sebäbidi.

2-nji Jahan urşundan soň başdan geçirilen etapda uruşda ýok bolan infrastruktura we ýurtlaryň ösüş islegi bilen Belgiýa, Britaniýa, Fransiýa, Gollandiýa we Lýuksemburg tarapyndan 1948-nji ýylyň 17-nji martynda gol çekişilen Brýussel Ylalaşygy NATO-nyň döredilmeginiň başlangyjy hasaplanylýar.
Ykdysady bileleşik we umumy syýasat alyp barýan tagallalary syýasy hem-de harby bileleşigiň döredilmegini mejbury ýagdaýa getirdi. Şol islegi kesgitleýän syýasy atmosfera Sowet Soýuzynyň Ýewropanyň ýarysyny basyp alma gorkysy goranyş guramasynyň döredilmeginiň düýp sebäbini emele getirdi. Sowet Soýuzy tarapyndan günbataryň gözegçiligi astyndaky Berline goýlan çäklendirme şol tagallalaryň depginini güýçlendirýär. 1948-nji ýylyň sentýabr aýynda günbatar Ýewropa bileleşiginiň goranyş mehanizminiň döredilmegine karar berilýär. Şol bileleşige ABŞ-nyň gatnaşmagy bilen Soweý Soýuzynyň öňündäki harby güýç deňagramlygy ýola goýuldy. Şol hyzmatdaşlyk arkaly Günbatar Ýewropada Germaniýada, Fransiýada, İtaliýada we beýleki ýurtlarda geljekde ýüze çykmagy ähtimal harby güýçlenmäniň hem-de täze bir Jahan urşunyň ýüze çykmagy howpy hem ortadan aýrylýar. Geçirilen syýasy geňeşmelerden soň 1949-njy ýylyň 4-nji aprelinde ABŞ-nyň Waşington şäherinde Demirgazyk Atlantik Ylalaşygyna gol çekişilýär. Ylalaşyga gol goýanlaryň hatarynda Brýussel ylalaşygyna tarap bolan bäş döwlet bilen ABŞ, Daniýa, İtaliýa, İzlandiýa, Kanada, Norwegiýa we Portugaliýa hem bardy. NATO-nyň ilkinji baş sekretary Lord İsmaý 1949-njy ýylda beren beýanatynda guramanyň maksadynyň “Ruslary daşarda, amerikalylary içerde we nemesleri aşakda saklamakdygyny” nygtady. Hyzmatdaşlygyň döredilmegi hem günbatarda hem-de gündogarda giň seslenme döretdi. Hyzmatdaşlygyň özüne garşy döredilendigine göz ýetiren Sowet Soýuzy bilen günbataryň arasynda uzak ýyllar dowam etjek Sowuk uruş hem başlaýar. İki blok beýleki tarapdan-da ýaraglanmaga dowam edýär, bäsdeşlerini güýçden gaçyrjak tagallalara girişýärdi. İçalylaryň iki taraply göreşleri Sowuk uruş boýunça dowam etdi.
Günbatar jemgyýetiniň NATO dolulygyna oňyn garaýandygyny aýtmak nädogry bolar. Käbir izlandiýalylar 1949-njy ýylyň mart aýynda bitaraplyk üçin we agzalyga garşy aksiýalara gatnaşdylar. Beýleki ýurtlarda syýasy diskusiýalar dowam etdi. Emma olar hyzmatdaşlygyň biziň günlerimize çenli dowam etmeginiň öňüni alyp bilmedi.

NATO-nyň döredilmeginden soň Atlantikçilik atlandyrylan we Demirgazyk Amerika bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýan garaýyş ýüze çykdy. Günbatar Ýewropa we Demirgazyk Ýewropa esasanda ABŞ bilen Kanadanyň arasynda syýasy, ykdysady hem-de goranyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýan garaýyş hökmünde kesgitlenjek Atlantikçilik, häzirki wagtda-da güýjini gorap saklaýar. Maksatlarynyň arasynda agza ýurtlaryň howpsyzlygyny, durmuş abadançylygyny üpjün etmek we olary jebisleşdirýän gymmatlyklary goramaklyk bar.
