Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar

Türkiyäniň Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek Katar Ykdyadyýet forumyna gatnaşmak maskady bilen Kataryň paýtagty Doha şäherine bardy

2139784
Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar

Düýn Belgiýanyň möhüm analitik guramalaryndan biri bolan Bruegelde "Türkiye: Ýewropanyň ekosistemasynda ösmek" temaly çäresinde çykyş eden Mehmet Şimşek ol ýerden bolsa Katara geçdi. 

Mehmet Şimşek Doha şäherinde geçirilýän Katar Ykdysadyýet forumynda 2 gün dowam etjek saparyna başlady. 

Forumda "Bäsdeş ykdysadyýetleri emele getirmek" temaly bölüminde çykyş etjek Mehmet Şimşek, şeýle hem maýadarlaryň maslahatlaryna gatnaşar. 

Mehmet Şimşek foruma gatnaşjak ministrler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer. 


Etiketkalar: #Doha , #Katar , #Mehmet Şimşek

Degişli Habarlar