Hyzmatdaşlygyň agzalary birine guralan ýaragly hüjümi ähli agzalara guralan hasaplajakdyklary barasynda ylalaşdylar. Ýaragly hüjüm guralan halatynda her bir agza hüjüme sezewar bolan agza kömek berer we gerek bolan halatynda Demirgazyk Atlantika sebitiniň howpsyzlygyny üpjün etmek, goramak üçin ýaragly güýçden goldaw alyp biler. Ylalaşyk agzalaryň hüjümi gurana harby aksiýa bilen gaýtawul bermegini talap etmeýär. Gaýtawul berilmegi mejbur bolan halatynda-da agzalar onun nähili amala aşyryljakdygyny kesgitläp bilerler. Bu, Brýussel ylalaşygynyň gaýtawulyň harby boljakdygy baradaky 5-nji maddasyna bap gelmeýär. Ýene-de NATO-nyň agzalarynyň haýsydyr bir hüjüme sezewar bolan agza harby kömek berjekdikleri hasap edilýär. NATO ylalaşygyna laýyklykda agza ýurtlaryň arasynda aragatnaşyk, utgaşykly işleşmek we ähli ulagdyr enjamlaryň standartlaşmagy üpjün edildi. Häzirki wagtda NATO agza ýurtlardan birinde geçirilýän türgenleşikde ulanylýan güllelerden ýaraglara çenli ählisinde utgaşyklyk bar. NATO agza ýurtlardan biriniň esgeri başga ýurduň çäklerinde şol bir ýarag we enjamlar bilen gullyk edip bilýär.
1950-nji ýylda Koreý urşunyň başlamagyndan soň bilelikde hereket eden kommunist ýurtlar NATO-ny bilelikdäki harby meýilnamalary taýarlamaga, bilelikdäki dolandyryş taýarlyklaryna we sebiti giňeltmäge gönükdirdi. Koreý urşuna günbataryň tarapynda gatnaşan Türkiýe we türk esgerleri görkezen edermenlikleri bilen ünsleri çekdi. Dünýäniň çar tarapyndan “Demirgazyk ýyldyzy” kody bilen tanalan türk harby topary bäş müňe golaýdy. 1952-nji ýylda bogazlarda baza we köp sanly özygtyýarlyk soran Sowet Soýuzynyň basyşlary netijesinde Türkiýe günbataryň tarapynda durýar we Gresiýa bilen bilelikde NATO agza bolýar. İki täze agzanyň goşulmagy bilen güýçlenen Demirgazyk Alýansy Sowet Soýuzynyň ýyly deňizlere çykma maksadyny hem ortadan aýyrdy. Sowuk uruş möwjedi. Kommunistik imperializmiň öňi alynyp, propoganda we kosmos bäsleşigine çenli baryp ýeten tehnologik bäsdeşlik başlady. Kuba krizisi we Türkiýä ornaşdyrylan ýadro ýaraglary bilen dartgynlaşan şertler dialog arkaly çözülýär.
Döredilen güni bellenilip geçilýän Hyzmatdaşlygyň çäginde dürli ugurlaryň bardygy, agzalaryň ýekelikdäki isleglerine beýle üns berilmeýändigi ýaly Hyzmatdaşlygy güýçden gaçyryjy käbir tankydy bellikleriň gün tertibine getirilmegine sebäp bolýar. Hyzmatdaşlygyň esasy agzalaryndan biri bolan Türkiýäniň goranyş aladalary bilen beýleki ýurtlaryň aladalary bir däl. Terrorçylyk meselesinde Türkiýäniň uzak ýyllardan bäri başdan geçirýän kynçylyga Hyzmatdaşlygyň käbir agzalarynyň dymmak bilen garamagy, hatda terrorçylaryň öz ýurtlarynda arkaýyn gezmegine, aksiýalary üçin serişde toplamagyny görmediksiremegi haýsydyr bir sebäp bilen düşündirlip bilinmez.
NATO-nyň agzalary Hyzmatdaşlygyň hakyky manysyny orta goýup, terror torlaryny dargatmak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň depginini güýçlendirmeli.
Hyzmatdaşlygy emele getirýän agzalar bu meselelere çynlakaý çemeleşmän halatynda gönüden göni eýeleýän pozisiýalary taýdan agyr netijeleriň ýüze çykmagyna sebäp bolarlar.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar